Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 776
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň maliýe-ykdysady düzümleriniň we bank edaralarynyň, şeýle hem salgyt we statistika edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmäge ýardam etjek toplumlaýyn maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp babatda ykdysady we maliýe ulgamlaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, degişli edaralaryň işine öňdebaryjy tehnologiýalary, dolandyryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine baglydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidetimiz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berip, şu ulgamlar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dünýäniň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmek hem-de abraýly halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça işi barada durup geçip, Mejlisiň komitetlerinde birnäçe ugurlar boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän namalara üýtgetmelri we goşmaçalary girizmek boýunça işiň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Parlamentiň geçen hepdede geçirilen nobatdaky maslahatynda içeri we daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlara hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip düzülen täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara parlamentara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine degişli wezipeleri berjaý etmegiň möhüm usuly bolup durýandygyny belledi. Bu resminama milli ykdysadyýetde durnukly ösüş depginleriniň saklanmagyna, iri maýa goýumly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, döwlet harajatlarynyň netijeliliginiň ýokary bolmagynyň üpjün edilmegine we tutuşlygyna alanyňda, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça kanun çykaryjylygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, ileri tutulýan milli ugurlary göz öňünde tutmak arkaly, halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň we ornaşdyrylmagynyň, parlamentara hyzmatdyşlygyny giňeltmegiň möhümdigine Mejlisiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şäher gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen degişli meselelere ünsi güýçlendirmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynyň ösdürilmegine degişli meselä ünsi çekip, şunda adamlaryň ýaşaýşy üçin has oňaýly şertleri döretmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary, şol sanda geljegi göz öňünde tutmak arkaly şäheriň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, Aşgabatdaky täze gurluşyklarda işleriň oňat hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçiligiň amala aşyrylmagyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda pagta ýygymynyň hem-de ak ekinlere ideg işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, wise-premýer şu ýylyň 29-30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasyna, “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Şeýle hem noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Hasyl toýy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada habar berildi. Aşgabadyň atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäresiniň merkezine öwrüler. Dabaranyň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde oba hojalyk önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guralar, milli sport bäsleşikleri, aýdymçy-sazandalaryň çykyşlary, at çapyşyklary bolar. Şeýle hem önümçiligiň öňdebaryjylaryny – tanymal kärendeçileri, mehanizatorlary we obasenagat toplumynyň beýleki işgärleriniň sylaglanmagyna bagyşlanan dabara bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda wese-premýere birnäçe tabşyryklar berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daýhan hojalyklarynyň 2015-nji ýylyň hasyly üçin zerur bolan mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň pagta önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasynyň we maslahatyň tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, Watanymyzyň ýeten derejesini äşgär etmek babatda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyrdy.

Hasyl toýy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz täze taryhy eýýamda bu baýramçylygyň türkmen daýhanlarynyň - hasyl ussatlarynyň egsilmez zehininiň, zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň berekediniň şanyna tutulýandygyny aýtdy. Şeýle hem munuň özi döwletimiziň oba hojalyk işgärleri we obasenagat toplumynyň ösdürilmegi babatda edýän aladasynyň netijesidir. Şunuň bilen bagylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde däp boýunça giňden bellenilýän ählhalk dabarasyna ykjam taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Aşgabatda 18-20-nji noýabrda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2014” atly halkara sergisiniň we “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Oňa dürli ýurtlardan hünärmenler, şol sanda belli iri kompaniýalaryň wekilleri gatrnaşmaga isleg bildirdiler.

Onuň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tranzaksion Geňeşçisi bilen Hyzmatlaryň Ylalaşygynyň, Tehniki iş toparynyň we TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçylyk ediji komitetiň mejlislerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini däl-de, eýsem, Aziýa sebitinde dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tansmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny işjeňleşdirmek boýunça çäreleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Bu iri energetika taslamasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz munuň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga anyk goşant boljakdygyny nygtdy.

Şunuň bilen bagygylda, döwlet Baştutanmyz wise-premýere TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Aşgabatda geçiriljek halkara nebitgaz sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň serişde we senagat kuwwatyny görkezmäge gönükdirilendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary we iri maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmekde baý tejribesi bolan kompaniýalar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmerine ýardam etjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 21-24-nji noýabrda ýurdumyzda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu çäräniň çäklerinde ABŞ-nyň sungat ussatlarynyň konsertiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amerikan we türkmen suratkeşleriniň bilelikdäki sergisiniň, “Aşgabat” kinoteatrynda amerikan kinofilmleriniň görkezilişiniň, “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki konsertiniň, döredijilik işgärleri, ýurdumyzyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklaryň guraljakdygyny habar berdi. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde hem şeýle çäreler geçiriler. Amerikaly myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary bilen tanşarlar hem-de türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haasbaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän halkara medeni çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, medeniýet işgärleriniň üstünlikli döredijilik gatnaşyklary üçin ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň 19-24-nji noýabry aralygynda Aşgabatda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilimegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu ýaryş Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Guşakly göreş boýunnça Halkara federasiýasy we Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasy bilen bilelikde guralýar.

