Ï Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Almazbek Atambaýewiň arasynda gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Almazbek Atambaýewiň arasynda gepleşikler

view-icon 741
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza ilkinji resmi sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda özüne bellenen kabulhanadan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumyna tarap ugrady.

Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Iki döwletiň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi iki ýurduň Prezidentlerine dabaraly hasabat berdi. Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezident Almazbek Atambaýew Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Iki ýurduň Liderleri nyzama düzülen hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli gyrgyz myhmanyny Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrdy. Öz nobatynda, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny öz ýanyndaky Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça resmi surata düşenlerinden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň kärdeşi Almazbek Atambaýewi “Altyn zala” çagyrdy. Ol ýerde Prezidentleriň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany we onuň ýanyndaky Hökümet wekiliýetiniň agzalaryny gadymy hem-de myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Almazbek Atambaýewe minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hökmünde Almazbek Atambaýewiň ilkinji saparyna iki halkyň medeni-ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynda taryhy sapar hökmünde baha berilýändigini nygtady we bu wakanyň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ösüşe ygrarlylyk esasyndaky gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi.

Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän bitarap ýurtdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we munuň, ilkinji nobatda, bütin dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge laýyk gelýändigini belledi. Biziň ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilik başlangyçlary BMG, ÝHHG ýaly abraýly düzümleriň esasy maksatlaryna kybap gelýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara tekliplerini goldaýandygy üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň köpüsi boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary meňzeşdir. Olaryň hatarynda ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly üstaşyr ibermek, geljekde Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berjek üstaşyr-ulag ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler görkezildi. Mundan başga-da, suw meselesi hem-de sebit häsiýetli, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga degişli meseleler boýunça garaýyşlaryň umumylygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklar meselei barada durup geçip, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi we bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň barşynda taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşjakdygyna we geljekde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam etjek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlejekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany medeni-gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar barada aýdyp, medeni-ruhy däpleriniň umumylygyny nygtap, bu ugurda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şol däpler bolsa türkmen we gyrgyz halklaryny birleşdirýär. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylym – bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda syýahatçylyk ulgamyny görkezdi. bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz muňa mysal hökmünde Yssyk köli we Awazany görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynyň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda hem bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ýene-de bir gezek ynam bildirip hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtap, Gyrgyzystanyň Baştutanyna söz berdi.

Prezident Almazbek Atambaýew mähirli garşylanandygy we Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Gyrgyzystanyň Baştutany aşyklar şäheri bolan ak mermerli Aşgabadyň gözelliginiň uly täsir galdyrýandygyny belledi. Prezident Almazbek Atambaýew bu ösüşde diňe bir tebigy mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmak bilen çäklenmän, eýsem, durnuklylyga, parahatçylyga we asudalyga uly sarpa goýýan türkmen halkynyň uly hyzmatynyň bardygyny nygtap, türkmen döwletiniň gülläp ösmegine hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny belledi.

