Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň kärendeçileriniň pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.
Sebitleriň ýolbaşçylary ýurdumyzyň ähli zähmetkeşleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy edermen daýhanlaryň uly zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Bu ýere ýygnanalaryň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara, türkmen alkynyň zähmet ýeňişlerine beslenýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň öndürijilikli zähmetleri üçin amatly şertleriň döredilmegine yzygiderli üns bermegi netijesinde döwletimiz oba hojalyk ulgamyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ekerançy daýhanlar mineral dökünleri, ýokary hilli tohum, häzirkizaman tehnikalary bilen elýterli şertlerde üpjün edilýär. Şunuň ýaly maksatnamalýyn çäreler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň artmagy üçin oňyn mümkinçilikleri emele getirdi. Adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitlerde täze amatly ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap derejede enjamlaşdyrylan mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we medeniýet merkezlerini, sport desgalaryny, nusgalyk derejedäki döwrebap obalary gurmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde kabul edilen Kararlar we çözgütler türkmen halkyny has-da ruhlandyrdy. Özleri hakynda edilýän alada netijeli iş bilen jogap berýän zähmetsöýer daýhanlar Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň kärendeçileri ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak maksady bilen batly depginlerde zähmet çekýärler.
Soňra elleri ak pagtadan doldurylan horjunly çagalar toparlary zala girýär. Her welaýata wekilçilik edýän körpeler milletiň Arkadag Liderini “ak altyn” ussatlarynyň gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Olar şanly waka mynasybetli belent ruha beslenen we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän goşgulary okadylar.
Türkmen daýhanlarynyň we welaýatlaryň ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagyny ösdürmek we zähmetsöýer babadaýhanlar hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz tagallalarynda uly üstnlik arzuw etdiler.
Pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň asylly däplerini dowam edýän ýaşajyk artistleriň ruhubelent çykyşlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramynyň şatlygyny äşgär etdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşlar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirp, çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdü.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamy hem sazlaşykly ösüşe eýe bolýar diýip belledi. Ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli işi, dürli oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Obasenagat toplumynyň işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Watan harmanyna tabşyrylýan gallanyň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrýan gallaçylarymyzyň yhlasly zähmetini aýratyn belledi. Zähmetsöýer daýhanlar bu ýyl hem milli baýlygymyz bolan pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, şertlnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geldiler.
Biz mundan beýläk-de türkmen daýhanlarynyň netijeli işi, olaryň ýokary hasyl ýetişdirmekleri we öz zähmetiniň hözirini görüp, bolçulykda ýaşamaklary üçin ähli amatlyklary üpjün ederis. Döwletimiz giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň döredijilikli zähmetleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hakynda edýän aladasy häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarymyzda aýdyň beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Pagtaçy kärendeçileri we ähli oba hojalyk işgärlerini bu şanly waka bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
‘Goý, Watan harmany hemişe doly bolsun, edermen pagtaçylar! Goý, her bir bugdaý dänesi müňe öwrülsin, hormatly gallaçylar!” diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.