Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, şonda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň neijeleri jemlenildi, şeýle hem bu edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky işi hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň goragynda durýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň takyk, sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň diňe parahatçylygy söýüjilige we goranyşa esaslanýan Harby doktrinasynyň çäklerinde geçirilýän özgertmeleriň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Miilli howpsuzlyk ministrligine tabşyrylan wezipeleriň möhümdigi barada aýdyp, ýurdumyzda we jemgyýetimizde mundan beýläk-de kanunylygyň we hukuk tertibiniň saklanylmagyna berk gözegçiligiň üpjün edilmelidigini, tutuşlygyna alanyňda, täze taryhy eýýamda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen ähli maaksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur şert bolup durýan oňyn jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ata Watanymyzyň serhetleriniň goralmagyny güýçlendirmek boýunça geçirilýän işler we umuman, Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaý barada aýdyp, gözegçilik edýän düzüminde bina edilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda berk durýan Döwlet serhet gullugyna ýüklenen wezipäniň jogapkärlidigini belläp, gulluk we durmuş üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça serhetçileriň ähli düzümleriniň işiniň takyk utgaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy boýunça milli goşunyň kuwwatyny we goranyş ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli harby özgertmäni amala aşyrmagyň barşy hem-de hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlarynyň söweşjeň ukybyny güýçlendirmek boýunça görülen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini sylaglamak boýunça geçirilen dabaralar barada aýtdy. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda guralýan bu dabara ilkinji gezek “Halk hakydasy” täze ýadygärlikler toplumynda geçirildi, munuň özi onuň täsirliligini has-da artdyrdy, bu toplum ata Watanymyzyň edermen ogullarynyň batyrlygyna, gahrymançylygyna we watansöýüjiligine hormatyň nyşanydyr.
Milli Liderimiz halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda elmydama ynsanperwerlige, parahatçylygy döredijilige we ata Watana söýgä mahsus bolan belent ýörelgelere ygrarly bolandygyny we bu gün, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň ýörelgelerine wepaly bolmagynda galýandygyny aýdyp, ýakynda gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň taryhy taýdan, şeýle hem ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen baglylykda örän möhüm ähmiýete eýedigine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisiniň ünsüni çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň örän wajypdygy barada aýdyp, Ýaragly Güýçleriň düzüminde gulluk edýänleriň täze tehnologiýalary, söweş tehnikasyny ulanmak boýunça ussatlygynyň derejesiniň has-da artdyrylmagyna, ýaş esgerleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, ata Watanymyzyň goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine içgin üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan ykrara edilen hem-de makullanan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmak arkaly, özüniň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň çäklerinde geljekde-de islendik pursatda Garaşsyzlygyň beýik gazananlaryna hyýanat edilmeginiň öňüni almaga hem-de raýatlarymyzyň parahat durmuşyny goramaga taýýar bolan milli goşuny pugtalandyrmagy we kämilleşdirmegi maksat edinýändigini belledi.
Mejlisiň barşynda milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan täzeden üpjün etmegiň, harby ulgamdaky giň gerimli özgertmäniň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzllyk güni mynasybetli harby ýörişiň ýokary derejede guralandygyny hem-de munuň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň artýandygyny hem-de soňky ýyllarda Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna has kämil, döwrebap harby tehnikalaryň berilýändigini aýdyň görkezendigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat bilen çykyş edip, şu ýylyň on aýynda geçirilen işler hem-de jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmek, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, IIM-niň ýolbaşçylygyndan öz garamagyndaky düzümleriň döwletimiziň yzygiderli ösüşiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen ähli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde içerki durnuklylygy üpjün etmek ugrunda geçirilýän wajyp ähmiýetli işiň netijeliligi üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy talap edip, döredijilikli zähmet çekmek arkaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýan raýatlarymyzyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň birkemsiz berjaý edilmeginiň we goralmagynyň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny hem-de ulaglaryň hereketini sazlaşykly üpjün etmek barada ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berildi. Ol özüne ynanylan ulgamdaky işleriň ýagdaýy hem-de Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilmegine takyk gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başarnykly, hünärine ökde işgärleri has içgin saýlap-seçmegiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekip, kanunyň ileri tutulmagyna gös-göni jogap berýän prokuratura edaralarynda diňe päk