Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 783
Şu gün Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň we ileri tutulýan milli maksatnamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagyna degişli meselelere garaldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýazmyradowy wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de indiki ýyl üçin möwsümleýin agrotehniki çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat bermegi talap etdi.

Wise-premýer pagta hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilendigini, güýzlük gallanyň ekişiniň doly tamamlanandygyny, beýleki möwsümleýin meýdan işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara laýyklykda hem-de ýerli tebigy-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy bilen baglylykda, bol hasyly ýetişdirmek üçin zerur bolan dökünleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmagyň zerurlygynyň ýüze çykandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary hilli dökünler bilen zerur bolan möçberlerde üpjün etmek bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn we öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigini belledi hem-de wideoşekilli göni aragatnaşyga “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine gözegçilik edýän wise-premýer B.Ereşowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy çagyryp, olara şunuň bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, milli Liderimiz wise-premýerlere geljek ýylda ýurdumyzda öndürilýän dökünleri ibermek boýunça takyk we utgaşdyrylan meiýlnamany düzmegi hem-de zerurlyk ýüze çykan halatynda Türkmenistanda öndürilmeýän dökünleriň zerur bolan möçberlerini daşary ýurtlardan satyn almak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa çagyryldy. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki gündelik işler we geçiriljek baýramçylyklara, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň her biriniň täsirli we many-mazmunly bolup, guramaçylyk taýdan ýokary derejede guralmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan çäreler barada durup geçdi hem-de her bir türkmenistanlynyň hemmeler tarapyndan gowy görülýän bu baýramçylygyň täsirini duýmagynyň möhümdigini, milli teleradioýaýlymlaryň bu şowhunly baýramçylyga bagyşlap gyzykly we täsirli gepleşikleri taýýarlamak ugrundaky işiniň hut şuňa gönükdirilmelidigini aýratyn nygtady.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýaýlyma berilýän telewizion gepleşikleriň derejesiniň pesdigine ünsi çekip, şolaryň käbiriniň täze taryhy eýýamda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi babatda bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelmeýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz köpçülik üçin niýetlenen möhüm ähmiýetli we jogapkärli işe sowuk-sala garalmagyna ýol berilmeli däldigini aýdyp, birnäçe resminamalara gol çekdi hem-de “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň başlygy B.Abaýewi ýol beren kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy we bu teleradioýaýlymyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýewiň üstüne ýükledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň talabalaýyk guralmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýeye berk käýinç yglan etdi.

Wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrylan Türkmenistanyň goranmak minisri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň işlerini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň öňünde durýan wajyp wezipeler barada aýtmak bilen, ýaş esgerleriň harby taýýarlygy boýunça işleri has-da guramaçylykly alyp barmagy, ata Watanymyzyň goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi, doly bahaly durmuşy we dynç alşy üçin zerur şertleri döretmäge uly üns bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýewe Döwlet baýdagynyň baýramçylygy, şeýle hem ata Watanymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan beýleki şanly seneler mynasybetli welaýat merkezlerinde harby gullukçylaryň gatnaşmagynda dabaraly çäreleri geçirmegiň dessurlaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň welaýatdaky gündelik işleriň barşy, obasenagat toplumynda pagtanyň galan hasylyny ýygnamak, şeýle hem agrotehniki çäreleri geçirmek, indiki oba hojalyk möwsümi üçin ýerleri hem-de tehnikanyň dürli görnüşlerini göwnejaý taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Milli Liderimiz häkime pagtanyň hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnamak, welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilmegine guramaçylykly çemeleşmek we geljek ýyl üçin oba hojalyk tehnikasynyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça işlere taýýarlanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumynyň mineral dökünler bilen üpjün edilişi babatda gyzyklanyp, şu meselelere yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba” Milli maksatnamasyny amala aşyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna, şol sanda elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjünçilige, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, agaç nahallaryny oturtmak we beýlekiler boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz geçiriljek baýramçylyklaryň guralmagyna degişli mesele barada durup geçip, häkime bularyň ýokary derejede guralmagyna, şeýle hem ilata zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň öz wagtynda berilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy hem-de bu tabşyrygyň ähli welaýatlaryň ýolbaşçylaryna degişlidigini belledi.