Gyrgyzystanyň Baştutany ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünliklerini belläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika, şeýle hem elektrik energetikasy ulgamynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gyrgyz Lideri sport ulgamynda açylýan mümkinçilikler barada aýdyp, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Almazbek Atambaýew türkmen türgenleriniň şu ýylyň sentýabrynda Gyrgyzystanda geçirilen çarwalaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti türkmen döwletiniň dünýä giňişliginde eýeleýän möhüm ornuny we ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilik başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtap, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara – hukuk derejesiniň ähmiýetini belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary soňky ýyllarda ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilendigini kanagatlanmak bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew iki doganlyk halkyň taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi barada aýdyp, şol gatnaşyklary milli bähbitlere, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň täze wezipelerine laýyk gelýän täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, gumanitar ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn orun berilýär. Bu ulgamda gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanyldy. Iki döwletiň geografik taýdan amatly ýerleşişi hem-de üstaşyr-ulag mümkinçilikleri nazara alnyp, energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň meseleleri hem uly gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Ikiçäk duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda Türkmenistanň we Gyrgyz Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we gyrgyz wekiliýetiniň ähli agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Almazbek Atambaýewe minnetdarlyk bildirdi. Şu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we onuň netijeleriniň giň hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz halkara gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän orny barada aýdyp, Türkmenistanyň Bitarap ýurtdugyny nygtady. Biziň syýasatymyz syýasy, ykdysady, harby birleşiklere we toparlara goşulmazlykdan, umumadamzat gymmatlyklaryna, demokratiýanyň ýörelgelerine ygrarlylykdan, “açyk gapylar” syýasatyny geçirmekden, daşary ýurt maýalaryny çekmekden, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna çykarmagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça möhüm ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen döwleti energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek üçin şertleri üpjün etmegi sebitiň ösüşiniň, onuň rowaçlanmagynyň möhüm şertleriniň biri hasaplaýar. Türkmen Lideri geçen ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklip eden “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakyndaky Rezolýusiýany ikinji gezek biragyzdan kabul edendigini ýatladyp, Gyrgyzystanyň bu resminamanyň taslamasyny işjeň goldandygyny we Rezolýusiýanyň awtordaşlarynyň hataryna ilkinjileriň biri bolup goşulandygyny belledi.

Munuň özi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine garaýyşlarymyzyň gabat gelýändigine, bu wajyp mesele boýunça ysnyşykly gatnaşyklara taýýarlygyna şaýatlyk edýän möhüm ýagdaýdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň Gyrgyzystanyň goldawyna gatnaşyklarymyzyň hakyky hyzmatdaşlyk häsiýetine eýediginiň ýüze çykmasy, olaryň berkliginiň we ygtybarlylygynyň tassyklanmasy hökmünde baha berýändigini nygtady.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu başlangyçlaryň ösdürilmegi babatda Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda halkara bilermenler toparyny döretmegi teklip edýändigini aýtdy. Bu toparyň esasy maksady energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamakdan ybarat bolar. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda bilermenler toparynyň ilkinji mejlisiniň boljakdygyny belläp, Gyrgyz Respublikasyny onuň işine gatnaşmak üçin öz wekillerini ibermegi teklip etdi.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklarynyň geljegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň Türkmenistandan gündogar ugry boýunça turbageçirijileri gurmak işinde Gyrgyzystana özüniň strategiki hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu babatda Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Biziň ýurtlarymyzyň kontinental Ýewraziýa ugurlarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag taslamalarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmaga gatnaşmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy, owganystanüsti demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy, esasy awtoulag ýollarynyň, howa menzilleriniň gurulmagy uly geljegi, Aziýadaky we Ýewropadaky iri halkara bazarlaryna çykalgany, dünýä ykdysadyýetine we söwdasyna üstünlikli goşulyşmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda ulag meselesini doly göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.

Umumysebit ösüşi babatda hemişe suw-energetika meselesi bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň suw-energetika meselelerine halkara hukugynyň umumyykrar edilen kadalarynyň, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak we olara hormat goýmak esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda garalmagy we çözülmegi ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýyň şu gepleşikleriň aýratyn meselesi bolup durýandygyny nygtap, bu ýurtdaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagynyň diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly gazanylmalydygy babatda taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Halkara bileleşiginiň parahatçylyk dörediji kuwwatyndan, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Owganystanda has işjeň we giňden peýdalanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we öz tarapyndan Türkmenistanyň bu meselede Birleşen Milletler Guramasyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, bu işde BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň möhüm orun eýelemelidigi nygtaldy.

