Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly “Aşgabat” stadionynyň binasynda paýtagtymyzda bina edilýän Olimpiýa şäherçesiniň, şeýle hem beýleki iri desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere gelip, stadionyň VIP holuna geçdi. Şol ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Bu ýerde milli Liderimizi “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja mähirli garşylady. Ol döwlet Baştutanymyza bu kompaniýanyň bina edýän desgalarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň guralmagy we türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine barha giňden gatnaşmagy netijesinde Watanymyzyň sporty öz ösüşinde kuwwatly itergi aldy. Ine, biziň türgenlerimiziň sport ussatlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi üçin Pekindäki XXIX tomusky olimpiýa oýunlaryna, Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna, Kazandaky Bütindünýä tomusky uniwersiada we beýleki halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda uly umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenýär. Ýurdumyzda her ýyl “Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary astynda umumymilli spartakiadalaryň geçirilmegi, olaryň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň guralmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek boýunça milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatyny amala aşyrmakda türkmen döwletiniň uly üstünlikler gazanýandygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şol spartakiadalara ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we edaralaryň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň işgärleri gatnaşýarlar.
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi Watanymyzyň sport hereketini ösdürmek üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Şol çözgşüde laýyklykda, Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny aldy. Şu ýylyň iýulynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň biri geçirildi. Ýakynda bolsa Türkmenistan ilkinji gezek ýene-de iki sany iri ýaryşlary-- guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatyny, şeýle hem türkmen milli göreşi boýunça ilkinji dünýä çempionatyny geçirdi.
Toplumlaýyn Halkara sport oýunlaryny geçirmek hukugyny milli sport binýady diňe iň ýokary derejede ösen ýurtlaryň gazanyp bilýändigini bellemek gerek. Şoňa görä-de, Aşgabada Aziýada – 2017-niň paýtagty derejesiniň berilmegi Türkmenistanyň ýokary derejede ösen sport ulgamy bolan ýurt hökmünde belent ykrarnamasyna öz-özünden şaýatlyk edýär.
Stadionyň binasynda täze uly sport toplumynyň düzümine girýän desgalaryň taslamalary we çyzgylary goýlupdyr. Olar bu täze gurluşyklar barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimize Olimpiýa şäherjiginiň umumy görnüşi, bu täsin sport toplumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň taslamalary we çyzgylary, şol sanda 5 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk howuzyň, 5 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk atletika arenasynyň, 4 müň orunlyk üsti ýapyk tennis kortynyň taslamalarynyň görnüşleri görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz olar bilen ünsli tanşyp, sport desgalarynyň içki bezegine aýratyn üns berip, bu ýerde ähli zady, tomaşaçylaryň oturjak ýerleriniň reňk öwüşginlerini saýlamaga, sport meýdançalarynyň üstki örtügine we beýlekilere çenli her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi.
Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bezegi ajaýyplygy, göze gelüwliligi hem-de innowasion döredijilik işläp taýýarlamalarynyň işjeň ulanylmagy bilen tapawutlanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygyna we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna ýüzlenip, milli Liderimiz bina edilýän desgalaryň ulanyş häsiýetnamalary we doly derejeli işine degişli pikirleri bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara sport desgalarynyň olimpiýa ülňülerine hemmetaraplaýyn laýyk gelmegini kesgitlemek boýunça işleri geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.
Gurluşygy tapgyrlaýyn, üç tapgyrda amala aşyrylýan Olimpiýa şäherçesiniň düzümine ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän dürli ähmiýetli desgalaryň 30-dan gowragynyň girjekdigini bellemek gerek. Bary-ýogy birnäçe ýyldan, 2017-nji ýylda bu täsin sport desgalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanlarynyň birine öwrülip, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň köpsanly myhmanlarynyň öňünde öz gapylaryny giňden açar. Bu ýerde iň ýokary halkara derejesinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin hemme şertler dörediler, tomaşaçylaryň amatlyklary üçin bolsa durmuş-medeni we söwda merkezleri, häzirki zaman myhmanhanalar, restoranlar, kafeler, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanalary, awtoduralgalar bina edildi. Toplumyň çäklerinde şeýle hem pyýada geçelgeleriniň we monorels ýolunyň tory çekiler.
