Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň gün tertibini yglan etmek bilen, milli Liderimiz hepdäniň başynda giňden we dabaraly bellenilip geçilen Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 23 ýyllygynyň baýramçylygynyň guramaçylyk derejesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda dabaralaryň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Halkymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleri hemmetaraplaýyn goldaýandygyny, häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine yhlasly zähmet çekýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan uly üstünlikler we zähmet ýeňişleri üçin ähli türkmenistanlylara minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz baýramçylyk çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşan adamlaryň hemmesine öz minnetdarlygyny bildirdi. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mundan beýläk-de ösüp, belent sepgitlere ýetsin. Goý, biziň çagalarymyz we geljekki nesillerimiz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşasyn.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Türkmenistanda ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini düzgünleşdirmek hakynda alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýer tölegleri bilen baglanyşykly meseleleriň maliýe nukdaýnazaryndan düzgünleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady. Munuň özi kärendä berilýän ýeriň rejeli we netijeli peýdalanylmagyny, daşky gurşawyň degişli derejede goralmagyny üpjün eder.
Milli Liderimiz ýer üçin bölegiň we kärende töleginiň hereket edýän tertibini has içgin seljermegiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi
Milli manadymyzyň dolanyşygyna girizilmegine 21 ýyl bolýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagynda milli manadymyzyň durnuklylygynyň berkidilmeginiň, bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň has-da ýokarlandyrylmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýetde ösdürilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň häzirki kanun, çykaryjylyk işi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek barada alnyp barylýan çäre, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde geçirýän düşündiriş we jemgyýetçilik işleri, parlamentara aragatnaşyklaryny giňeltmek boýunça ädilýän ädimler hakynda habar berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýändigi, şonda döwletliligiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagyna, durmuş-ykdysady meseleleriň çözülmegine, medeni-bilim işiniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine we daşky gurşawyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine degişli kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garamagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
“Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Bu esasy maliýe-ykdysady resminama milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidir.
Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen birlikde dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunyň ileri tutulmagy boýunça amala aşyrýan syýasaty bilen baglylykda işlenip düzülýän kanunçylyk resminamalarynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, bu işi häzirki tapgyrda ýurdumyzy ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara hukugy boýunça ählumumy ykrar edilen kadalary berk göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň guralmagyna degişli meselelere ünsi çekip, saýlawlaryň demokratiýa mahsus ýagdaýda guralmagynyň barşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny, bu saýlawlaryň guramaçylyk we syýasy taýdan ýokary derejede hem-de ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, açyklyga we aýanlyga mahsus ýörelgelere geçirilmelidigini, raýatlaryň öz erk-islegini erkin beýan etmegine mümkinçilik döredilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, gurulýan Söwda-senagat edarasynyň binasynyň we Mejlisler merkeziniň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.
Mejlisler merkezi toplumy paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Mejlisler merkeziniň binasynda medeni we halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Türkmenistanyň Söwda- senaga edarasynyň Çandybil şaýolunyň ugrunda peýda bolan täze edara binasynda hem halkara ähmiýetli çäreleri, şol sanda ýokary derejedäki çäreler geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Onuň uly mejlisler zalynda 1 müň 600 hem-de 4 müň adamyň gatnaşmagynda iri forumlary geçirmek bolýar. Mundan başga-da, binada 600 orunlyk kiçi mejlisler zaly, sergi zallary, iş otaglary, beýleki degişli otaglar bar.
Häzirki wagtda binalar toplumynda umumy gurluşyk, timarlaýyş işleri tamamlanyp, bezeg işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzdaky möhüm desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň, täze desgalarda gurluşyk işlerini ýokary hilini üpjün etmäge hem-de olaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda Mejlisler merkezini hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, olaryň daşky we içki bezeglerinde milli bezegleri giňden ulanmaga degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny doly ýygnap almak we güýzlük däne ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar. Galla meýdanlaryna ilkinji ösüş suwy we haşal otlardan arassalamak işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň kärendeçileri şaly oragyny, Mary we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary bolsa gant şugundyryny ýygnamak işlerini alyp barýarlar. Ýygnalan gant şugundyryny meýdanlardan daşamak üçin tirkegli traktorlaryň 290-sy we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalar hereket edýär.
Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyşky möwsüme taýýarlygyň çäklerinde agyllary abatlamak we ýeterlik derejede ot-iým gorlaryn döretmek işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda obasenagat toplumyny özgertmek işleriniň oňyn netije berýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Beýleki ekinlerden alynýan hasylyň möçberleri artdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hil derejesinde we öz wagtynda ýerine ýetirlmeginiň möhümdigini bellemek bilen, geljekki bol hasylyň möhüm şerti bolan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere oba hojalygynyň maldarçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebigaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda talyplara döwrebap bilim bermek maksady bilen gurulmagy meýilleşdirilýän binanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat serişdeleri we ylmy mümkinçilikleri arkaly milli ykdysadyýetimizde öňdäki orny eýeleýändigini belledi. Pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirkizaman tehnikasyny ulanmak ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda nebitgaz senagaty üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, milli Liderimiz gurulmagy meýilleşdirilýän desganyň taslamasynyň ähmiýetini, onuň ugur edinýän wezipesini kesgitlemek hem-de toplumda hünärmenleriň bilim derejesini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan meseleleri jikme-jik öwrenmegi hem-de olary döwrüň talabyna laýyk derejede işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa noýabr aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna baglyşlanyp, taýýarlanylan nyşanyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guraljak dürli medeni çäreleri geçirmegiň uly maksatnamasy taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda noýabr aýynda bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralar bar.
Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertler, teatr oýunlary, mowzuklaýyn sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere öňümizdäki baýramçylyk çärelerini we täze desgalaryň açylmagy mynasybetli medeni-köpçülikleýin dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Olaryň ählisi türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz şeýle hem Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek halkara medeni çärelerini geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanylan nyşanyň taslamasy barada hasabat berip, Lebap welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň ähli halkymyzyň begençlerini, şatlygyny goşalandyrandygyny belledi. Türkmenistanlylar milli Liderimiziň durmuşa geçirýän, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga, dostlugy hem-de doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer syýasatyny doly goldaýarlar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna taýýarlanan nyşanyň taslamalarynda Türkmenistanyň döwlet ugrunyň hut şu ýörelgelerini açyp görkezmek göz öňünde tutuldy. Nyşanyň taslamalarynda Döwlet tugumyzyň, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň, parahatçylygyň, agzybirligiň nyşany, buşlukçysy bolan ak kepderiniň hem-de Ýer şarynyň şekilleri ulanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslamasyny makullap, bu möhüm senä baglyşlanyp guraljak çäreleriň ählisine ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Milletler bileleşigi tarapyndan Türkmenistana berlen hemişelik bitaraplyk derejesi türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan parahatçylyk söýüjiligi alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, bizi üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna ýetmäge – ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga işjeň ýardam etmäge borçly edýär. Bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we şu ýylyň 11-13-nji noýabry aralygynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Öňümizdäki foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan degişli ministrlikleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, görnükli alymlar we ylmy işgärler, interaktiw kompýuter tehnologiýalaryny, döwrebap programma üpjünçiligini, dürli okuw gollanmalaryny döretmek babatda işleýän daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar. Wise-premýer şeýle hem ylmy maslahatyň gün tertibi we foruma gatnaşjak myhmanlar üçin medeni maksatnama barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, guralýan halkara serginiň we maslahatyň Türkmenistanyň bilim we sport ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezmek, bu ulgamda dünýä tejribesini öwrenmek üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Forumlaryň geçirilmegi hyzmatdaşlygy giňeltmäge, täze gatnaşyklary ýola goýmaga we umuman, ýurdumyzyň bilim we sport ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri has-da ilerletmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň, köpçülikleýin sportuň ösdürilmeginde we bu düzmleriň ähli ulgamlarynyň kämilleşdirilmeginde geçirilýän halkara çäreleriniň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejede geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer himiýa pudagynyň önümçilik düzümini tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan himiýa senagatynyň Türkmenistanyň gaýtadan işleýän ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we täze enjamlary ornaşdyrmak boýunça uly serişdeler goýberilýär. Olar bolsa içerki bazar hem-de daşary ýurtly sarp edijiler üçin ýokary hilli mineral dökünleriniň we beýleki himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.
