Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Myhman GDA-nyň çäklerinde ähmiýetli duşuşygyň geçirilmegine berýän uly goldawy we ýokary derejedäki guramaçylyk taýýarlygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine netijeli çemeleşmeleri görkezýändigini nygtady. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, türkmen döwleti Arkalaşygyň giňişliginde ýakynlaşmak ugrunda özara gatnaşyk etmek, açyklyk we netijeli gepleşikler ýörelgelerine yzygiderli eýerýär diýip, Sergeý Lebedew aýtdy. Türkmenistanyň bu ýörelgesi we türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlary döwrüň wakalaryny hem-de ähli taraplaryň milli bähbitlerini nazarda tutup, netijeli aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilip, GDA agza ýurtlarynyň doly goldawyna eýe bolýar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ugur kesgitleýji ýörelgeleriniň hatarynda çykyş edýändigini nygtady. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň ýurtlary bilen giňden özara gatnaşyk etmek syýasatyny amala aşyryp, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň geçiriljek mejlisiniň gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň esasy taraplary boýunça özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady ulgam, däp bolan medeni-gumanitar aragatnaşyklaryny giňeltmek we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy. Pursatdan peýdalanyp, Sergeý Lebedew türkmen döwletiniň Baştutanyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmek baradaky başlangyjy we onuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirdi. Bu çäre şu ýylyň sentýabrynda Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Aşgabat Sammitiniň netijeleriniň hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin ygtybarly esas, däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, GDA-nyň giňişliginde ynam we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak işine goşant bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.