45 müň tomaşaçy orunlyk Olimpiýa stadionynyň gurluşygy barada aýdyp, milli Liderimiz bu ýerde köpçülikleýin-medeni we sport çärelerini geçirmek, şunuň bilen birlikde stadionyň ulanylanda näderejede köpugurlydygyny synag etmek maksady bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri tizleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýada-2017-niň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek meselesine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, beýleki ýurtlarda şeýle çäreleri geçirmegiň iň oňat dünýä tejribesine daýanmak arkaly dabaraly çäreleriň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygyny aýtdy.
“Polimeks” kompaniýasynyň işläp taýýarlamalary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz türk hyzmatdaşlaryna birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, taslamalaryň ählisi durmuşa geçirilende esasan öňdebaryjy inžener-tehniki pikirlerden we innowasion tehnologiýalardan, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmelerden ugur alynmalydygyny nygtady.
Bu baradaky gürrüňini dowam edip, hormatly Prezidentimiz täze binalaryň we desgalaryň ählisiniň daşky keşbinde we bezelişinde häzirki zaman binagärligi bilen bu ugurda iň oňat milli däpleriň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi.
Tanyşdyryş çäresiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz şeýle hem deňiz kenarynda dynç alyş desgalaryny mundan beýläk-de gurmagyň birnäçe taslamalary bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň ahyrynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygynyň başlanan wagty bu uly taslama ägirt uly möçberlerde maliýe serişdeleri maýa goýuldy. Bu gün bolsa Hazaryň kenaryny ajaýyp binagärlik keşpli desgalar bezeýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu gün hödürlenen Kongressler köşgüniň häzirki taslamasy Türkmenistanyň açyk daşary syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Sergileriň, maslahatlaryň we beýleki iri forumlaryň, dürli köpçülikleýin-medeni çäreleriň esasy geçiriljek ýeri bolmagyna gönükdirilen şeýle desgalaryň tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylmalydygyny belläp, milli Liderimiz olara birnäçe düzedişlerini girizdi.
Tanşydyryş çäresiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz şeýle hem beýleki möhüm desgalaryň taslamalarynyň birnäçesi, şol sanda türkmen paýtagtyndaky täze Halkara howa menziliniň desgalarynyň birnäçesiniň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Iň häzirki zaman derejesindäki howa menziliniň geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça barabardyr. Howa menzili bir wagtyň özünde islendik görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip biler we halkara derejesinde hyzmaty üpjün eder. Taslama terminallaryň üçüsini—ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallarynyň, 3800 metr uzynlykdaky täze uçuş-gonuş zolagynyň, ugrukdyryjy ýodajyklarynyň, howa gämilerini goýmak üçin ýerleriň we perronyň, howa hereketini dolandyryjy gullugyň binasynyň gurluşyklaryny özüne jemleýär. Mundan başga-da, häzirki hereket edýän uçuş-gonuş zolagynyň durkuny düýpli täzelemek göz öňünde tutulýar. Howa menziliniň toplumynyň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1200 gektary tutýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygy hakynda” Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýylyň ýanwarynda täze howa menziliniň binalar toplumynyň gurluşygyna başlanyldy. Howa menziliniň gurluşyk döwründe howa gatnawlary kiçi ýolagçy terminalynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Hasabat berlişi ýaly, terminallarda Aşgabada gelýänler hem-de ýerli we halkara howa gatnawlary boýunça Aşgabatdan uçýan ýolagçylar üçin iň amatly oňaýly şertler dörediler. Oňaýly garaşylýan we hasaba alyş zallary, maglumat ekrany, sowal-jogap bölümi, petek satylýan ýerler, Internet-kafe, bankomatlar, restoranlar, dükanlar olaryň hyzmatynda bolar.
Taslamalar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz birnäçe anyk belliklerini we tekliplerini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň täze howa menziliniň iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydygyny we ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz teklip edilen taslamalara käbir düzedişlerini girizip, umuman, olary oňlady hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Howa menziliniň toplumynyň binagärligi barada aýdylanda, onda ajaýyp çözgütler, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşmalydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň esasy “howa derwezeleri” bolup durýan Aşgabadyň howa menzili sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag halkasynyň derejesinde barha pugta ykrar edilýär. Bu bolsa taslamanyň her bir jikme-jikliklerini örän düýpli oýlanyşmagyň zerurdygyny şertlendirýär. Elbetde, täze howa menziliniň toplumynda ýolagçylar üçin hyzmatyň ähli oňaýlyklary we ýokary derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz işgärleriň işlemegi üçin hemme degişli şertleriň hem göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz howa menziliniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, olaryň ýokary hiliniň hem-de öz wagtynda tamamlanmagynyň üpjün edilmeginiň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.
