Ï Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň hökümet baştutanynyň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň hökümet baştutanynyň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 731
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.

Özbek hökümetiniň baştutanynyň birinji orunbasary milli Liderimiz bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň doganlyk halkyna Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimowyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, onuň Aşgabada geçen aýda bolan resmi sapary we ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar bozulmaz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, özara peýdaly deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazdy. Şol hyzmatdaşlygy taraplar mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürmegi maksat edinýärler.

Myhman Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine jogapkärli çemeleşýändigine GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän duşuşygy hem şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, özbek kärdeşine Yslam Karimowa, ähli dostlukly özbek halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Biziň halklarymyzyň taryhy we medeni umumylygy, doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda hem doly möçberli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklar ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şunda halkara guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde sebit hem-de dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça täze çemeleşmeleri we gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemäge hem-de durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu guramalaryň çäklerinde arkalaşykly hereket etmek durnuklylygy saklamagyň, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmegiň täsirli şerti bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary ikitaraplaýyn gatnaşyklary meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, uzakmöhletli türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiligine degişli meseleleriň giň topary boýunça pikir alyşdylar, hem-de iki ýurduň we halklaryň däp bolan dostlugyny pugtalandyrmakda hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmekde pikirdeş boldular.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman bu duşuşygyň Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyrlaryň birine öwrüljekdigine, sebitde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak işine önjeýli goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.