Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 899
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhman “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2014” atly halkara serginiň hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlyk: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi.

Igor Makarow wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanýandygyna buýsanýar diýip belledi. Işewüriň belleýşi ýaly, häzirki forum Türkmen döwletiniň halkara abraýynyň artýandygyna, şeýle hem dünýä bileleşiginiň biziň ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz ençeme ýyl bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýän “Itera” bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, oňa ynanylan taslamalary amala aşyrmaga jogapkärli çemeleşýändigi üçin holdingiň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Häzir düýpli döwrebaplaşmak tapgyryny başdan geçirýän Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap ugur aldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylanda, öňdebaryjy tehnologiýalary dolandyrmak we önümçilige ornaşdyrmak babatda iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýetiň berilýändigini aýtdy.

Ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmagyň barşynda holdingiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň depginleri hakynda habar berdi. “Itera” kompaniýasynyň geljegi uly bolan türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge ymtylýandygyny aýtmak bilen işewür birnäçe tekliplerini, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlaýan giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmak babatda tekliplerini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür döwlet Baştutanymyza bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän holdinginiň özara bähbitli, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek üçin zerur bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.