Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, şonda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň şu ýylyň on aýyndaky işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde ileri tutulýan wezipeler, döwletiň içeri we daşary syýasatyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýeriň hasabat bermegine görä, ýanwar-oktýabr aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi içerki önümiň ösüş depgini 110,3 göterime barabar boldy. Jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,5 göterime deň boldy.
Milli önümiň çykarylyşyny artdyrmak, ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek we ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberleri 17,3 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 105,1 göterime ýetdi.
Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat bermek bilen, düýpli gurluşyk ulgamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 108,3 göterime deň bolandygyny aýtdy. Şol görkezijiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 44,2 göterime barabar boldy.
On aýyň netijeleri boýunça "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça 148 binanyň gurluşygy tamamlandy, munuň özi geçen ýylyň görkezijisinden 26 birlik köpdür. Umumy meýdany 754,3 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem inženerçilik ulgamlary we beýleki desgalar gurulýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 15,3 göterim artdy.
Wise-premýer ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada durup geçip, onuň girdeji böleginiň 119,8 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 96,8 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aýtdy. Durmuş ulgamynyň ösdürilmegine serişdeleriň 81,5 göterimi gönükdirildi. 2013-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim artdy. Zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde durnukly ýagdaýlaryň we ösüşiň göwnejaý ölçegleriniň bellenilendigini aýdyp, şol ösüşi saklamak, pudaklaryň diwersifikasiýa edilmegine, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümleriniň öndürilýän we dünýä bazarlaryna eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyna badalga berýän şertleriň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bularyň hemmesiniň ählumumy ykdysady ýagdaýyň, onuň türkmen ykdysadyýetine ýetirýän täsirini jikme-jik öwrenilmegini hem-de oňaýsyz daşky ýagdaýlaryň täsiriniň öňüni alýan we milli ykdysady ulgamyň durnuklylygyny berkidýän çäreleriň işlenip düzülmegini talap edýändigini aýtdy. Milli Liderimiz diňe şeýle çemeleşilen halatynda ýurdy has çalt depgin bilen ösdürmäge mümkinçiligiň döreýändigini, bizde şeýle mümkinçilikleriň az däldigini belläp, ykdysady ösüşe degişli görkezijileri has-da ýokarlandyrmaga oňaýly ýagdaýlaryň bardygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri düzetmegi hem-de onuň öz garamagyndaky düzümleriň işi boýunça bilermenleriň, seljeriş geçirýänleriň işine we guramaçylyga ünsi güýçlendirmegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň oňyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara amala aşyran 9 sapary, şeýle hem birnäçe döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejede geçirilen gepleşikler hem-de duşuşyklar dostlukly döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim boldy.
Umuman, hasabat döwründe Türkmenistana Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 545 daşary ýurt wekiliýeti sapara geldi. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol döwürde ýurdumyzyň 616 wekiliýeti daşary ýurtlara iberildi. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guralan dürli çäreleriň 152-si geçirildi. Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti 147 resminama bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler ýurdumyzyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Hasabat döwründe şeýle geňeşmeleriň 26-sy, şeýle hem ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 14-si geçirildi. Bu toparlaryň işi daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we we medeni-gumanitar aragatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam edýär. Şol döwrüň dowamynda halkara medeni çäreleriniň 33-si geçirildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerjekdigini, döwletara, şeýle hem sebit we ählumumy derejede netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürjekdigini nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan mundan beýläk hem abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn nygtady.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri noýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga degişli ileri tutulýan meseleler giriziler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen we gyrgyz halklaryny dostluk gatnaşyklary we taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, häzirki wagtda özara bähbitlere, şeýle hem sebit derejesinde abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlament tarapyndan şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, olarda kanunlaryň we kararlaryň ençemesi, şol sanda 58 sany kanun we 74 karar kabul edildi, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar grizildi.
Şu ýylyň 8-nji noýabrynda Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar, onuň barşynda “Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem-de döwrüň talabyna we halkara-hukuk kadalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanan beýleki kanunlaryň taslamalaryna garalar.
Deputatlar kanun çykaryjylyk işi bilen birlikde ýerlerde saýlawçylar bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň durmuş hajatlaryna bolan isleglerini, haýyşlaryny öwrenip durýarlar we pudak edaralary hem-de ýerli häkimiet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde gozgalýan meseleleri çözmäge gatnaşýarlar.
Şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçiriljek welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň üçünji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary hem-de ýerlerde döredilen saýlaw toparlary bilen bilelikde alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, parlamentiň geljekki işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şol iş bolsa türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, raýat institutlaryny pugtalandyrmaga we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň ýokary derejede guralmalydygyny we geçirilmelidigini nygtady. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Soňra öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýanwar –oktýabr aýdarynda Aşgabat şäher häkimiligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýokary depginleri üpjün edildi, bu bolsa ýyllyk meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ygtybarly esas döredýär.
Şeýle hem hasabat döwründe paýtagtymyzda 53 desganyň ulanmaga berlendigi, ýylyň ahyryna çenli bolsa ýene-de 12 desgany ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Häzirki wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, dürli maksatly 213 desganyň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň 150-si paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmasy boýunça bina edilýär.
Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy wezipesiniň adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek, oňyn şäher gurşawyny kemala getirmek bolup durýandygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz ähli degişli düzümleriň utgaşykly we netijeli işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna, bina edilýän desgalaryň hil görkezijilerine, öz möhletinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmäge we tutuşlygyna alnanda, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan işlere, şol sanda şäheri abadanlaşdyrmak işlerine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeler berdi.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýeriň ünsüni paýtagtymyzyň ähli düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça öňde durýan wajyp wezipelere çekip, bu ulgamlarda işlenip taýýarlanylan öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde işjeň peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe oba hojalyk toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda önümçiligiň umumy möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 104 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça-- 104,2 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça-- 102,4 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça – 102,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça-- 109,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça – 102,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça – 105,8 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 107 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça-- 101,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça – 103,7 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan täze desgalar barada hem habar berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda gurulýan, ýylda 8 million ýumurtga we 1 müň tonna guş eti öndüriljek guşçylyk toplumy bar. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde --Türkmenabat şäherinde umumy göwrümi 1 müň tonna gök-miwe önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanmaga bermek üçin taýýarlanylýar.
Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli zaýa etmän, doly ýygnap almak hem-de güýzlük galla ekinlerine ideg etmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň girdejililigini has-da ýokarlandyrmaga, onuň senagat we hyzmatlar düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalygyny özgertmek babatdaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz möhletinde geçirmek, güýzlük bugdaýa talabalaýyk ideg edilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi öňümizdäki ýylda bol hasylyň girewi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze obasenagat önümçiliklerini döretmäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamany” amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Hususan-da, şu ýylyň on aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,3 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň öndürilişi – 110,1 göterime, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilýän möçberi – 110,3 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebitiň gaýtadan işlenýän möçberi we nebit önümleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, ýangyç mazudynyň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyjyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda energetiki strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Ýangyç-energetika toplumyna degişli kärhanalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan çalt depgin bilen özleşdirmegiň, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna pudagyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak bu strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegiň möhümdigini nygtap, munuň ýurdumyzyň ýangyç-engergetika toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegine, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermelidigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän düzümleriniň degişli döwürdäki işi barada hasabat berdi.
Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan dürli medeni çäreler, şol sanda sergiler, maslahatlar we türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek, häzirki döwürde sungaty we şu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça beýleki çäreler geçirildi. Şeýle hem birnäçe döwletleriň ýurdumyzdaky medeniýet günleri we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Medeniýet günleri guraldy.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, ýazyjylar, döredijilik toparlary we sungat ussatlary daşary ýurtlarda geçirilen ylmy maslahatlara, sergilere, festiwallara gatnaşdylar.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aralygynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy sany 5 milliondan gowrak kitap önümleriniň 286 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 134 görnüşi neşir edildi.
Şeýle hem wise-premýer 12-14-nji noýabrda Aşgabatda “Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Forumyň işine daşary ýurtly tanymal alymlaryň we esasy hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň dünýägaraýyşlaryny has-da giňeltmekde, jemgyýetimiziň aň-düşünjesini baýlaşdyrmakda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak arkaly kämil ruhyýet gurşawyny kemala getirmekde döwletimiziň medeni syýasatyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz arheologiýa tapyndylaryny öwrenmek we muzeýleşdirmek boýunça geçiriljek forumyň möhüm ähmiýetlidigi barada aýdyp, şu meseleler boýunça milli tejribäni wagyz etmek bilen birlikde, onuň işinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmegine, dünýä ulgamyna goşulyşan medeni we maglumat giňişliginiň kemala getirilişine aýratyn üns berilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Hasabat döwründe Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, jemagat, deňiz we derýa gulluklary üçin hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekderleriniň 3-si açyldy. Şeýle hem okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 292-si taýýarlanyldy, olardan 160-sy neşir edildi.
Türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 23 altyn, 34 kümüş, 82 bürünç medala mynasyp boldular. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 68 medal, şol sanda 18 altyn, 18 kümüş we 32 bürünç medal gazandylar.
Wise-premýeriň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň netijeleri barada hasabat bermegine görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 16 desganyň, şol sanga 9 saglyk binasynyň, 5 kärhanasynyň, şeýle hem döwrebap derman ammarynyň we ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy.
Pudak boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi hasabat döwründe 120 göterim, ýerlenen önümlerden we ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelen girdejiler 117 göterim, derman önümçiligi 142 göterim köpeldi.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan girdejiniň ösüş depgini 104,6 göterim artdy. Hasabat döwründe 81 müňe golaý syýahatça hyzmat edildi.
Hasabatyň çäklerinde türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak we olary halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksady bilen, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigi habar berildi. 2014-nji ýylyň başyndan bäri jemi 144 içerki ýaryş we 72 köpçülikleýin sport çäresi geçirildi.
Umuman, on aýyň dowamynda türgenlerimiz 128 halkara sport ýaryşyna gatnaşdylar we jemi 318 medala (109 altyn, 105 kümüş we 104 bürünç medala) eýe boldular.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş, ylym we bilim, ýokary hünärli hünärmenleri hem-de türgenleri taýýarlamak ulgamlarynda özgertmeleri ilerletmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, şeýle hem tutuş jemgyýeti ösdürmegiň esaslary hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermek möhümdir.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň uly baýlygy diýlip yglan edilen adamyň saglygyny goramak, sagdyn ýaş nesli terbiýelemek, ähli halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gaýtadan işleýän senagat durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, onuň ýokary netijeli enjamlar bilen üpjün edilen kärhanalarynda dürli görnüşli ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýola goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgininiň 119,4 göterime deň bolandygyny, hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 112,9 göterim, magdan däl materiallar boýunça 123,3 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 108,7 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 112,5 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 113,4 göterime barabar boldy. Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 112 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 118 göterim, tikin we örme önümleriň öndürilişi boýunça 112,8 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 105,1 göterim aýakgap, gön ösüş depgini gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri deňeşdirilende dokma önümlerini ýerlemegiň ösüş depgini 106,5 göterim üpjün edildi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 110,9 göterime barabar boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe haly önümleriniň 34,7 müň inedördül metri dokaldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 104 göterme barabar bolup, şol sanda mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 125,9 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 102,7 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 138,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 113 göterim üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň döwlet strategiýasynyň tutuş oba hojalyk toplumyny senagat ösüş ýoluna geçirmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň, zawodlaryň we fabrikleriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň köp görnüşini çykarmaga niýetlenen gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalaryň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Pudaklaýyn edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipe daşarky we içerki bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekden, hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakdan, senagat ulgamynda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny seljermekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynyň 2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 168,2 göterim möçberinde berjaý edildi. Ösüş depgini 119 göterime barabar boldy. Welaýatlarda özgertmeleri amala aşyrmagyň maksatnamasyna laýyklykda, binalaryň we desgalaryň 148-siniň, şol sanda hassahanalaryň 3-siniň, saglyk öýleriniň 8-siniň, çagalar baglarynyň 47-siniň, orta mekdepleriň 58-siniň, Medeniýet öýleriniň 13-siniň, sport mekdepleriniň 12-siniň, sport desgalarynyň 7-siniň gurluşygy tamamlandy. Umuman alanyňda, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň 315-si ulanmaga berildi.
