Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň taslamasy boýunça ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň dag-magdan serişdeleri we nebit ministri Mohammad Akbar Barakzaýy kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmen döwletiniň Baştutanyna ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollan Owganyslan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani Ahmadzadeniň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyp geçilişi ýaly Owganystanda bitarap Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän parahatçylyk söýüji uzakdan görüji syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ygtybarly berkidýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna örän uly sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we öz owgan kärdeşine salam ýollap, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly, oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan dikelmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen halky parahat we durnukly durmuşa çalyşmagynda owgan halky bilen tüýs ýürekden raýdaşdyr diýip döwlet Baştutanymyz aýtmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki taryhy netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýän diýip belledi.
Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we has anyk aýdylanda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsi bolmak bilen oňa gatnaşyjy her bir ýurduň we tutuşlygyna alnanda ähli sebitiň halklaryna abadançylyk getirjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýarlyk meselesi gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy. Bu babatda myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň giň möçberli energetika howpsuzlygyny, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagy üpjün etmäge, şeýle hem häzirki döwrüň beýleki möhüm meselelerini çözmäge degişli başlangyçlaryny owgan tarapynyň doly goldaýandygyny beýan etdi.
Her bir taslama, ilkinji nobatda onuň ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy we gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň täjirçilik taýdan peýda görmeginiň nukdaýnazaryndan garaýarys diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaz bazaryndaky öz eksport düzümlerini has kanunalaýyk giňeltmäge çalyşýandygyny nygtady. Ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Türkmenistan, Owganystan-Täjigistan demirýoluny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmek sebitleýin möçberde has geljegi uly we peýdaly bolup durýar, onuň ulanylmaga berilmegi bilen bu ugur Aziýa sebitinde häzirki zaman şaha ýaýradan ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmegiň aýrylmaz halkasy bolar. Durmuşa geçirilýän taslamalaryň hatarynda iri elektrik-energetiki düzümler hem bar. Bu babatda milli Liderimiz şu ýyl elektrik geçiriji ulgamyň Owganystana çenli ýetiriljekdigini belledi, munuň özi goňşy ýurda elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmaga mümkinçilik berer.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen Lideri we Owganystan Yslam Respublikasynyň dag-magdan serişdeleri we nebit ministri türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taraplaryň iň oňat dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, iki tarapyň hoşniýetli erk-islegine daýanyp mundan beýläk-de berkejekdigine hem-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi gatnaşdy.