Çempionata taýýrlyk görmegiň netijesinde şu ýylyň 24-29-njy iýuny aralygynda Aşgabatda bu federasiýalaryň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň şunuň ýaly federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda milli we halkara derejeli eminleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Guşakly göreş we milli göreş boýunça dünýä çempionatyna Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlardan türgenleriň we tanymal türkmen pälwanlarynyň köp sanlysy gatnaşar. Guşakly göreş boýunça Halkara federasiýasy bilen bilelikde çempionaty geçirmegiň meýilnamasy işlenip düzüldi. Onuň nyşany, ýeňijileri sylaglamak üçin ýörite kuboklar we medallar taýýarlanyldy.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işiň sazlaşykly depginlerini saklamagyň möhümdigini aýdyp, döwrebap düzümi ösdürmegi, ýurdumyzyň sport babatdaky mümkinçiliklerini artdyrmagy, ýokary derejeli tälimçileri we türgenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmegi, halkara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy, sport boýunça ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi.

Milli Lidererimiz guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň, oňa gatnaşýanlar üçin ähli zerur şertleri döretmegiň meselelere ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi hem-de onuň Türkmenistanyň dünýäniň sport älemindäki abraýynyň has-da artmagyna, iri sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça tejribe toplanmagyna degerli ýardam bermelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleri ýagdaýy, ulgamyň önümçilik düzümini, şol sanda himiýa senagatyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň binýadyny ylmy esasda pugtalandyrmak, onuň ugurlaryny giňeltmek, we ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we täze önümçlik kuwwatlyklarynyň döredilmegi, senagat harytlarynyň eksport möçberleriniň artdyrylmagy babatda alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýetli bu pudagyň desgalarynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda durmuşa geçirilýän işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýeriň hasabat bermegine görä, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyna laýyklykda” ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda suw arassalaýjy zawodlaryň we suwy süýjedýän desgalaryň gurulýandygy bellenildi. Bar bolan desgalar döwrebaplaşdyrylýar, suw geçirijileriň ulgamlary täzelenýär. Şeýle hem wise-premýer sarp edilýän suwy ölçeýji enjamlary oturtmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýaşaýyş-jemagat hyzmatlaryny berjaý etmegiň we agyz suwy bilen üpjünçiligi gowulandyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz adamlar baradaky aladanyň elmydama Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugur bolmagynda galýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň halkymyzyň abadan durmugşyny üpjün etmek, türkmenistanlylaryň göwnejaý durmuşy, döredijilikli zähmeti we oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly maksatlara ýetilmegine gönükdirilendigini aýdyp, öňde durýan wezipeleriň, şol sanda suw serişdeleriniň aýawly we rejeli peýdalanylmagyna oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden döwrebap enjamlaryň yzygiderli satyn alynmalydygyna ünsi çekip wise-premýere bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmek, haryt bolçulygyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şelýe hem wise-premýer Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasyny guramaga görülýän taýýarylyk işleri hakynda aýtdy.

Hasabatyň çäklerinde 2015-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji oktýabry aralygynda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen Bütindünýä “EKSPO-2015” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Hususan-da, şol sergide ýurdumyzyň milli bölüminiň taslamasyny düzmek we ulanmaga doly taýýar edip gurmak, bezemek we dolandyrmak bilen bagly hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň degişli şertnamany baglaşmak hem-de ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň milli sergi bölümini guramak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sergi-ýarmarkasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň Belarus Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk babatda baý tejribesiniň we ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ykdysadyýetiň serişde binýadyny nazara alyp, bu hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitleri eýelemäge gönükdirilendigini aýtdy. Özara gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmekde şeýle çäreleriň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz olaryň däp bolan ugurlarda bolşy ýaly, täze şertlerde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň işjeň guraly bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň eksport we daşary haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýolkarlandyrmak üçin halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň dünýädäki abraýyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada aýtmak bilen, “EKSPO” ýaly ählumumy gözden geçirilişe gatnaşmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Milanyň sergi toplumynyň çäklerinde türkmen bölüminiň gurluşygyny amala aşyrmak hakyndaky karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin taýýarlyk görmek boýunça bellenilen ähli çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlarynyň uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli harytlar bilen üpjünçiligini, söwda kadalarynyň berjaý edilişini, harytlaryň hilini, iň esasy bolsa alyjylara edilýän hyzmatyň medeniýetiniň derejesini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “KAMAZ” kysymly awtoulaglary, ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň durnukly ösdürilmeginiň tutuşlygyna alanyňda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanda awtoulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berýändigini nygtap, onuň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn kärhanalaryň häzirkizaman awtomobilleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň ulag ulgamyny ösdürmekde ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, wise-premýere olara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we abadançylyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.