Ï Türkmenistanda Argentinanyň ilçisi işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Argentinanyň ilçisi işläp başlady

view-icon 696
Şu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pablo Anselmo Tettamantinden??? Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamengtiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistanda diplomatik işiniň başlanmagy bilen gutlap, deňhukuklylyga, dostluga we özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere görä guralýan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşygyny ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda göwnaçyk ýagdaýda kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Argentina Respublikasynyň Prezidenti Kristina Fernandes de Kirşneriň milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ykdysady rowaçlygyň, ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Argentinanyň doly ygtyýarly wekiliniň bellemegine görä, onuň ýurdunda türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan ýöredilýän öňdengörüjilikli syýasatyna hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirip öňe sürýän möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we dolulygyna oňlanylýar.

Duşuşygyň barşynda myhman milli Liderimiziň başlangyjy boýunça halkymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Latyn Amerikasyndaky ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Öz gezeginde jenap Pablo Anselmo Tettamantin eenergetika, oba hojylygy üçin maşyn gurluşygy ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere ýokary baha berdi hem-de energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmekde oňaýly ýagdaýlaryň bardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de dostlukly iki ýurduň kanun çykarmak boýunça toplan tejribesini alyşmagyň meseleleri barada aýratyn pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk babatda üstünlikleri gazanýandygyny, şeýle hem bu ulgamlary ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny göz öňünde tutmak arkaly, medeniýet-gumanitar ugur boýunça türkmen-argentina gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we ösdürmegiň maksada laýykdygyny bellediler.

* * *

Şu gün ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde-de kabul edildi, şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.