Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň baştutany Joomart Otorbaýew bilen duşuşdy.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden salamyny ýetirip, onuň döwlet Baştutanymyza iberen hatyny gowşurdy. Şol hatda onuň ýakynda Aşgabada bolan ilkinji resmi sapary mahaly Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.
Myhmanyň belleýşi ýaly, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň noýabr aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary iki ýurduň hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi. Şol saparyň barşynda netijeli gatnaşyklara özara gyzyklanmany nazara almak bilen uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy goýan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Golaýda döredilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça toparyň işi hem-de Gyrgyzystanda Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagy hem gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.
Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutany ähli ugurlar boýunça türkmen döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge Gyrgyz Respublikasynyň ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Gyrgyzystanda Türkmenistanyň doganlyk halkynyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanylýandygyny bellemek bilen, bu haýran galdyryjy üstünlikleriň türkmen Lideriniň yzygiderli ýöredýän öňdebaryjy syýasatynyň netijesi bolup durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halklarynyň köp asyrlyk umumy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy-medeni gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamda oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýandygyny belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli netijeli türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge soňky ýyllarda uly gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanmak bilen nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana bolan saparynyň jemleriniň giň möçberli ösüşiň möhüm meselelerine iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyny tassyklandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de saklamak ýaly möhüm meselelerde garaýyşlaryň meňzeşdigini belledi.
Söhbetdeşler ýurtlaryň ikisiniň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda GDA-nyň çäklerinde sebitleýin gatnaşyklarda hem hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinen möhüm çäreleri görýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şeýle hem gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar bu bähbitleriň çägine girýär, şol ulgamda dostlukly döwletler baý oňyn tejribe topladylar.
Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda olary milli bähbitlere hem, sebit möçberde halkara hyzmatdaşlygynyň täze wezipelerine hem laýyk gelýän täze derejä çykarmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi we taýýardygy beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz hem-de myhman Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini ýene-de bir gezek tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky isleg-arzuwlaryny aýtdylar.