Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Horwatiýa Respublikasynyň premýer-ministriniň birinji orunbasary, daşary işler we ýewropa işleri boýunça ministri hanym Wesna Pusiçi kabul etdi.
Hanym Wesna Pusiç öz ýurdunyň ýolbaşçylygynyň adyndan türkmen döwletiniň şu gün bellenilýän şanly senesi – Garaşsyzlygyň 23 ýyllygy bilen gutlap, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Myhman şeýle hem horwat tarapynyň şu ýyl Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini ugur edinýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylygyna mähirli salamyny aýtdy, Türkmenistanyň bu ýurt bilen geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Horwatiýanyň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklamak bilen, hökümet derejesinde, şeýle hem aýry-aýry döwlet we işewür düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdylar. Ileri tutulýan hyzmatdaşlygyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady we ulag ulgamlary, syýahatçylyk we özara gyzyklanma bildirýän beýleki ugurlar görkezildi.
Söhbetdeşleriň pikirine görä, bellenilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin diňe bir ykdysady bähbit däl-de, eýsem, halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça syýasy ynam we özara düşünişmek ýagdaýy däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin kuwwatly binýat bolup durýar.
Hanym Wesna Pusiç türkmen topragynda myhmansöýerlik bildirilendigi üçin hoşallygyny aýdyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň soňky ýyllarda tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ägirt uly gyzyklanmasyna eýe bolan milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň miwelerini görmäge şatdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary, daşary işler we ýewropa işleri boýunça ministri hoşlaşanlarynda, birek-birege ýene bir gezek hoşniýetli arzuwlary aýdyp, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik esaslarynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşyga şeýle hem Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dražen Hrastiç gatnaşdy.