Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we sebitdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda
11-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Türkmenistana geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde sebitdäki goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandymagyň we giňeltmegiň Türkmenistandaky daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Türkmen we gyrgyz halklaryny öňden bäri dostlukly gatnaşyklar hem-de taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy ýörelgeleriň umumylygy baglanyşdyrýar.
Ýokary derejedäki şu duşuşyk iki döwletiň hyzmatdaşlygy hil taýdan ýokary derejä ýetirmegiň, toplanan oňyn tejribäni, milli ykdysadyýetlerde gazanylanlary we mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly, hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolmagyna badalga bermegi maksat edinýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr. Bu duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumyny, şeýle hem halkara syýasaty boýunça özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň abraýly halkara guramalaryň we iri düzümleriň, şol sanda BMG-nyň, GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde arkalaşykly hereket edýändigini bellemek gerek. Halkara derejesinde Gyrgyz Respublikasy Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirlmegine, sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň we yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirip ýöredýän syýasatyny oňlaýar.
Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, özara bähbitleri we netijeli hyzmatdaşlygyň maksat edinilýändigini göz öňünde tutmak arkaly uzakmöhletleýin esasda guralýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy çaltlandyrmak üçin berk binýadyň döredilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar.
Energetika we ulag ulgamy ýaly strategiki pudaklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda has uly ähmiýet berilýän ulgamlaryň hatarynda durýar, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň şu ugurlara degişli sebitleýin we yklym derejesindäki taslamalara üstünlikli goşulyşmagy bolsa, iki ýurduň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysadyýetleriniň ösüşine täzeden güýçli itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyz Respublikasy ugry boýunça gurulmagy göz öňünde tutulýan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji (D) şahasynyň gurluşygyna uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.
Söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda-da netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikler bar. Häzrki döwürdäki ýagdaýlary göz öňünde tutanyňda, bilim, ylym, medeniýet boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikler döredýär. Şeýle hem iki ýurduň ösüş boýunça ileri tutýan maksatlary we wezipeleri saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýär.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Almazbek Atambaýewiň şu duşuşygynyň medeni we ruhy taýdan umumylyk arkaly baglanyşýan hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetirmegi maksat edinýän Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşine badalga berjekdigini aýtsa bolar.