Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Didýe Burkhalteriň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Şweýsariýanyň baştutanyny hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar, şol ýerde Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini “Mawy zala” çagyrýar, şol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Şu duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň anyk ugurlary bellenildi.
Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň oktýabrynda Şweýsariýa bolan ilkinji saparynyň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary üçin täze taryhy ähmiýete eýe bolandygyny bellemelidiris. Şol saparyň barşynda Bernde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ugurlarda – söwda we maliýe gatnaşyklary, dipomatiýa we howpsuzlyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Dürli derejedäki wekiliýetleri alyşmak, halkara guramalarynyň, şol sanda Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Bütindünýä banky ýaly abraýly maliýe düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär.
Baý tebigy we ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan Türkmenistan bu kuwwaty bütin adamzadyň abadançylygynyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Ýurdumyz dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirip, şunda bu ugurda maksadalaýyk işleri geçirýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanda şweýsar maýasynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Olar bilelikdäki taslamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirmäge goşant goşgular we goşant goşýarlar. Ýöne ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň görkezijileri entek esasy pudaklaryň ençemesi boýunça bar bolan uly kuwwaty doly şöhlelendirmeýär. Şol pudaklaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, senagatyň ýokary tehnologiýaly ulgamlary, maýa goýum, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar bar. Türkmenistan şeýle hem Şweýsariýa bilen maşyngurluşyk, himiýa, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, derman senagaty we biohimiýa önümçiligi ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr.
Ulag ulgamynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda yklmyüsti demir ýoluň—“Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak işi dowam edýär. Munuň özi “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça Ýewropa çykmak arkaly ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer. Bu ähli ulgamlarda türkmen tarapy şweýsariýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyr.
Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek, türkmen hünärmenlerini Berniň, Ženewanyň we ýurduň beýleki şäherleriniň bilim edaralarynda okatmak mümkinçiliklerinden peýdalanmak ulgamlarynda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem wajypdyr. Türkmenistan syýahatçylyk düzümini döretmek we şypahana işi ulgamynda Şweýsariýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär. Hazaryň kenarynda halkara derejeli täze deňiz şypahanasynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamany nazara almak bilen, bu babatda oňat mümkinçilikler döreýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işinde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Döwletleriň ikisiniň hem dünýäde ähli ýurtlaryň parahatçylykly gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etmäge çalşyp durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Iki ýurduň Liderleri şu meselä aýratyn üns berip, ählumumy durnukly ösüşiň esasy meseleleri, Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň daşary syýasat strategiýasynda şol meseleleriň goýluşy boýunça dünýägaraýşynyň ýakyndygyny bellediler. Belent mertebeli myhman türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesini seçip almagyny goldaýandygyny we hoşallyk bildirýändigini aýtdy. Indiki ýyl ýurdumyzyň bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.
Soňky ýyllarda has işjeňleşen türkmen-ýewropa gatnaşyklar bilen baglylykda, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şol guramalaryň hatarynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bar. 2014-nji ýylda ýurduň Prezidenti Didýe Burkhalteriň baştutanlygynda Şweýsariýa bu guramanyň başlygy bolup durýar.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol strategiýa bolsa oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
Söhbetdeşler şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň birnäçesi, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan goňşy Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine öz saldamly goşandyny goşup gelýär.
Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleriniň gepleşikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda ertirlik iş nahary görnüşinde giňişleýin düzümde dowam etdirildi.
Şu çäkde türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça gürrüň dowam etdi. Onuň gün tertibi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginden çykýar we Ýewraziýa yklymynyň giňişliginde sebitara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak häsiýeti bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, köpugurly üstaşyr-ulag düzüminiň ösdürilmeginiň geosyýasatyň möhüm şerti, döwletleriň hem-de sebitleriň öňünde uly ykdysady mümkinçilikleri açýan kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýandygy nygtaldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Şweýsariýanyň halkara syýasy giňişligindäki işine, onuň Ýewropada tutýan ornuna, halkara guramalarynyň, hususan-da, ÝHHG-niň çäklerinde şweýsar tarapynyň başlangyçlaryna we tekliplerine uly hormat goýmak bilen garaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentiniň adyna Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki ornuna ýokary baha berýändigi, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hemişe we yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak, diplomatik işinde tejribe alyşmak meselesi hem bu duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Prezidentleri mähirli hoşlaşyp, şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we türkmen paýtagtyndan ugrady.