Ï Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 771
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen jenap Jong Te-ini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Koreýa Respublikasynda oňyn içeri we daşary syýasaty geçirýän hem-de durmuş-ykdysady ösüş babatda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň baştutanyna mähirli salamyny beýan edip, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklaryna ýokary baha berip, Türkmenistanyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýleki pudaklarda uly kuwwata eýe bolan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň tomsunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berendigi bellenildi.

Bilelikdäki hökümetara toparynyň işjeň işi, Koreýanyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co. Ltd” ýaly meşhur kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşarylýan, halkara ähmiýetli düzümleýin iri taslamalara gatnaşýandygy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Olaryň hatarynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem gurluşygyna şu ýylyň aprel aýynda badalga berlen Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalar bar. Şunda Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Muňa häzirki döwürde türkmen bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi ýardam edýär.

Türkmen-koreý gatnaşyklaynyň möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar ulgam hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jong Te-in iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Diplomat uzakmöhletleýin esasda guralýan we strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.