Soňra wideoşekilli aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çagyryldy, ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň oba hojalyk pudagynda agrotehniki çäreleriň geçirilimegine, mallaryň gyşladylmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň häkimi sebitiň senagatynda gazanylan üstünlikler, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Milli Liderimiz ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny geljek ýyl üçin taýýarlamagyň meselelerine ünsi çekip, şol işleriň obasenagat toplumynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we tutuş welaýatyň çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde we oňat hilli tamamlanylmagynyň, durmuşdaky beýleki wajyp meseleleriň, şol sanda welaýatyň ilatyny gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine degişli meseleleriň çözülmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz “Oba” milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygynyň öz möhletinde hem-de ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde agaç nahallaryny oturtmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek hem-de “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek barada welaýatyň häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ilki bilen pagta ýygymynyň we ak ekinlere ideg işleriniň barşy, geljek ýyl üçin oba hojalyk meýdanlaryny agrotehniki talaplara laýyklykda taýýarlamak we tehnikanyň kadaly işlemegini üpjün etmek bilen bagly meseleler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäginde binalary we desgalary gurmagyň hem-de agaç nahallaryny oturtmagyň meýilnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatdaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, häkime obasenagat toplumynda we beýleki ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň depginlerini artdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, pagta hasylyny çalt we soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin degerli çäreleriň görülmeginiň möhümdigi bellenildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň möwsüminiň başlandygy barada aýdyp, pudagy mineral dökünler bilen üpjün etmegiň we oba hojalyk tehnikasyny taýýarlamagyň meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri barada durup geçip, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary gurmak boýunça işleriň bellenilen möhletlerde we göwnejaý hilli ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem welaýatyň ähli ilatly ýerlerini elektrik energiýasy, gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda agaç nahallaryny oturtmak baradaky meýilnamanyň amala aşyrylmagy bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çykyş edip, sebitdäki işleriň ýagdaýy hem-de welaýatyň oba hojalyk pudagynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Welaýatyň häkimliginiň ýolbaşçysy “Oba” Milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde senagat düzümini ösdürmek hem-de 2015-nji ýylda welaýatda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň meýdanlarynda pagtanyň galan hasylyny çalt ýygnamagyň, şeýle hem agrotehniki çäreleriň göwnejaý geçirilmegine jogapkär we toplumlaýyn çemeleşmegiň, welaýatda oba hojalyk tehnikasyny indiki ýyl üçin taýýarlamagyň, şeýle hem pudagy mineral dökünler bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz häkime agaç nahallaryny oturtmak, sebiti gaz we suw, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary, şol sanda indiki ýylda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gabatlanyp gurulýan binalary gurmak boýunça işleriň oňat hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy we şol hepdelige eýýäm häzirki wagtdan jogapkärli taýýarlanmaga girişilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegi, ilata zähmet hakynyň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň bellenilen möhletlerde berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Ol welaýatda amala aşyrylýan işler, hususan-da, oba hojalyk toplumynda görülýän maksatlaýyn çäreler, şol sanda pagtanyň galan hasylyny ýygnamak, oba hojalyk meýdanlaryny we tehnikany indiki ýyl üçin taýýarlamak, agaç nahallaryny oturtmak boýunça işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda welaýatda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň hem-de geçiriljek baýramçylyklara taýýarlyk görlüşiniň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynda agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekip, bu işe toplumlaýyn we ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagy mineral dökünler bilen üpjün etmek we indiki ýyl üçin oba hojalyk tehnikasyny taýýarlamak bilen bagly meseleleriň çözülmeginiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň dolandyryş merkeziniň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Ol paýtagtymyzdaky gündelik işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny, bularyň gurluşygynyň oňat hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmalydyyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ähli babatda nusgalyk şähere öwürmek boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmagynyň möhümdigini nygtap, paýtagtymyzy elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň, ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça meýilleşdirilen işleriň guramaçylykly we bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň wajyp ähmiýetlidigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň netijelerini jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti garalan meseleleriň we wezipeleriň ählisiniň wajypdygyny belledi hem-de bularyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de çalt depgin bilen ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýşynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, raýatlarymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna türkmen döwletiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine we belent maksatlara ýetilmegine gönükdirilen işde we jogapkärli wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.