Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew Ibragim ogluny kabul etdi. Ýokary wezipeli myhman “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2014” atly halkara serginiň hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlyk: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy Halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Türkmenistanyň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna gülläp ösüş we ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi baradaky arzuwlaryny aýdyp, myhman türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň açyklygy, döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy ähli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda netijeli aragatnaşakylary ösdürmek üçin ygtybarly esasy emele getirýär diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ýokary ýolbaşçylygyna we halkyna öz iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň bozulmaz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan döwletara gatnaşyklaryna hemişe ygrarly bolmak bilen, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge meýillidigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Aşgabatda nobatdaky gezek geçirilýän Halkara sergisiniň we maslahatynyň wajypdygyna deglip geçilip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň häzirki wagtdaky deňsiz-taýsyz ösüşi mahalynda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan üçünji müňýyllygyň ägirt uly wezipelerini çözmäge hyzmat etjekdigi bellenildi. Şu babatda türkmen döwleti bar bolan ägirt uly uglewodorod serişdelerini milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin we ählumumy bähbitleriň hatyrasyna has doly peýdalanmaga ymtylýar.
Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy BMG-niň howandarlygynda halkara bilermenler toparyny döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna ýokary baha berdi. Bu toparyň işiniň baş maksady energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ýetirmegi üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk mehanizmini işläp taýýarlamakdan ybarat bolar. Şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda bilermenler toparynyň geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji mejlisi ony durmuşa geçirmek ýolunda möhüm ädime öwrüler. Azerbaýjan tarapy hem muňa gyzyklanma bildirýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine özara ynam bildirdiler.
Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Sultan zade Mamedaga ogly gatnaşdy.