Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Owik Abraamýany kabul etdi.
Myhman Türkmenistanyň Prezidentine Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň mähirli salamyny gowşurdy we ermeni tarapynyň türkmen döwleti bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi, bu şu ýylyň aprel aýynda Ermenistanyň baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen ylalaşyklarda öz beýanyny tapdy.
Milli Liderimiz myhmany mähirli kabul edip, Ermenistanyň ýolbaşçylygyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan türkmen-ermeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn üns berýär.
Özara düşünişmek ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi we ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde ösdürilýändigi kanagatlanmak bilen bellenildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn döwletara gepleşikleriniň esasynda mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar, şunda özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady ulgamda, gumanitar ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça, iki ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda we öwrenmekde bilelikdäki işleriň üstünlige eýe bolýandygyny bellediler.
Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň ýokary depginini belläp, ýokary derejede baglaşylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna oňyn baha berdiler, türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we ony mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Şunuň bilen bagylylykda, Ykdysady hazmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ermeni hökümetara toparynyň geljegi uly ugurlarda bilelikdäki hereketi işjeňleşdirmek we söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda anyk netijeleri gazanmak babatyndaky möhüm orny nygtaldy. Söhbetdeşler iki döwletiň dolandyryş edaralary we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen we ermeni halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen medeni alyşmalary hem-de ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda yzygiderli esasda halkara maslahatlaryny geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.