Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibinde oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň, sebitleriň we paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň barşy, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Şeýle hem ol häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň barşy barada aýratyn durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, esasan-da, täze döredilýän döwrebap obalaryň ilatyna edilýän hyzmatyň derejesini döwrüň talabyna laýyk guramak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, welaýatyň Derweze etrabyndaky “Täze zaman” obasynda ähli degişli hyzmatlaryň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş ulgamyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmalydygyny aýratyn nygtady.
Obasenagat pudagyny ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýratyn belledi. Meýdanlarda galan hasyly ýygnap almak boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz kärendeçileriň şertnamalaýyn borçnamadan artyk ýygnan hasylyny öz islegine görä, döwlete tabşyrmagy ýa-da birža söwdalarynyň üsti bilen erkin ýerläp bilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, munuň pagtaçylara goşmaça girdejileri almaga ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli etraplarynda, edara-kärhanalarynda Hasyl toýuny mynasyp garşylamak üçin ähli tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýylyň ähli paslynda dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilýän mümkinçilikler hem-de sebitiň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler hakynda durup geçdi.
Mundan başga-da, häkim “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň türkmen-eýran serhetindäki böleginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Esasan-da, bu dabaranyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli düzümleriň durmuşa geçirýän çäreleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň durmuş ulgamyny we senagat düzümini pugtalandyrmagyň, olary döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmegiň öňde durýan esasy wezipelerdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mallaryň dok we ýyly gyşladylmagynyň, ekerançylyk meýdanlarynda işleriň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylmagynyň döwrüň möhüm meselesidigini belläp, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň gerimini giňeltmek meselelerine degip geçip, ilata ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işlerini dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän gyş möwsümini göz öňünde tutup, sebitiň ýyladyş ulgamynyň talaba laýyk derejede ýola goýulmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş goňşy döwletleriň ykdysadyýeti we umuman, sebit hem-de transkontinental ulag düzüminiň kemala getirilmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan “Demirgazyk-Günorta” halkara polat ýolunyň türkmen-eýran serhedindäki böleginiň açylyş dabarasyna, şeýle hem milli senenamamyzyň baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmäge guramaçylykly we jogapkärçilikldi çemeleşmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük däne ekinlerine ideg işleriniň we pagta ýygymynyň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda möhüm oba hojalyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu işleriň agrotehniki talaplara pugta laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, şeýle hem kärendeçi pagtaçylara şertnamalaýyn borçnamadan artyk ýygnan pagtalaryny erkin ýerlemekde mümkinçilik döretmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurunmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny, sebitde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamynyň göwnejaý işledilmelidigini belledi. Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň hem-de beýleki medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny meýilnamalaýyn esasda alyp barmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük däne ekinlerine edilýän idegiň depginlerini ýokarlandyrmak we meýdanda galan pagtany hem ýygnap almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol möhüm oba hojalyk möwsümleriniň çäklerinde alnyp barylýan agrotehniki çäreler we welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini, mallaryň dok we ýyly gyşladylmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem tutanýerli zähmeti bilen “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdiren babadaýhanlaryň şertnamalaýyn borçnamadan artyk taýýarlan pagtasyny biržanyň üsti bilen satmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, munuň pagtaçy kärendeçilerde has-da yhlasly zähmet çekmäge höwes döretjekdigini belledi.
Welaýatyň çäklerinde bar bolan desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň göwnejaý derejede işlemeginiň möhüm meseledigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu işler bilen bir hatarda welaýatda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň, täze döwrebap desgalaryň gurluşygy, ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl toýuna, beýleki şanly senelere taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi. Ol öz hasabatyny sebitde işleriň ýagldaýy baradaky hasabatdan başlady. Häkim şeýle hem güýzlük bugdaýa ideg etmegiň we pagta ýygymynyň, şeýle hem gant şugundyryny ýygnamak işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem ol sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlerňi depginini ýokarlandyrmagyň, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işlerini talaba laýyk alyp barmagyň, pagta ýygymyny guramaçylykly jemlemegiň, pagtanyň şertnamalaýyn borçnamadan artyk ýygnalan bölegini ýerlemek üçin daýhanlara şertleri döretmegiň we bu babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhüm meselelerdigini belledi hem-de olara örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz sebitiň obasenagat toplumy, dürli maksatly binalary gurmak bilen baglanyşykly wezipeleri öz wagtyndla çözmegiň zerurdygyny nygtap, welaýatyň senagat düzümini ösdürmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime gurluşyk boýunça geljek ýylyň meýilnamasyny taýýarlamagy, öňde boljak şanly seneleri mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitde bar bolan desgalaryň ýyladyş ulgamynyň işiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýratyn belledi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde arassaçylygy, abadançylygy üpjün etmek, seýilgäh zolaklarynyň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgini, şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň şanyna dabaralary guramak, öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki binalaryň inženerçilik-tehniki düzümleriniň, şol sanda ýyladyş ulgamlarynyň saz we bökdençsiz işledilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Durmuş ähmiýetli häzirki zaman desgalarynyň – bilim edaralarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, lukmançylyk edaralarynyň we sport desgalarynyň gurluşyklarynyň ýokary hilini üpjün etmek boýunça wezipeleriň wajypdygyny nygtap, milli Liderimiz olaryň çözülmegine öjrän çynlakaý we jogapkärli çemeleşilmegine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň nusgalyk derejede bolmalydygyny, şeýle hem paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görülmelidigi barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzda bina edilýän desgalaryň baş şäherimiziň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi, olaryň bezeg işlerinde milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşmagynyň döwrüň esasy talabydygyny belläp, bu babatda şäher häkimine anyk görkezmeleri berdi.
Maslahaty dowam edip, döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy. Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Halkymyzyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitlerde, ilkinji nobatda bolsa, oba ýerlerinde degişli döwrebap düzümleriň kemala getirilmegine gönükdirilen bu möhüm maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz durmuş ähmiýetli desgalaryň, ilkinji nobatda, ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet öýleriniň hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşyklary, şeýle hem ilaty suw, elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda ulanmaga tabşyrylan desgalaryň hiline seljerme geçirmegi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryň käbir ýerlerde bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmändiginiň sebäplerini düýpli öwrenmegi wise-premýere berk talap bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bu maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylda guruljak desgalaryň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga degişli anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmesine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen dürli maksatly çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda, welaýatlary we paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bilen baglanyşykly beýleki wajyp meseleleriň birnäçesine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.