Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Karim Masimowy kabul etdi.
Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen aragatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Ol özüniň ýakynda Türkmenistana boljak saparynyň iki doganlyk ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklara täze depgin bermäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gazagystanyň Premýer-ministrine mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz türkmen we gazak halklaryny dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Olar täze taryhy eýýamda hyzmatdaşlygyň esasynda durýar. Öz gezeginde Prezident Nursultan Nazarbaýewe, dostlukly ýurduň tutuş halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň iki dostlukly doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen we gazak halklarynyň gadymy taryhy-medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine we ösüş depginine ýokary baha berildi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem türkmen-gazak özara gatnaşyklarynyň giň ugry boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Baştutany we myhman döwletara ykdysady taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilişiniň barşyny, energetika we ulag ulgamy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu babatda türkmen tarapyndan başy başlanan we gurluşygy tamamlanan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran täze polat ýolunyň möhüm orny nygtaldy. Onuň ýakyn wagtda geçiriljek açylyş dabarasynda dostlukly goňşy ýurtlaryň baştutanlary bu “Demirgazyk-Günorta” transmilli magistraly boýunça demir ýol ulagynyň hereketiniň başlanmagyna ak pata bererler.
Goňşy ýurtlaryň bar bolan ykdysady we serişdeler kuwwatyny doly möçberde durmuşa geçirmäge gönükdirilip amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň möhüm ähmiýetini belläp, söhbetdeşler ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygy nazara almak arkaly özara hereketlerde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem ylym we bilim, medeniýet hem-de sport ulgamlarynda we umuman, parahatçylygy, hyzmatdaşlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esas goýujy şerti hökmünde gumanitar ulgamda gatnaşyklary giňeltmekde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi barada gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen we gazak halklarynyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryyny tassyklap, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny has-da giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada pikir aýtdylar.