Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.
Myhman döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny ýetirdi we Täjigistanyň parahatçylyksöýüji döredijilikli syýasaty ýöredýän dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge örän gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şol syýasat bu ýurda we onuň Liderine ýokary halkara abraýyny getirdi. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň hökümetiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilýän wekilçilikli maslahatyň ähmiýetini belledi hem-de türkmen topragynda bolup geçýän häzirki duşuşygyň oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňat netijeleri berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň ýokary ýolbaşçylygyna mähirli salamyny aýdyp, türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň oňyn, netijeli häsiýetini nygtady. Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge tarap alnan ugra ygrarlydygy onuň esasynda goýuldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn esasda hem, GDA-nyň çäklerinde hem özara gatnaşyklary giňeltmäge degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki halkyň köp asyrlyk dostluk we ruhy umumylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine üns berildi.
Dostlukly ýurduň hökümet baştutany uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, Täjigistanyň ulag ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Diňe bir iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine däl, eýsem, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň maksatlaryna hem hyzmat etjek Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmagyň iri taslamasyny durmuşa geçirmek oňa kuwwatly itergi berer. Şeýle hem energetika, söwda we senagat ulgamlarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Türkmen Lideri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hakynda söz açyp, özgertmeleriň bellenilen maksatnamasynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigini hem-de işjeň ýöredilýän durmuş syýasaty bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady. Bu babatda bilim ulgamynda ileri tutulýan ugurlary nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda medeni hem-de döredijilik alyş-çalyşlaryny geçirmegiň özara peýdaly iş tejribesini dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap alnan ugry nazara almak bilen, oňyn ýagdaýda dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.