Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri jenap Jam Kamal Hany kabul etdi. Ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, milli Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler netijesinde depginli ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Bu ýurt bilen Türkmenistany dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň öňden gelýän gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Nygtalyp geçilişi ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek bilen biziň ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen, ilkinji nobatda, sebit we halkara ähmiýetli wajyp taslamalary, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaş bolup çykyş edýän ýakyn goňşular bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar aragatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga gyzyklanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň öňdengörüjiliklidigini we netijelidigini belläp, myhman türkmen paýtagtynda TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň hem-de Tehniki iş toparynyň mejlisleriniň yzygiderli guralýandygy üçin, şeýle hem täze gaz geçirijisiniň taslamasyna dünýäniň işewür toparlarynyň, hususan-da, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlarynyň ünsüniň giňden çekilýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.
Jenap Jam Kamal Han TOPH transkontinental gaz geçirijisiniň gurluşygynyň wajypdygyny aýratyn nygtap, gaz pudagynda, gürrüňsiz suratda, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hyzmat etjek bu taslamanyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine Pakistanyň uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň mundan beýläkki işine üstünlik arzuw edip, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin we kepillikli iberilmegini ýakyn geljekde üpjün etjek gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dünýäniň iri bazarlaryna energiýa serişdelerini ýetirmegiň köptaraply ulgamyny döretmäge tarap ugur alan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek ýolunda ýene-de bir ädimdigini nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze energetika köprüsi, gürrüňsiz suratda, oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitlidir, şol bir wagtda-da onuň ähmiýeti has giňdir. Eýýäm häzirden geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky hem-de umuman, sebitdäki ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklarynyň ähli ulgamlaryna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply TOPH taslamasynyň iş ýüzünde birleşdiriji we durnuklaşdyryjy häsiýeti barada aýtmaga mümkinçilik berýändigi aýdyňdyr.