Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 834
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Mejlisler merkeziniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gurulýan binasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar.

Milli Liderimiz bu ýerde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän desganyň umumy görnüşi bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz binanyň daşky bezegi, daş-töweregini döwrebap derejede abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Merkeziň eýwanynda Mejlisler merkezine degişli taslamalar, çyzgylar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, desgalaryň binagärlik keşbine, innnowasion tehnologiýalaryň ulanylyşyna degişli birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki zaman binagärlik we inžener-tehniki pikiriň hem-de milli binagärligiň iň oňat däpleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň paýtagtymyzyň täze binagärlik toplumlarynyň tapawutly aýratynlygy bolmalydygyny belledi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly bina bolan Mejlisler merkeziniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň binasynyň tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berip, bu babatda diňe bir iri resmi çäreleri we işewür duşuşyklary geçirmek üçin däl, eýsem, döredijilik bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertleriň döredilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Mejlisler merkeziniň eýwanynyň bezelişinde milli binagärlik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz merkeziň içki bezegi, yşyklandyrylyşy babatda degişli ýolbaşçylary birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz tomaşaçylar zalyna bardy. Milli Liderimiz zalyň we sahnanyň enjamlaşdyrylyş bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde diňe medeni çäreleriň geçirilmeginiň maksada laýyk boljakydygyny belläp, şeýle köpçülikleýin çäreler geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidgini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, binalaryň dünýä derejesinde köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin iň häzirki zaman enjamlar, ses ulgamlary we innowasion işläp taýýarlamalar bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz desgalaryň köpugurlydygyny nazara alyp, bu ýerde tehniki howpsuzlyk ulgamlarynyň sazlaşykly işini ýola goýmagyň hem-de adamlar üçin iň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň tehniki tarapyna aýratyn üns berip, bu işe innowasion tehnologiýalary giňden çekmek barada görkezme berdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Aşgabat sebitiň “binagärlik dürdänesi” diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr, ony häzirki wagtda ajaýyp köşkler, binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlary bezeýär. Şähergurluşyk ulgamynda innowasiýalar hem bu derejäni tassyklamalydyr, şäheriň, onuň köçeleriniň seýilgäh zolaklaryny bezemek aýratyn möhümdir.


Soňra hormattly Prezidentimiz Söwda-senagat edarasynyň binasyna gelip, bu ýerde sergileri açyk meýdançada guramaga niýetlenen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerden ak mermere örtülen Aşgabadyň ajaýyp keşbi, onuň täze desgalarynyň, häzirki zaman şaýollarynyň we ýollarynyň, seýilgähleriniň gözel keşbi açylýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynyň depginli ösýändigini, onuň ilatynyň artýandygyny, çäkleriniň giňelýändigini belläp, aşgabatlylaryň durmuşynyň ýokary ülňülerini hem-de tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi üpjün etjek şähergurluşyk syýasatynyň durmuşa geçirilişine degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, baş şäherimiz bolsa gözümiziň alnynda dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz maslahatlar zalynda geçiren söhbetdeşliginde türkmen paýtagtynyň özboluşly binagärlik bezegine öwrüljek bu binanyň derejesine aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze bina milli binagärligimiziň iň oňat däpleri bilen sazlaşykly utgaşyp, häzirki zaman bezegi bilen tapawutlanmalydyr, köpugurly bolmalydyr hem-de tehniki üpjünçiligi boýunça iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde ýurdumyzda guralýan halkara derejesindäki maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlejek otagyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu otagda döredilen şertler bile tanşyp, metbugat işgärleriniň ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki sergileri we maslahatlary giňden beýan etmegi üçin hemme mümkinçilikleriň, şol sanda döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalarynyň elýeterli bolmagy barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara derejesindäki iri möçberli sammitleri, maslahatlary, sergileri geçirmek üçin niýetlenen zala bardy. Hormatly Prezidentimiz bu zalyň milli binagärlik ýörelgeleri esasynda bezelişine hem-de yşyklandyrylyşyna kanagatlanma bildirip, şeýle köpugurly zalda halkara hem-de döwlet ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz binanyň ulanyş häsiýetnamalary, tehniki taýdan üpjünçiligi, şol sanda elektrik üpjünçilik, howany tämizleýiş ulgamlary bilen gyzyklanyp, iň häzirki zaman tehniki enjamlaryň peýdalanylmagynyň hem-de bu ýerde ýokary derejedäki çäreleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy emele getirýän desganyň aýratyn derejesine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz taslamalaryň durmuşa geçirilişinde innowasion tehnologiýalaryň we binagärlik babatda öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ulanylmalydygyny, desgalaryň niýetlenen maksady we binagärlik bezegi babatda birnäçe bellikleri, teklipleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan ähli binalaryň ygtybarly düzümler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň ulgamy, yşyklandyryjylar we beýleki ugurdaş desgalar bilen häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede üpjün edilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda meýilleşdirilen bu uly möçberli işleriň ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, biziň ýurdumyzda gurulýan dürli binalaryň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini bellemek bilen, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli berjaý edilmelidigini nygtady.

Bu işlerde hil derejesiniň baş talap bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynda ýokary hiliň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyndan çykyp, onuň daş-töwereginiň göwnejaý derejede abadanlaşdyrylmagyna we bagy-bossanlyga bürelmegine degişli meseleleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde halkara derejesindäki sergileriň we maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin binanyň öňündäki meýdançada ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda, şeýle hem Arçabil şaýolunyň ugrunda bina edilýän Abadançylyk binasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin bu ýere geldi. Bu bina Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasatynyň nyşany bolmalydyr.

Binanyň bezeg işleri barada aýdylanda bolsa, onda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň sazlaşykly utgaşýandygyny bellemeli. Binanyň sütünlerinde türkmen milli nagyşlarynyň öz ornuny tapmagy, olaryň özaralaryndaky sazlaşygy bu desganyň kaşaňlygyny artdyrýar.

Şeýle hem türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp bina edilýän bu desganyň çäginiň abadanlaşdyrylmagy, bu künjekde özboluşly yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagy hem-de binanyň çägindäki meýdançada ajaýyp suw çüwdürimleriniň bolmagy bu ýerleriniň gözelliginiň has-da artdyrar. Paýtagtymyzyň günorta künjegindäki merkezi şaýollarynyň çatrygynda gurulýan bu bina soňky ýyllarda ak şäherimiz Aşgabadyň işewürlik we medeni merkeziniň kemala gelýän ýerindäki beýleki desgalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer.

Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine we tabşyrygyna laýyklykda gurluşgy alnyp barylýan bu desga paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrar. Binanyň töwereginde döredilýän seýilgäh zolaklary we suw çüwdürimleri, olaryň taslama aýratynlyklary özboluşlylyga eýe bolup, onda binagärligiň öňdebaryjy ýörelgeleri peýdalanylýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, oňa degişli birnäçe bellikleri aýtdy, onuň Aşgabat şäheriniň bu künjeginde emele gelýän özboluşly binagärlik keşbine sazlaşmalydygyny belledi we bu ýerden ugrady.