Energetika ministrliginde önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary berjaý etmek boýunça meýilnama 116,7 göterim möçberinde ýerine ýetirildi, ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 110,5 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde elektrik geçiriji liniýalaryň 3353,8 kilometri çekildi.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserninde önümçilik meýilnamasy 127,2 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Konserniň düzümleri tarapyndan umumy uzynlygy 1676 kilometrlik Türkmenbaşy- Farap we Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtoulag ýollaryny gurmak işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyz boýunça umumy uzynlygy 348,8 kilometrlik awtoulag ýollarynyň gurluşygy tamamlandy.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan önümçilik meýilnamasy 109,3 göterim möçberinde ýerine ýetirildi, hususan-da, 2075 kilometrden gowrak aralykda suw geçirijiler çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça öňde durýan strategiki wezipelere görä, gurluşyk ulgamyna aýratyn talaplaryň bildirilýändigini, bellenilen meýilnamalaryň ählisiň we uzak möhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şol ulgama baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigini, şol işleriň ýokary, döwrebap ülňülere laýyk gelmelidigini, ýol gurluşygynda-da has täze tehnologiýalaryň we materiallaryň giňden ulanylmalydygyny, ýurdumyzyň awtoulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmalydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz elektroenergetika pudagyna gözegçilik edýän wise-premýere ýüzlenip, energiýa üpjünçilik ulgamynda bökdençlikleriň ýüze çykmagy bilen baglylykda düýpli nägilelik bildirip, howa şertleriniň – ýagynyň ýa-da güýçli ýeliň elektrik ulgamlarynyň işlemegine öz täsirini ýetirmeli däldigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, energetika ministri G.Saryýewe berk käýinç yglan edildi. Şeýle hem wise-premýer M.Artykowa duýduryş berildi. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere öz garamagyndaky edaralara gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de öz borçlaryna sowuk-sala çemeleşen ýolbaşçylar babatda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bökdençlikleriň sebäplerini günübirin ýüze çykarmagy we ýagdaýy düýpli düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi, elektrik geçirijileriň we enjamlaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçililigi ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aralygynda söwda toplumunuň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,9 göterime, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy - 109,6 göterime, lomaý haryt dolanyşygy – 105,7 göterime barabar boldy.
On aýda Döwlet haryt-çil mal biržasy boýunça 188 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 55 milliard 698 million manatlyk şertnamalar hasaba alyndy. Şu döwürde daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberleriniň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça hyzmatlary amala aşyrmagyň hasabyna gazanylan girdejileriň ösüş depgini 117 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri sergileriň 19-sy we maslahatlaryň 16-sy geçirildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 134 göterime barabar boldy. Oba hojalyk önümleriniň ösüş depgini 105 göterime ýetdi. Telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 78 göterim artdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 187 göterime, ilata edilýän hyzmatlaryňky – 155 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň düzümini ösdürmekde diňe bir haryt babatdaky teklipleriň gerimini giňeltmek we içerki bazarda bolelinligi üpjün etmek bilen bagly wezipeleriň däl-de, pudagyň öňdebaryjy, netijeli usullar esasynda dolandyrylmagyny kämilleşdirmegiň, şu ulgamdaky halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleriniň hem öňde durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz kongresleri--sergileri guramak işinde başga döwletler bilen özara arkalaşykly hereket etmegiň senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, söwdanyň usullaryny kämilleşdirmäge, eksport boýunça mümkinçilikleri artdyrmagyň täze ýollaryny gözläp tapmaga ýardam edrýändigini aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2014-nji ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer ulag we aragatnaşyk toplumy tarapyndan ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlar we işler boýunça ösüş depgininiň 108,1 göterime barabar bolandygyny habar berdi.
Hususan-da, Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,3 göterime, ýük daşamagyň ösüş depgini 109,2 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, alnyp barylýan ýurt, sebit ähmiýetli demir ýollaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ulanyşdaky içki demir ýollaryň 92 kilometr aralygynda göterme, aralyk bejergi we düýpli abatlamak işleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem 21 kilometr demir ýoluň relsleri çalşyryldy, 14 demir ýol geçelgeleri düýpli bejerildi we 6 demir ýol köprüsiniň durky täzelendi.
Wise-premýer Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada durup geçip, bu pudakda hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgininiň 105,8 göterime deň bolandygyny aýtdy. Hususan-da, ýük daşamakda ösüş depgini 100,9 göterime, ýolagçy gatnatmakda – 101 göterime barabar boldy. Aşgabat şäherinde täze Halkara awtoulag menziliň ulanylmaga berilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça gatnaw ýollary açyldy. 40 sany şäher içi we 30 sany şäherýaka täze awtobuslar goşmaça halkymyza hyzmat edip başlady.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 113,3 göterime barabar boldy. Hususan-da. ýük daşamakda 121,5 göterim, ýolagçy gatnatmakda 109,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet milli gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 106,4 göterime deň boldy. Ýük daşamakda ösüş depgini 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmakda 117,6 göterime barabar boldy. Şeýle hem deňiz ulag parkynyň üstüniň Türkiýede gurlan 4 sany tirkeg gämileri bilen ýetirilendigi bellenildi.
