Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň nebit we gaz ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň nebit we gaz ministrini kabul etdi

view-icon 669
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň nebit we gaz ministri jenap Dharmendra Pradhany kabul etdi. Ministr Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, hindi tarapynyň Türkmenistanyň başyny başlan energetika taslamasyna ygrarlydygyny aýtdy. Şunda ol öz ýurdunyň şol taslamanyň tiz wagtda iş ýüzünde amala aşyrylmagyna taýýardygyny hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň özi çalt depginler bilen ösýän hindi ykdysadyýetiniň energiýa serişdelerine artýan islegi bilen şertlendirilendir.

Türkmen döwletiniň Baştutany Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň geçen ýyllaryň içinde ýola goýlan türkmen-hindi gatnaşyklaryna tüýs ýürekden sarpa goýýandygyny we olaryň has-da ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem täze mazmun bilen baýlaşjakdygyna ynam bildirdi.

Özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman Ýolbaşçy komitetiň öňde boljak mejlisiniň gün tertibine girizilen hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini ýakyn wagtda gurmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunda olar sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, taslama gatnaşýan ýurtlaryň halklarynyň dostlugyny we abadançylygyny berkitmek işinde geljekki transmilli gaz geçirijisiniň ägirt uly ähmiýetini bellediler.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijelilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ýardam eder diýip bellemek bilen, Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman taraplaryň bu taslamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmaga ymtylýandyny hem-de şol maksatlar üçin zerur bolan ähli çäreleri görmäge taýýardygyny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistan Respublikasynyň nebit we gaz ministri däbe öwrülen türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan isleglerine daýanmak bilen geljekde hem iki dostlukly döwletleriň we halklaryň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasad gatnaşdy.