Ï 18-nji noýabrda – Türkmenistana Italiýa Respublikasynyň premýer-ministri Matteo Rensi iş sapary bilen gelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

18-nji noýabrda – Türkmenistana Italiýa Respublikasynyň premýer-ministri Matteo Rensi iş sapary bilen gelýär

view-icon 733
Bu sapar we Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler soňky ýyllarda giňelen döwletara türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Onuň ýokary depginleri iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak, uzak möhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan giň gerimli hyzmatdaşlygy ugur edinýändigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry hut şol ýörelgelere esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa ugry şol döredijilikli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýewropaly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary, döwletara derejesinde, şeýle hem Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, elbetde, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň güýzünde Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary kuwwatly itergi berdi. Şol sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başyny başlady.

Dostlukly ýurtlaryň halkara durmuşynyň ençeme möhüm meseleleri boýunça nukdaýnazarlarynyň hem gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellemek gerek. Italiýanyň BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýasyny, Türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe süren beýleki halkara başlangyçlaryny goldamagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Garaşylyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri bolar. Şunda Türkmenistanyň we Italiýanyň bir-birine teklip eder ýaly zatlary köpdür.

Energetika ulgamynda, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, dokma senagatynda, oba senagat toplumynda we beýleki birnäçe pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin örän oňaýly mümkinçilikler bar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolmak bilen Italiýa hem öz nobatynda Türkmenistan üçin öz tehnologik we söwda-ykdysady kuwwaty babatda uly gyzyklanma döredýär.

Häzir iri italýan kompaniýalary geljegi uly bolan türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýar. Munuň şeýledigini olaryň Aşgabat şäherinde geçirilýän pudaklaýyn sergilere, maslahatlara we beýleki çärelere yzygiderli gatnaşmagy aýdyň tassyklaýar. Türkmenistan hem öz nobatynda geljek ýyl Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek “EKSPO-2015” atly Bütindünýä sergisine gatnaşar.

Türkmenistan we Italiýa ynsanperwer hyzmatdaşlygyna döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn üns berýärler. Şunda bilim we ylym, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolup durýar, türkmen we italýan halklary gadymy baý medeniýetleriň mirasdüşerleridir, bu bolsa netijeli gatnaşyklary, medeni alyşmalary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şol gatnaşyklar soňky döwürde täze tejribe we mazmun bilen baýlaşdy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň XVI halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baş baýraklary munuň aýdyň mysalydyr. Bu festiwal şu ýylyň oktýabyrynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirildi.

Şu gezekki gepleşikleriň barşynda ynanyşmak, deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da berkitjek ikitaraplaýyn resminamara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, taraplaryň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary özara erk-islegiň esasynda ösdürmäge üýtgewsiz çalyşmagyna esaslanan türkmen-italýan hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny ynamly aýtmak bolar. Özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we meýilnamalary munuň ygtybarly girewi bolup durýar. Olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bolsa Türkmenistanyň we Italiýanyň dostlukly halklarynyň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat eder.