Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyndan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyndan

view-icon 966
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyşynyň nobatdaky, bäşinji maslahaty boldy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan ugurlara hem-de ýurdumyzyň döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan täze kanunlaryň we kanunçylyk-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Mejlise gatnaşmak üçin hökümetiň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň esasy meselesi hökmünde “Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem-de “Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garaldy. Bular milli parlamentiň ähli komitetlerinde öňünden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp düzmegiň esasy ýörelgeleri we çemeleşmeler, onuň girdeji bölegini düzmegiň aýratynlyklary, geljek ýylda ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş boýunça göz öňünde tutulýan görkezijiler jikme-jik häsiýetlendirildi. Bu maliýe-hukuk resminamasy işlenip taýýarlananda, ähli pudaklar boýunça giň gerimli seljeriş işiniň geçirilendigi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetiň mejlisinde aýdan bellikleriniň we anyk maslahatlarynyň göz öňünde tutulandygy bellenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri çözmegiň esasy guraly bolup durýandygyny bellediler. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, bu Kanun ilkinji nobatda milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgininiň saklanmagyna, uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagyna, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, döwletiň harajatlarynyň netijeliliginiň artdyrylmagynyň üpjün edilmegine we tutuşlygyna alanyňda türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Umuman, 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri 102 800,8 million manada, çykdajylar – 106 200,8 million manada barabar bolar. Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi esasan, önümçilik ulgamynyň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk ýaly möhüm ähmiýetli pudaklarynyň hasabyna düzüler. Şeýle hem obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk ulgamlary, dokma we azyk senagaty mundan beýläk-de çalt depgin bilen ösdüriler. Indiki ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli kärhanalaryň işini höweslendirmegiň hasabyna-da girdejileri artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet býujetiniň çykdajy böleginde durmuş ulgamynyň ösüşine gönükdirilýän I derejeli serişdeler 79 göterime barabardyr. Bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň, sportuň, döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň maliýeleşdirilmegine ep-esli möçberdäki serişdeler gönükdiriler.

Giň gerimli milli taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylmagy, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda şäher gurluşygy baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi, durmuş-medeni maksatly, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümine degişli möhüm ähmiýetli desgalaryň gurulmagy üçin ep-esli möçberdäki maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

“Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Kanunyň taslamasy ýurdumyzyň parlamenti tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyny kabul etmek üçin biragyzdan ses berdiler.

Soňra “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Dessin-agtaryş işi hakynda” we “Kazyýet-bilermenlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlendi. Bularda şol edaralaryň guramaçylyk-hukuk esaslary we ygtyýarlyklary, bularyň ýurdumyzda kanunylygyň we hukuk tertibiniň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işini amala aşyrmagyň tertibi kesgitlenýär.

Çykyş edenler bu Kanunlaryň kabul edilmeginiň kazyýetleriň we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, derňewleri geçirmek, adyl kazyýetliligi amala aşyrmak, döwletde we jemgyýetde Kanunyň, mizemez demokratiki gymmatlyklaryň ileri tutulmagyny berkarar etmek bilen bagly Kararlaryň we çözgütleriň ýerine ýetirilmeginiň netijeli hukuk mehanizminiň döredilmegine ýardam berjekdigini bellediler.

Soňra milli parlamentiň deputatlarynyň garamagyna “Auditorçylyk işi hakynda” we “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hödürlenildi. Bularyň birinjisinde Türkmenistanda auditorçylyk işini amala aşyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär hem-de bu işi ýerine ýetirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Ikinjisi bolsa gymmatly kagyzlaryň emissiýasy mahalynda we dolanyşygynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de bazar ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine hemmetaraplaýyn goşulyşmagyna ýardam bermelidir.

Mejlisiň tassyklamagy üçin hödürlenen resminaimalaryň arasynda “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Deputatlar ýurudumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, sarp ediş bazaryny ýokary hilli azyk we senagat önümleri bilen doldurmak, dürli serwis hyzmatlaryny berjaý etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň has-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, şu Kanun möhüm ähmiýete eýedir. Onda sarp edijileriň oňat hilli we adamlaryň ömri we saglygy üçin howpsuz bolan harytlary satyn almak, işlerden, hyzmatlardan peýdalanmak, şeýle hem harytlar (işler, hyzmatlar) we bulary işläp taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) barada degişli maglumatlary almak boýunça hukuklary takyk beýan edilip, raýatlaryň bähbitleriniň döwlet we jemgyýetçilik tarapyndan goralmagy üpjün edilýär hem-de şol hukuklardan peýdalanmagyň usuly kesgitlenilýär.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly mesele goşuldy. Bu taslamada çap önümlerini neşir edijileriň, işläp taýýarlaýanlaryň, ýaýradyjylaryň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary bellenilýär.

Soňra deputatlaryň garamagyna “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi, onda teatr oýunlaryny döretmek, köpçülige görkezmek we beýlekiler bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýeti aýawly saklamagyň we döredijilikli ösdürmegiň, ony dünýäde giňden wagyz etmegiň meselelerine içgin üns berýändigi bellenildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet tarapyndan uly goldaw berlen teatr sungaty muňa aýdyň mysal bolup biler. Galyberse-de, täze Kanun jemgyýetiň ruhy islegleriniň kemala getirilmegine, raýatlaryň estetiki terbiýesine we ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam bermelidir.

Soňra “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, ol ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipelerden, oba hojalygynda amala aşyrylýan oňyn we giň gerimli özgertmelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanunyň taslamasynda weterinariýa işiniň hukuk esaslary kesgitlenilip, kesellerden goramak, haýwanlary bejermek, adam we haýwanlar üçin umumy kesellerden ilaty goramak, daşary döwletlerden Türkmenistanyň çägine haýwanlara ýokuşýan keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak, maldarçylyga we guşçulyga degişli önümleriň, iýmleriň, iýmlere goşulýan zatlaryň oňat hilli we howpsuz bolmagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň esasy ýörelegeleri kadalaşdyrylýar.

Täze Kanunyň, hususan-da, ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň çalt depgin bilen ösmegi we munuň öz gezeginde şu ulgama gözegçiligiň güýçlendirilmegini talap etmegi bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň, şol sanda 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda milli Liderimiziň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, maldarçylyk önümleriniň öndürilýän we gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça başlangyçlarynyň, şeýle hem şu ugurda kanun çykarmak boýunça toplanan oňyn halkara tejribäniň göz öňünde tutulandygy bellenildi.

Şeýle hem deputatlar tarapyndan garalan kadalaşdyryjy- hukuk namalarynyň taslamalarynyň arasynda “Türkmenistanyň “Altyn Aý” medalynyň ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda” kodeksine üýtgetmeler hakynda”, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetimeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjini ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar.

Bulardan başga-da, “Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýeri oba derejesine degişli etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Maslahatyň jemleri boýunça Mejlisiň deputatlary täze Kanunlaryň taslamalaryny makulladylar we biragyzdan kabul etdiler, olar bu möhüm ähmiýetli hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli gadam urmagyna ýardam berjekdigini bellediler.