Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministrini kabul etdi

view-icon 705
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň daşary işler ministri Pawel Klimkini kabul etdi.

Myhman pursatdan peýdalanyp, ýakynda bellenip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli Ukrainanyň Prezidentiniň we Hökümetiniň adyndan mähirli gutlag sözlerini we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýetirdi. Olar milli Liderimize we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk we özýygtyýarly ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurduň ýolbaşçylaryna we ukrain halkyna salam ýollady.

Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany hem-de Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Pawel Klimkiniň belleýşi ýaly, bütin dünýäde bolşy ýaly, Ukrainada hem türkmen Lideriniň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna, hususan-da, energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we hemmetaraplaýyn goldaýarlar.

Dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ägirt uly gyzyklanmanyň bardygy hakynda aýtmak bilen, Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçysy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary görkezildi. Ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan şol ugurlaryň ösdürilmegine uly üns berýär.

Özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde myhman onuň milli we sebit ähmiýetli täze bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Häzir Türkmenistanda işleýän ukraina kompaniýalary şol gatnaşyklaryň ösmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

Iki ýurduň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine hyzmat edýän medeni-gumanitar gatnaşyklary has-da berkitmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl şanly wakalaryň ikisiniň – döredijilikleri bütin dünýäde meşhur we çuňňur sarpalanýan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hem-de beýik ukraina şahyry Taras Şewçenkonyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň giňden baýram edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow gatnaşdy.