Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubowy kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz we myhman birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, şahsy söhbetdeşlikde dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, ikitarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň däpleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilikden kanagatlanýandyklaryny beýan etdiler. Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewden mähirli salamy, ähli türkmen halkyna rowaçlyk we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky isleg-arzuwlary ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň öz ýakyn goňşulary bilen hemişe hoşniýetli gatnaşyklara, iki ýurduň halklarynyň eşreti üçin deňhukukly hem-de özara peýdaly esasda Azerbaýjan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady.
Milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli guralýan oňyn gatnaşyklary kanagatlanmak bilen belläp, iki döwletiň geljekde hem sebitde we bütin dünýäde oňyn, döredijilikli işlere işjeň ýardam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Taraplar duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara häsiýetindäki möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary üstaşyr-ulag geçelgeleriniň köp görnüşli ulgamlaryny döretmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmek boýunça Türkmenistanyň seçip alan oňyn strategiýasyna ýokary baha berip, öz ýurdunyň tutuş Hazarýaka sebitiniň durnukly ykdysady ösüşine ýardam etjek netijeli işewür gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge öz ýurdunyň gyzyklanýandygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň hemişe doganlyk goňşy halklaryň dostluk hem-de ylalaşyk deňzi bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy nygtalyp geçildi.
Bu babatda iki goňşy döwletleriň geografiki ýagdaýynyň ýükleri daşamagyň amatly gury ýer we deňiz ugurlaryny üpjün edýän yklymüsti üstaşyr-ulag geçelgelerini kemala getirmek hem-de olaryň halkara ulag düzümlerine goşulyşmagy boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetinde strategiki ugur bolan energetika ulgamynda gatnaşyk etmegiň dürli taraplaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar, şol ulgamy ösdürmäge nebitiň we gazyň iri ýataklaryna eýe bolan döwletleriň ikisi hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, iki goňşy ýurt ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwata eýe bolup, deňhukuklylyk hem-de özara peýdalylyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigi nygtalyp geçildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary gumanitar ugruň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimine mundan beýläk-de giňeltmek, döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek barada aýtdylar.