Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda myhman döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol tutuş Türkmenistanyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Premýer-ministriň nygtaýşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Minsk şäherine bolan resmi saparynyň üstünlikli netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini hem-de Türkmenistanyň we Belarusuň halkara durmuşynyň esasy meselelerine bolan garaýyşlarynyň ýakyndygyny, ösüşiň we ählumumy parahatçylygy berkitmegiň bähbidine bilelikde işlemäge özara taýýarlygyny görkezdi. Belarusda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilmegi ýurtlarymzyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapyra çykandygyny alamatlandyryp, hyzmatdaşlygymyzyň uzakmöhletleýin häsiýete eýedigine, ony ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigine ynam döredýär.
Belarus tarapy türkmen döwleti bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup galýar. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde, GDA-nyň hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde täze mazmuna eýe boldy diýip, M.Mýasnikowiç belledi.
Milli Liderimiz öz gezeginde Belarus Respublikasynyň Prezidentine we halkyna salam ýollap, Türkmenistanyň hem döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýändigini, şol gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda ösýändigini belledi. Munuň özi dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň has ýokary derejesine çykmak üçin sebit we halkara guramalarynyň derejesinde özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.
Belarus hökümetiniň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde ol Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Garlyk dag-magdan kärhanasynyň gurluşyk meýdançasyna baryp, bu ýerde amala aşyrylýan işleriň barşy, şol sanda tehnologik enjamlary we gurallary oturtmak, dürli önümçilik desgalaryny gurmak bilen bagly işleriň barşy bilen tanyşdy.
Bulardan başga-da, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň taslamasynyň tanyşdyryş çäresine gatnaşdy. Belarusuň diplomatik wekilhanasynda geçirilen çäreden soň, M.Mýasnikowiç türkmen paýtagtynda “MAZ” hyzmat ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bu iş saparyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasyny gurmagyň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, belarus tarapy bu ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ähli işleriň ýokary hilli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalary eder. Duşuşykda Garlyk dag-magdan kärhanasyny gurmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň çözgüdini tapmaga çemeleşmeler ylalaşyldy.
Garlykda kaliý duzlarynyň ýatagyny işläp taýýarlamak we onuň binýadynda iri senagat kärhanasyny gurmak türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze döwür we Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin täze dag-magdan pudagyny döretmekde ilkinji ädim bolup durýar. Ýokary hilli hasyl almak üçin zerur bolan kaliý dökünleriniň öndürilmegi oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge täze itergi berip, ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmaga, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly önümleriň görnüşini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Belarus kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň üçüsiniň hataryna girýär. Türkmen Lideri bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň türkmen we belarus halklarynyň bähbidine, ählumumy ösüşiň bähbidine täze işleriň we başlangyçlaryň girewine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak babatda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we ulag ulgamlary, maşyngurluşyk pudagy, oba hojalygy, energetika, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr M.Mýasnikowiç hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetini belläp, häzirki wagtda şol gatnaşyklaryň innowasiýa ösüş tapgyryna geçendigini, şunda işgärleri taýýarlamakda, şeýle hem täze taslamalary we bilelikdäki kompaniýalary döretmek boýunça, ylmy tehnologiýa ulgamda, senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak we olary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmekde işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigini bellediler.
Söhbetdeşler şeýle hem däbe öwrülen ikitaraplaýyn medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň, şol sanda bilim we ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Garlykdaky kärhanada işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maksat Belarusuň tehnologik uniwersitetlerine türkmen talyplarynyň 200-den gowragy okuwa iberildi.
Mundan başga-da, taraplar GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň öňde boljak duşuşygynda garaljak meseleler barada pikir alşyp, Arkalaşygyň giňişliginde söwda-ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garaýyşlaryň birdigini ýene bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç iki dostlykly ýurduň we halklaryň bähbidine gabat gelýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.