Wise-premýer Aragatnaşyk ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda gazanylan önümçilik netijeleri barada hasabat berip, aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak üçin, ýurdumyzda 534,5 müň, şol sanda 498,5 müň öýjükli belgi, 4,4 müň radio telefon belgi we 31,6 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,7 esse ýerine ýetirildi diýip aýtdy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 45 müň telefon belgilik beketler gurnaldy we 2 müň 168 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ulag toplumyny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýändigini we şu maksatlar üçin ägirt uly serişdeleri gönükdirýändigini belläp, demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryna degişli pudaklary ösdürmek, ýük daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz aýdylan hasabatlary jemläp, ýylyň ahyryna çenli iki aýa golaý wagtyň galandygyny, şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak we täze – 2015-nji ýyly taýýarlykly başlamak üçin, galan wagtyň içinde köp meseleleriň çözülmelidigini aýtdy.
Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly, önümçiligiň ösüş depgini bellenen möçberlerde üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly binalar hem-de desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde döwletimiziň ykdysady we syýasy ýagdaýyny, şeýle hem ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özgertmeleriň geçirilişini ýaňy-ýakynda Türkmenabat şäherinde geçen Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda jikme-jik beýan edendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň döwletimize köp sanly saparlaryny we halkara maslahatlaryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu çärelere gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň beýleki döwletlere boljak saparlary we olaryň möhletleri, Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahaty, şeýle hem, ýurdumyzda geçiriljek beýleki halkara maslahatlary bilen bagly meseleleriň üstünde hem häzirden işlemeli diýip belledi. Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň öňe süren teklipleriniň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermeli. Şonuň ýaly-da, Ilçiler bilen geçiriljek maslahata oňat taýýarlyk görmeli. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň 23-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryna düýpli taýýarlyk görmek baradaky meselä geçip, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň täze düzümini döretmäge ýardam berilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz döwletimiziň Konstitusiýasynyň täze beýanynyň taslamasynyň üstünde işlemegi dowam etmeli diýip belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň geljek ýylda geçiriljek maslahatyna hem gowy taýýarlyk görmeli, bu maslahatda z 2015-nji ýylda Mejlisiň öňünde durýan anyk wezipelere serederis diýip aýtdy.
Milli Liderimiz wise-premýer M.Artykowa gurluşyk pudagynda işleriň depgininiň pese düşmegine ýol bermeli däldigini tabşyrdy. Bu ugurda köp işler ýerine ýetirildi. Welaýat merkezlerinde zerur bolan ähli üpjünçilik ulgamlary guruldy. Iri söwda merkezleri, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, kitaphanalar, teatrlar, myhmanhanalar we ençeme beýleki desgalar bina edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow indi şäherçeleri we etrap merkezlerini ösdürmäge girişmeli diýip aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz M.Artykowa wise-premýerler A.Goçyýew we P.Taganow, şeýle hem häkimler, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de telekeçiler bilen bilelikde Oba Milli maksatnamasyna ýene-de bir gezek düýpli seretmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şunda şäherçeleriň we etrap merkezleriniň üpjünçilik ulgamlaryny täzelemegi hem öz öňüňizde wezipe edip goýuň diýip aýtdy. «Awazada» gurulmaly desgalar hem ünsden düşürilmeli däldir. Ýurdumyzda ýollaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidir. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna gaýtadan seretmeli we desgalary ulanmaga bermegiň meýilnamasyny taýýarlamaly diýip aýtdy.