Milli Liderimiz pudagyň önümçilik desgalaryny üpjün etmek üçin döwrebap enjamlary seçip almak boýunça seljeriş işlerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe bellikleri aýtdy we wise-premýere bu ugurda geçirilýän işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça geçirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu ýol Türkmenistanda awtoulag ýollaryny ösdürmek, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň köpşahaly ulgamyny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, multimodal ulag ulgamyny döretmek babatda ileri tutulýan taslama hökmünde kesgitlenildi. Bu strategiki desganyň gurluşygynyň buýrujysy Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, potratçysy bolsa “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilmeli gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, paýtagtymyzy we deňziň kenaryndaky şäheri baglanyşdyrýan ýoluň, şeýle hem bu ugur boýunça ulag gatnawlarynyň gerimini giňeltmegiň ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiz wise-premeýere bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek, ilkinji nobatda, ýokary tizlikli hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi degişli inženerçilik çözgütlerinde öz aýdyň beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, möhüm pudaklaýyn düzümleriň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer demir ýol pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de kuwwatlandyrmaga ýardam berjek milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hereket edýän ulag ulgamynyň netijeli işlemegine gönüden-göni baglydygyny belledi.
Demir ýol ulgamynda pudaklayn düzümleri döwrebaplaşdyrmak hakynda gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm desgalaryň taslamalarynyň dünýä ülňüleriniň derejesine gabat gelýän giň gerim bilen amala aşyrylýandynyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäginden geçýän transmilli gatnaw ugurlarynyň möhüm bölegi bolan täze “Türkmenistan-Gazagystan-Eýran” halkara demir ýolunyň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe ýurdumyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň 6-7-nji noýabrda göz öňünde tutulýan resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ýokary derejede geçiriljek türkmen-türk gepleşikleriniň gün tertibine taraplaryň özara hoşmeýilli erkine, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň we uzak möhletleýinliginiň ýörelgelerine, şeýle hem doganlyk iki halkyň taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy däp-dessurlarynyň umumylygyna esaslanyp, däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň girizilendigi bellenildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüniň ýetirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňüde tutulýar. Özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösdürilmegini, dürli ugurlarda möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem medeni-gumanitar ugurda türkmen-türk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegi muňa aýdyň subutnamasydyr.
Hasabatda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň, şonda hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň hem-de olar boýunça anyk çözgütleriň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň we Türkiýäniň giň gerimli hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugra ygrarlydygyny tassyklaýandygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ikiktaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürilýän döwletlara türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi. Milli Liderimiz häzirki eýýamda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gatnaşyklaryň mynasyp derejede dowam etdirilýändigini belledi. Häzirki wagtda türkmen-türk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetirildi, muňa iki döwletiň we halklaryň geljekde-de dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklary, köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çalt depgin bilen ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparyna taýýarlyk görülmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi, bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze we möhüm ähmiýetli sahypa bolup ýazylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow Italiýanyň Milan şäherinde indiki ýylyň 1-nji maýy—31-nji oktýabry aralygynda geçiriljek Bütindünýä “EKSPO-2015” atly sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň “EKSPO-2015” sergisi döwründe milli bölümini gurmak we dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleler we hyzmatlar boýunça özara gatnaşyk etmek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylan birnäçe desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň “EKSPO-2015” ýaly iri möçberli sergä gatnaşmagy ýurdumyzyň ýeten derejesini we üstünliklerini halkara jemgyýetçiligine hödürlemäge, şol bir wagtyň özünde bolsa dürli pudaklarda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli düzümleriň sazlaşykly işini utgaşdyrmagy talap etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň mümkinçilikleriniň durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygy babatynda has-da artýandygyny belläp, bu ugurda hususy kompaniýalaryň oňyn tejribe toplandygyny we bäsdeşlige ukyply häsiýete eýe bolandygyny aýtdy hem-de bu ýagdaýyň daşarky bazara çykmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçileriň kärhanalarynyň hojalyk hem-de işewür başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere söwda-ykdysady ulgamda döwletiň hem-de hususyýetçiligiň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisi jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.