Gyrgyzystan biziň üçin goňşy, doganlyk ýurtdur, möhüm hyzmatdaşymyzdyr, onuň bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda giň gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, tutuş Aziýada howpsuzlygyň durnuklylygyny saklamak işinde möhüm şert hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany ählumumy we sebit syýasatynyň esasy wajyp meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygynyň ýa-da gabat gelýändiginiň, iri halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, sebitleýin düzümleriň birnäçesiniň çäklerinde işjeň gatnaşyk etmegiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. Biz geljekde hem bu ugra berk eýerip, ysnyşykly gatnaşyk ederis hem-de birek-biregi goldarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Gyrgyzystan Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak, gapma-garşylykly ýagdaýlara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik çäreler arkaly çözmek, özara düşünişmegi we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak, köptaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we olary nazara almak ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen birlikde, biziň ýurtlarymyzyň köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmazlyk ýagdaýynyň berk berjaý edilmegine we şu babatda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky ylalaşygyň düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilmegine ygrarlydyklaryny beýan edýändikleri nygtaldy. Türkmenistan we Gyrgyzystan şol ylalaşyga gatnaşýarlar. Biz BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde ýaragsyzlanmak ulgamynda iş ýüzünde anyk ädimleriň ädilmeginiň üstünde işläris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekstremistik ideologiýany ýaýratmak synanaşyklaryna, neşe serişdelerini geçirmek, ýaraglaryň kontrabandasy, adam söwdasy we beýleki bikanun iş bilen meşgullanýan jenaýatçylykly toparlaryň işine garşy göreşmegiň sebitleýin howpsuzlygyň möhüm mesesi bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň şu meselelerde Gyrgyzystan bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we özara ynanyşmak, iki doganlyk halkyň we döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyna iki tarapyň hem düşünmegi şol gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça kuwwatly itergi bermek, olary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin tagallalary edendigini nygtap, iki döwletiň arasynda işlenip taýýarlanan hukuk binýadynyň bardygyny, hökümet hem-de pudak derejesinde yzygiderli geňeşmeleriň we duşuşyklaryň geçirilýändigini belledi.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň kuwwatly senagat hem-de serişdeler binýadyna eýe bolan goňşular we hyzmatdaşlar bolup durýandygyny nygtap, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar meselelerine has işjeň çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy. Önümçilik kooperasiýasy, obasenagat toplumy, ulag, energetika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda giň möçberli taslamalaryň derejesine çykmagyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda türkmen we gyrgyz işewürleriniň, kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň has işjeň hereket etmelidigini, ykdysady-barlag edaralaryň işjeň goşulyşmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gyrgyz hökümetara toparyny döretmegiň wajypdygyny aýtdy, bu topara söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki işi giňeltmek barada teklipleri öwrenmek we taýýarlamak işi tabşyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak we ony goňşy döwletlere ibermek boýunça maksatnamany ynamly durmuşa geçirýändigini belläp, elektrik energiýasyny Gyrgyzystana eksport etmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz döwletara hyzmatdaşlygynda uly ähmiýete eýe bolan medeni-gumanitar we ylmy gatnaşyklar barada durup geçip, türkmen we gyrgyz halklarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň taryhçylary, etnografiýaçylary we edebiýatçylary üçin türkmen –gyrgyz taryhy gatnaşyklarynyň baý mirasyny gaýtadan dikeltmek boýunça bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem iki ýurtda festiwallary we Medeniýet günlerini guramak, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Türkmen Lideri şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň okuw mekdepleriniň arasynda işgärleri taýýarlamak hem-de ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň örän wajypdygyny belläp, Prezident Almazbek Atambaýew bilen bolan gepleşikleriň barşynda ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermek boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasynyň hormatly Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň we geljeginiň bardygyny ýüze çykarandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlyk bolsa uzakmöhletleýin özara bähbitlere laýyk gelýär, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak işine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Gyrgyzystanyň Prezidentine halkara giňişliginde ýurdumyzy goldaýandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine oňyn çemeleşýändigi, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Gyrgyzystanyň Baştutany mähirli garşylanandygy üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň özünde galdyran täsirleri barada aýtdy we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigini hem-de onuň halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Almazbek Atambaýew ak mermerli türkmen paýtagtyna hem-de onda soňky ýyllarda bolup geçen giň möçberli özgertmeleriň özünde uly täsir galdyrandygyny nygtady. Belent mertebeli myhman ýedi ýyl mundan ozal Aşgabada gelip görendigini we şondan bäri türkmen paýtagtynyň keşbiniň tanalmaz derejede özgerendigini aýtdy. Häzirki wagtda köpsanly ajaýyp binalar şäheriň görküne görk goşýar.