Täze binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbi we bezelişi, hususan-da, sütünler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz iş ýüzünde öňdebaryjy bezeg işläp taýýarlamalarynyň hem-de inžener-tehniki çözgütleriniň milli binagärçiligiň iň oňat däpleri bilen sazlaşykly işjeň peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz binalaryň içki bezelişi bilen gyzyklanyp, bezeg serişdeleriniň nusgalaryny—granitiň, mermeriň, dürli görnüşli aýnalaryň, bezeg germewleriniň we beýleki serişdeleriň nusgalaryny gözden geçirdi hem-de otaglaryň bezeginiň özünde ajaýyp milli öwüşginleri jemlemelidigini ýene-de bir gezek belledi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan materiallaryň hil babatdaky ülňülere laýyk gelmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulanyş häsiýetnamalary, tehniki enjamlaşdyrylyşy, şol sanda elektroüpjünçilik, howa çalyşýan, howa ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen gyzyklandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz howa menzilinde gelýän we gidýän ýolagçylaryň amatlyklary üçin hemme şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli ýolbaşçylara halkara ölçegleriniň derejesinde bu ýerde ýerleşen ýollaryň düzümini, duralgalaryň, ýol çatryklarynyň, aýlanyp geçilýän ýollaryň, ýerasty geçelgeleriň, elektrik geçiriji ulgamlarynyň we degişli desgalaryň gurluşyklaryny nazara almak bilen düýpli durkuny täzelemek işlerini geçirmek maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Aýdylanlary jemläp, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň ählisine täze howa menziliniň gurluşygy bilen baglanyşykly işleri utgaşykly alyp barmagy ýola goýmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz täze howa menziliniň gurluşygy bilen bagly gürrüňi dowam edip, işleri guramak, utgaşdyrmak, alyp barmak, tehnikalary, serişdeleri we enjamlary bökdençsiz getirmek bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylardan talap etdi.
“Polimeks” kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň aýdan ähli teklipleriniň we bellikleriniň hökmany nazarda tutuljakdygyna ynandyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýäen kompaniýasy öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän jogapkärli çemeleşer.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şäher düzümini has-da döwrebaplyşdyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Adamlaryň oňaýly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen taslamalar işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende her bir zady göz öňünde tutmak, şeýle hem arassaçylygyň kadalaryny birkemsiz berjaý etmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe görkezmeleri berip, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiniň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň täze taryhy döwürde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy maksadydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki ýolbaşçylara işinde we öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.
Bu ýerde, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň binasynda milli Liderimiz 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Mejlise Aziýada-2017-ä taýýarlyk görmäge we geçirmäge jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän degişli döwrebap düzümi döretmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy we şunuň bilen birlikde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda, ýaş nesli bedenterbiýä we sporta çekmek boýunça netijeli çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berdi. Wise-premýer guramaçylyk üpjünçiligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport kuwwatyny pugtalandyrmak, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurdaky bütin dünýäde meşhur hünärmenler bilen gatnaşyklary ýola goýmak babatda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baş meýilnamasynyň taýýarlanandygyny hem-de onuň Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan doly makullanandygyny habar berdi. Baş meýilnama 9 bölümden ybarat bolup, olarda esasy düzgünleri, maksatlary, guramaçylyk düzümi, ýerine ýetirilmeli işleriň ugurlary boýunça umumy düzgünler, tehniki talaplar beýan edilýär. Baş meýilnamada V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen bagly ýerine ýetirilmeli işleriň 18 ugry boýunça umumy düzgünler has içgin beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, baş meýilnamada bellenilen işleriň ugurlary boýunça indiki çäreleri we tapgyrlary meýilleşdirmäge hem-de durmuşa geçirmäge girişmäge ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitetiň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garaljak meselelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şol mejlise daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçysy we beýlekiler gatnaşarlar.
Soňra V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýewe söz berildi. Ol milli Liderimiziň öňde goýan anyk wezipelerinden ugur alnyp bu düzümde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu komitet hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabr aýynda Aziýada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisiniň barşynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda döredilipdi.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy şeýle hem Aziýada-2017-niň Baş meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Beýik Britaniýanyň bu ugurda meşhur kompaniýasy bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu kompaniýa Olimpiýa oýunlary, beýleki abraýly ýaryşlar ýaly iri halkara sport çärelerini guramakda baý tejribe toplady.
