Ï Doganlyk- dostlugyň ýörelgeleri esasynda strategiki hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doganlyk- dostlugyň ýörelgeleri esasynda strategiki hyzmatdaşlyk

view-icon 1076
7-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýip Ärdogan düýn agşam Türkmenistana geldi.

Ministrler Kabinetiniň 31-nji oktýabrda bolan mejlisinde habar berlişi ýaly, ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri giriziler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň mynasyp dowam etdirilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Asyrlaryň synagyndan geçen dostluk medeni, dini we ruhy däpleriniň umumylygy bilen baglaşdyrylan iki doganlyk halkyň uly baýlygyna, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly esasa öwrüldi.

Iki döwletiň däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek we pugtalandyrmak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak ugruny durmuşa geçirmegi türkmen we türk halklarynyň has ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ankara bolan iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň täze Baştutanynyň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Garaşylyşy ýaly, şu gün Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýip Ärdogan özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşyp, iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini hem-de taraplaryň köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklarlar.

Özygtyýarly Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan ýyllarynyň dowamynda özüne döwletara, hökümetara we pudagara derejesinde gol çekilen möhüm resminamalaryň köpsanlysyny birleşdirýän ygtybarly halkara-hukuk binýady döredildi, diňe bir iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy babatda däl, eýsem, tutuş sebiti ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan möhüm bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändiginiň esasy görkezijileriniň biridir. Munuň özi iki doganlyk ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň has-da ýokarlanýandygynda öz beýanyny tapdy. Köpsanly bilelikdäki kärhanalaryň işi, ýöriteleşdirilen sergileriň hem-de işewürler duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi we elbetde, söwda-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak we höweslendirmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeli işlemegi işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara gyzyklanmanyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ýurtlaryň ikisi hem medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Dostlukly ýurtlarda Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri we ylmy forumlar yzygiderli geçirilýär, beýleki möhüm medeni çäreler guralýar.

Bir söz bilen aýdylanda, bilelikde üstünlikli işlemek babatda soňky ýyllarda toplanan baý tejribe köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türkmenistanyň we Türkiýäniň ägirt uly kuwwata hem-de mümkinçiliklere eýedigini tassyklaýar. Ähli esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň ýokary depgini hem muňa şaýatlyk edýär.

Hut şoňa görä-de, şu duşuşyga däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim, taraplaryň iki doganlyk ýurduň ileri tutulýan ugurlaryny we milli bähbitlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň has netijeli, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän usullaryny gözlemäge ygrarlydygy hökmünde baha bermek bolar. Bu duşuşygyň halkara syýasy durmuşda örän möhüm waka boljakdygy gürrüňsizdir.