Şunda Gyrgyzystanyň Baştutany ýurduň gülläp ösmeginiň möhüm şerti hökmünde türkmen topragynda höküm sürýän parahatçylygyň we durnuklylygyň ornuny aýratyn nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli we öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Prezident Almazbek Atambaýew Türkmenistanyň Baştutanyna we onuň üsti bilen zähmetsöýer türkmen halkyna gazanylan üstünlikleri has-da artdyrmagy arzuw edip, ýurdumyza ilkinji resmi saparynyň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde möhüm ädim bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, Gyrgyzystanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we türkmen Lideriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berýän ünsüne ýokary baha berilýär. Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyz Respublikasynyň döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny tassyklap, ikiçäk gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Bu gepleşikler hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça taraplaryň pikirleriniň doly gabat gelýändigini görkezdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady we medeni – gumanitar gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde Bişkekde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagynyň ähmiýetini belledi. Belent mertebeli myhman halkara we sebit ähmiýetli meseleleriň ählisi boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini nygtap, Gyrgyzystanyň Türkmenistanyň döredijilik başlangyçlaryny, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyny aýtdy. Şol başlangyçlar bolsa diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň energetika we ulag ulgamyndaky, şol sanda ygtybarly üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarynyň wajypdygyny aýratyn belledi. Bu başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň biragyzdan goldawyna mynasyp bolýar.

Prezident Almazbek Atambaýew şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şu gün bolsa bu binýadyň üsti möhüm resminamalaryň birnäçesi bilen ýeitiriler. Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyzystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz hökümetara toparyny döretmegiň ähmiýetini belledi. Bu toparyň işi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ugruny öz içine alar. Şol toparyň ady hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Belent mertebeli myhman ýangyç-energetika toplumyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Gyrgyzystanyň bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Almazbek Atambaýew, iş ýüzünde ägirt uly serişdeler kuwwatyny sebitiň we tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirmäge taýýardygyny görkezýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Bular barada aýtmak bilen, Gyrgyzystanyň Baştutany ýangyç-energetika toplumynda gyrgyz – türkmen gatnaşyklarynyň sebit hyzmatdaşlygy babatda oňyn mysal bolup biljekdigini belledi. Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren iri halkara başlangyçlary hem muňa ýardam edýär.

Prezident Almazbek Atambaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Prezident Almazbek Atambaýew ýokary derejedäki şu gepleşikleriň ähli ulgamlarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiki akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky bedenterbiýe we sport baradaky döwlet agentliginiň arasynda bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet maliýe aňtawçylyk gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda salgyt kanunçylygynyň berjaý edilmeginiň meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk we özara kömek etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Ylalaşygyna gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama hem-de Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyna barýarlar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, öz kärdeşi Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçen şol gepleşikleriň barşynda taraplaryň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga çalyşýandygy we taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmen Lideri ählumumy we sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, Türkmenistan we Gyrgyzystan Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik çäreler arkaly çözmek, özara düşünişmegi, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak, köptaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we nazara almak işinde işjeň gatnaşyk etmegini dowam edýärler diýip aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ekstremizme, serhetýaka guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek meselelerinde hereketleri utgaşdyrmak barada ylalaşyldy. Şeýle özara gatnaşyklar sebitde durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orna eýedir. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, sebitleýin düzümleriň birnäçesiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygynyň we peýdalydygynyň ykrar edilendigini belledi. Biziň ýurtlarymyz şol guramalaryň agzalary bolup durýar.