Milli Liderimiz A.Ýazmyradowa ýüzlenip, döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýändigine garamazdan, oba hojalygynda özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Berlen tabşyryklara garamazdan, häzire çenli ýer kadastry taýýarlanylmandyr. Şorlaşan ýerleri dikeltmek boýunça işler hem ýaramaz alnyp barylýar. Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda hem çözülmeli meseleler bar. Muňa garamazdan, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hiç hili teklip berilmeýär. Häzirki wagtda köp sanly fermalaryň eýesi ýok. Bu fermalaryň nähili ulanylmalydygy barada hem anyk netijä gelinmeýär. Milli Liderimiz şol fermalary isleg bildirýän kärendeçilere satmagyň ýa-da uzak möhletleýin esasda kärendesine bermek üçin şertnamalary baglaşmagyň zerurdygy barada öňem aýdandygyny belledi. Suw üpjünçiligi boýunça hem çözülmeli meseleler bar. Hazaryň kenarynda suw arassalaýjy desgalary gurmak bilen bagly meseleler haýal çözülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda bar bolan meseleleriň düýpli seljerilmelidigini aýdyp, wise-premýerden şol meseleleriň çözülmegine oýlanyşykly çemeleşmegi talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz S.Satlykowa Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryny birleşdirmäge, şeýlelikde, «Demirgazyk–Günorta» demir ýoluny işe girizmäge bagyşlanyp geçiriljek dabaralary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz wise-premýere gözegçilik edýän ministrliklerini we pudak edaralaryny, has takygy «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyny, Demir ýol ulaglary ministrligini, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny, Aragatnaşyk ministrligini paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça göz öňünde tutulan işleriň öňküsi ýaly haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz A.Goçyýewe ýylyň ahyryna çenli beýleki wise-premýerler bilelikde geljek ýylda ýurdumyzyň ministrliklerini we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti taýýarlanjak ähli maksatnamalarda täze iş orunlarynyň döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyna Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiz welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlere häkimleriň gatnaşmagynda welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Maksatnamalaryň ählisini kabul edilen Döwlet býujetini we Prezident Maksatnamasyny göz öňünde tutup düzmeli diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu maksatnamalary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýygnaklarda ara alyp maslahatlaşmaly diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz her bir wise-premýeriň umumylaşdyrylan maksatnamalaryna, şeýle hem welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalaryna 2015-nji ýylyň ýanwarynda geçiriljek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jikme-jik garaljakdygyny we tassyklanjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Goçyýewe beýleki wise-premýerler bilen bilelikde ýurdumyzda daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen harytlaryň öndürilýän möçberlerini köpeltmek we daşary ýurt pulundaky girdejileri artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz S.Toýlyýewe ýaşlar syýasaty boýunça işi netijeli guramagy tabşyrdy . Ýaşlar guramasynyň işini gowulandyrmak boýunça teklipler häzirlikçe az gelip gowuşýar. Şeýle hem türgenleri taýýarlamak üçin desgalary gurmak bilen bagly mesele seljerilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda 12 ýyllyk orta bilime geçmek boýunça özgertmeleri üstünlikli tamamlamak, daşary ýurt dili mugallymlaryny taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek hem möhüm wezipeleriň biridir diýip aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti P.Taganowa baýramçylyk söwdasyna gowy taýýarlyk görmegi, bazarlarda we dükanlarda dürli önümleriň has-da bol bolmagy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol bermän, söwda ulgamyny has-da ösdürmegiň üstünde işlemeli, şeýle hem, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaly we Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli diýip aýtdy.
Şeýle hem M.Ýazmuhammedowa ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, Täze ýyl baýramyna häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamak tabşyryldy. Teleradioýaýlymlarda baýramçylyklara bagyşlanan täsirli, gyzykly gepleşikler we çykyşlar guralmalydyr. Täze studiýalary taýýarlamak boýunça häzirden zerur işleri geçirip başlamaly. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň düýpli binýady döredildi. Döwlet Baştutanymyz köp sanly teatrlar we dürli köşkler bina edildi, bu medeni ojaklary talaba laýyk we netijeli ulanmaly diýip aýtdy. Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenabat şäherinde geçen Ýaşulularyň maslahatynyň netijeleri baradaky materiallaryň köp berilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak we tygşytlamak ýaly möhüm meseleler häzirlikçe gazet-žurnallarda we teleýaýlymlarda ýeterlik beýan edilmeýär.
Türkmenistanyň Prezidenti B.Hojamuhammedowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň we beýleki pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň iri nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň hem dowam etdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz B.Ereşow tarapyndan gözegçilik edilýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini talaba laýyk guramak boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini hem-de bu ugurda käbir oňat netijeleriň gazanylýandygyny, ýöne, entek munuň ýeterlik däldigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu pudaklaryň durnukly we döwletimize girdeji getirer ýaly işlemegini gazanmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, olaryň öz garamagyndaky ministrliklerde we pudak edaralarynda eýelenmedik wezipeleriň barlagynyň ýene-de bir gezek gözden geçirilmelidigini hem-de bulary işgärler bilen üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz häzirki zaman bilimlerini alan ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak boýunça zerur işleri guramagy tabşyrdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garalyp, bular boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek, ýurdumyzyň halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrundaky işde uly üstünlikleri arzuw etdi.