Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haýme Hirona Duarteden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we dostlugy pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra bolup geçen söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekil hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ýurdumyzda türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, durmuşa geçirilýän iri möçberli milli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Diplomat şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
Ösüşiniň täze tapgyrynda Garaşsyz Türkmenistanda bolup geçýän ösüşlere beslenen özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, Kolumbiýanyň doly ygtyýarly wekili öz durmuş-ykdysady we medeni ösüşinde gysga wagtyň içinde täsir galdyryjy üstünlikleri gazangmagy başaran döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Kolumbiýa Türkmenistan tarapyndan halkara derejesindäki, şol sanda dünýäniň energetika howpsuzlygyny hem-de energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegi üpjün etmäge degişli öňe sürülýän başlangyçlary goldaýar diýip, ilçi aýtdy.
Türkmen-kolumbiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada pikir alşylanda, söwda-ykdysady ulgamda, nebitgaz pudagynda, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda iki dostlukly ýurtlaryň syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam edýän giň parlamentara aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda netijeli döwletara gepleşikleriniň işjeňleşdirilmegine iki tarapyň hem ymtylýandygy beýan edildi.
Şeýle hem Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

* * *