Türkmenistan we Gyrgyzystan sebitde ýaragsyzlanmaga, ýaraglaryň ýaýradylmazlyk ýagdaýyny üpjün etmäge, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Ylalaşygy berk berjaý etmäge ýardam bermegini dowam edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ulgamda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde, sebit hem-de halkara forumlarynda iş ýüzünde çäreleri görmegiň üstünde bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany ýurtlarymyzyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy ýol bilen kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändiklerini belläp, diňe şeýle ýol arkaly owgan topragynda uzakmöhletleýin parahatçylygy we ylalaşygy gazanmak, syýasatda we ykdysadyýetde döredijilikli işlere geçmek üçin şertleri kemala getirmek, Owganystanyň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek bolar diýip aýtdy.

Milli Liderimiz gepleşikleriň esasy meseleleriniň hatarynda suw-energetika meselesini görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu meseläni çözmäge halkara hukugynyň umumyykrar edilen kadalary, birek-birege hormat goýmak we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagy nukdaýnazaryndan çemeleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berlendigini nygtap, taraplaryň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň ugry boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmek barada ylalaşandyklaryny habar berdi. Munuň özi gatnaşyklara kuwwatly itergi berer, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryna çykmaga ýardam eder.

Türkmen Lideri energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, Türkmenistanyň Gyrgyzystana möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan - Özbegistan – Täjigistan – Gyrgyzystan - Hytaý ugry boýunça gaz geçirijisini gurmak taslamasyny goldamak barada ylalaşyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy ulgamynda Gyrgyzystanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Gyrgyzystana energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmegiň täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň birinji mejlisine gatnaşmagyň teklip edilendigini habar berdi. Bu mejlisi şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda iki ýurduň Ýewraziýa ugurlarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşýändigi nazara alnyp, ulag ulgamynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ilkinji nobatda, Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleri we logistiki düzümi döretmekde iki ýurduň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesi barada durup geçip, Türkmenistanyň işjeň “açyk gapylar” syýasatyny geçirýän Bitarap döwletdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň häzirki wagtda ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, ýangyç serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, elektrik energiýasyny ibermäge degişli meseleleri çözmäge ygrarlydygyny tassyklady. “Biz Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ikitaraplaýyn gumanitar, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň bu ugurda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini, medeniýetleriň özara baýlaşmagy üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtady. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýurtlaryň ikisinde hem festiwallary we Medeniýet günlerini, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmek, halklarymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny gaýtadan dikeltmek boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, iki halkyň dostlugynyň we doganlygynyň umumylygy esasynda guraljakdygyny nygtap, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga hem-de özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berlendigini kanagatlanmak bilen belledi. Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidentine we wekiliýetiň ähli agzalaryna netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk gyrgyz halkyna parahatçylyk we rowaçlyk, döredijilikli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew žurnalistlere ýüzlenip, öz adyndan we Gyrgyzystanyň resmi wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimize myhmansöýerlik hem-de birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlemek babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutany özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, bu duşuşygyň döwletara aragatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýandygyny belledi.

