Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

view-icon 760
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganeni kabul etdi.

Myhman Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny gowşurdy. Ol milli Liderimize we Garasşyz hem Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we täze taryhy eýýamda başy başlanan ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler arzuw etdi, şeýle hem ýakyn wagtda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň birleşdrilmegi we ulanmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek dabarada döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny beýan etdi. Şol desganyň gurluşygy türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz muňa jogap edip, dostlukly ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we öňden gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däplerini nazara almak bilen guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesiniň möhüm bölegiginiň açylmagy bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze kuwwatly itergi berer. Munuň özi diňe bir goňşy ýurtlaryň arasynda däl, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döreder we sebit hem-de ählumumy möçberde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardar eder.

Bižan Namdar Zanganeniň nygtaýşy ýaly, Eýranda türkmen Lideriniň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ählumumy howpsuzlygy, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny doly goldaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugruny goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň bitaraplyk derejesine laýyklykda Türkmenistanyň geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda köptaraply döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran üstünlikli bilelikdäki işiň baý tejribesine we ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen, özara ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarlar.

Myhmanyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan gaz geçiriji düzümi diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde Eýrana gaz geçirijisini gurmak baradaky bilelikdäki möhüm taslamalar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş sebitiň durnukly ösmegine ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, eýran tarapynyň nebitgaz ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Döwletleriň ikisi hem nebitgaz ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, asyrlaryň dowamynda türkmen we eýran halklaryny baglaşdyran dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaegani gatnaşdy.