ýürekli, hemmetaraplaýyn bilimli, halal we ak göwünli adamlaryň işlemelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew ýolbaşçylyk edýän kazyýet edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky işleriniň netijeleri hem-de kazylaryň hünär ussatlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, kazyýetlerde işlere garalanda kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ugurdaky işiň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edip, Türkmenistanda durmuşa gönükdirilip, şol sanda her bir raýatyň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmegiň hasabyna, halkymyzyň asuda durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini ileri tutmak arkaly durmuşa geçirilýän syýasatyň belent maksatlaryna we wezipelerine dolulygyna kybap gelmelidigini belledi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky degişli resminama gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň hasabat döwründäki işiniň netijeleri, hususan-da, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ony halkara kanunçylygynda ulanylýan ölçeglere laýyk getirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz dünýä boýunça iň oňat tejribäni göz öňünde tutmak arkaly işlenip düzülýän täze kanunlary taýýarlamagyň we kabul etmegiň möhümdigi barada aýtdy hem-de güýje girizilýän kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmegiň usulynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidigini tabşyryp, şunda adamlaryň öz hukuklaryny we borçlaryny takyk bilmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyňy başlygy A.Hojamgulyýew garamagyndaky edaralaryň işiniň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, on aýda edilen işler we hususan-da, ýurdumyzyň serhedinden iki tarapa geçirilýän ýüklere berk gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilen güni mynasybetli, geçirilýän baýramçylyk çäreleri barada aýdyp, gullugyň tutuş şahsy düzüminiň adyndan milli Liderimize gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap we halkara ölçeglerine kybap gelýän enjamlar bilen üpjün edilen gümrük desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny aýdyp, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklaryň çalt depgin bilen ösdürilmeginiň, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda üstaşyr ulag ýollarynyň ýurdumyzyň çäginden geçmeginiň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň möçberiniň we ulag serişdeleriniň sanynyň artmagyna getirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Başutanymyz ýakynda ulanmaga berlen Halkara gümrük terminalynyň, “Saragt awtoýollary” we “Artyk” barlag-geçiriş bölümlerinde binalaryň täze toplumlarynyň kämil, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendigini hem-de şundan ugur alyp, gümrük işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hasabat bilen çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän gullugynyň işi barada aýtdy. Şol işiň möhüm ugry neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreşmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz ýaramaz endiklere, ilkinji nobatda, neşe serişdeleriniň ulanylmagyna garşy göreşiň güýçlendirilmeginiň wajypdygyny belläp, jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralarynyň bu ugurdaky işleri guramagyň usullaryny kämilleşdirmek, ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda neşäniň ýaramaz netijeleri barada giňişleýin wagyz-düşündiriş işlerini geçirmek boýunça bilelikdäki tagalallalaryny işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowyň hasabaty diňlenildi. Ol hasabat döwründe gullugyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek, şol sanda şahsy we gulluk sapary bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary hasaba almak ýaly işleri kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Köneürgenç şäher bölüminiň täze edara binasynyň hem-de iki gatly sekiz öýli gulluk ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny, bu ýerde başga-da birnäçe gulluk binalarynyň gurlandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň artmagy bilen bagly oňyn ýagdaýyň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, olaryň batly depginde ösýän Türkmenistan, onuň baý taryhy we medeni mirasy babatda uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy hem-de bu gullugyň gös-göni borçlaryna we ygtyýarlyklaryna degişli bolan birnäçe möhüm ähmiýetli wezipeleri kesgitledi, şol wezipeleriň hatarynda gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak we harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin amatly durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri durýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde-de bu barada ähli zerur işleri durmuşa geçirjekdigini nygtady.
Mejlisiň ahyrynda Belent Serkerdebaşymyz parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasaty yzygiderli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlanyp alnan ugur bilen gadam urmagyny dowam etmek arkaly dürli döwletler hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluny saýlap alan Garaşsyz döwlet hökmünde milli howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň goragynda durýan milli goşunyň goranyş ukybyny artdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berip, häzirki eýýamda öňde durýan belent maksatlara ýetmek ugrunda ýurdumyzyň üstünlikli gadam urmagy üçin möhüm ähmiýetli şertler hökmünde parahatçylygy, asudalygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.