Prezident Almazbek Atambaýewiň belleýşi ýaly, bilelikdäki resminamalara, şol sanda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki gyrgyz-türkmen Hökümetara toparynyň döredilmegi hem bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň özara gyzyklanma bildirilýän pudaklarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etjekdigini belledi. Prezident Almazbek Atambaýewiň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika, nebitgaz ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek gepleşikleriň möhüm meseleleriniň biri boldy. Gyrgyz Lideri taraplaryň Gyrgyzystana energiýa serişdelerini, şol sanda türkmen elektrik energiýasyny ibermek meselesiniň üstünde işlejekdigi barada ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimize eýýäm häzirden 700 million KWt/sagat ibermäge taýýardygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman bu baradaky gürrüňi dowam edip, iberiljek elektrik energiýasynyň möçberiniň bir milliard KWt/sagada we ondan köp möçbere çenli artdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Baştutany öz çykyşynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdi. Prezident Almazbek Atambaýew Türkmenistanda ulag ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň ýokary depginine, şol sanda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagyna haýran galýandygyny beýan edip, bu ýoluň iň uzyn bölegini öz güýçleri bilen guran türkmen demirýolçularynyň tejribesiniň geljekde Gyrgyzystanyň içinde demir ýollary çekmekde ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Baştutany ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy şu gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi. Prezident Almazbek Atambaýew bular barada aýdyp, bütin dünýäniň geljegi üçin türkmen döwletiniň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky başlangyçlarynyň, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine ýardam etjek ulag geçelgelerini döretmek baradaky oňyn teklipleriniň wajypdygyny belledi. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly sebitiň ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna ýükleri daşamagyň ýoluny gysgaltmaga mümkinçilik berer. Bu babatda şol möhüm ulag geçelgesini döretmek başlangyjy hem-de Türkmenistanyň bu ugurda geçirýän işleri tutuş sebit üçin, bütin Merkezi Aziýa üçin örän zerurdyr diýip, gyrgyz Lideri aýtdy.

Gyrgyzystanyň Baştutany gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine degip geçip, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň wajypdygyny aýtdy. Munuň özi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy arabaglanyşygy, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň umumylygy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, gyrgyz Lideri ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belledi. Prezident Almazbek Atambaýew geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, türkmen tarapynyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Almazbek Atambaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek ýyl Gyrgyz Respublikasyna boljak resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde türkmen Liderine uly üstünlikler, türkmenistanlylara bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň gyrgyz kärdeşi Almazbek Atambaýew bilen mähirli hoşlaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda iki dostlukly ýurduň Liderleri Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany sebitde iri atçylyk sport merkezine çagyrýar.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlarynyň öňünde ýörite syn ediş meýdançasynda naýbaşy tohumly ahalteke bedewleriniň gözellik sergisi guraldy, soňra bolsa “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ezber atlylar çapyp barýan ajaýyp ahalteke bedewleriniň üstünde joşgunly milli owazyň astynda özüne çekiji, çylşyrymly oýunlary görkezdiler. Bu özboluşly çykyş belent mertebeli myhmanda aýratyn täsir galdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, dünýä belli ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri ýurdumyzy baryp gadymy döwürlerde dünýä tanatdy. Olar, hakykatdan-da, täsin tohumdan bolup, gözellikde deňi-taýy ýokdur. Behişdi bedewlerimiziň haýran galdyrýan hereketleri, syratlylygy, gözelligi hiç kimi biparh goýmaýar.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen halky bedewe bolan aýawly we sarpaly garaýşyny müňlerçe ýyllaryň içinden şu güne ýetirdi. Häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly üns bermegi netijesinde ahalteke bedewleriniň tohumyny dikeltmek, aýawly saklamak we dünýä tanatmak, şol sanda halkara ylmy-maslahatlaryny, bäsleşikleri, sergileri we beýleki çäreleri guramak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilýär. Onda ajaýyp ahalteke bedewleriniň özboluşly tohumy bilen tanyşmak hem-de köpsanly at çapyşyklaryna gatnaşyp bolýar. Bu baýramçylykda atlar bilen nusgawy, şeýle hem halk oýunlary guralýar.

Atçylyk sport toplumyna baryp görmekden dörän täsirler üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirmek bilen, Prezident Almazbek Atambaýew şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy, gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz Liderine ikitaraplaýyn gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklar üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Gypjaga bardy, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hormatlap, kümmete gül desselerini goýdy we Türkmenbaşynyň ruhy metjidine baryp gördi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň awtoulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna tarap ugrady. Bu ýerde Prezident Almazbek Atambaýew gül dessesini goýdy, hormatly myhmanlaryň seýilbagynda, ajaýyp däbe görä, ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, taraplaryň giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassykladylar we Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra gyrgyz Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Watanyna ugrady.