Mundan başga-da, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri bilen baglanyşykly işleriň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen hem alnyp barylýandygy bellenildi.
“Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja hormatly Prezidentimize özüniň kompaniýasynyň gurýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, Olimpiýa şäherçesindäki işler göz öňünde tutulan meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki güne çenli gurluşygyň birinji nobatdakysy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy, desgalaryň käbiri bolsa eýýäm ulanmaga bermäge doly taýýar edildi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu işe Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlaryny guramaga gatnaşan iň gowy daşary ýurt hünärmenleri çekildi.
Soňra Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýdow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösen milli ulgamy döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz köpçülikleýin sport gülläp ösýän hem-de sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýän ajaýyp ülkä öwrüldi. Paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurda amala aşyrýan hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyny şertlendiren toplumlaýyn strategiýasynyň üstünliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu şäherçe sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen döwrebap sport desgalarynyň 30-dan gowragyny öz içine alýar.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň gös-göni goldaw bermegi netijesinde biziň türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlaryna , dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda paýtagtymyzda guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatynyň we türkmen milli göreşi boýunça 1-nji dünýä çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geljekde ýurdumyzda şunuň ýaly halkara derejesindäki bäsleşikleriň has-da köpeljekdigine ünsi çekip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zehinli ýaşlary çeçip almak, sportuň Olimpiýa we beýleki görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigi barada Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şol bäsleşikleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny aýratyn nygtady, döwlet Baştutanymyz munuň türkmen türgenleriniň Aziada – 2017-ide uly üstünlik bilen çykyş etmegini şertlendirjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, V Aziýa oýunlaryna çenli wagtyň azalýandygyny aýtdy we öňde boljak Oýunlara görülýän taýýarlyk işleri häzir giň gerimde alnyp barylýar diýip belledi. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz şol iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek üçin Aziýada-2017-ä taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyryna geçmek zerurdyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berip, degişli düzümleriň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu abraýly halkara ýaryşlarynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz köpugurly toplumyň binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde woleýbol, basketbol, bouling we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenleşik geçirdi.
Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek hem-de bu ulgamyň häzirki zaman düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meseleleri türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe berk gözegçiliginde durýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen hem-de bu babatda watandaşlarymyza we ilkinji nobatda, ýaşlara görelde görkezip, adam, onuň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykardy. Ýurdumyzda sport hereketini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamasyny” tassyklady.
Döwlet Baştutanymyzyň sport bilen gyzyklanmagynyň çägi juda giňdir, milli Liderimiz daşary ýurtlarda saparlarda bolýan mahaly hem öz dartgynly iş tertibinde bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga wagt tapyp, sportuň dürli görnüşleri, ýagny at çapmak, welosiped we awtomobil sürmek, ýeňil atletika, gündogaryň başa-baş söweşi, hokkeý, tennis hem-de beýleki sport görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Dynç alyş günleri bolsa döwlet Baştutanymyzyň türgenleşikleriniň işjeňligi has artýar. Türkmenistanlylaryň köpüsi milli Liderimiziň atly gezelençleri edýändiginiň, Saglyk ýoluna çykýandygynyň, uzak aralyklara ylgaýandygynyň we welosipedli gezelenç edýändiginiň, köpçülikleýin sport çärelerine we ýaryşlaryna gatnaşýandygynyň şaýatlary boldular. Mundan başga hem milli Liderimiz türgenleşik zallaryna köplenç öz egindeşleri bilen yzygiderli baryp görýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülmelidir. Sebäbi yzygiderli beden maşklary işe bolan ukyplylygy artdyryp, ynsany döredijilik işine höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşikleriň barşynda, hemişe bolşy ýaly, ajaýyp bedenterbiýe taýýarlygyny görkezdi, bu sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir, döwlet Baştutanymyz muňa aýratyn çynlakaý çemeleşýär.
Sport--bu güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr. Hut şonuň üçin häzir Türkmenistanda sport köpsanly tarapdarlaryna, jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda köpugurly “Aşgabat” stadionynyň ýanynda gurlan täze sport desgasynyň ýanyna geldi. Mälim bolşy ýaly, ozal bu ýerde wagtlaýyn awtomobil sporty meýdançasy ýerleşipdi. Milli Liderimiz onuň ornuna sport ulgamyna degişli başga bir desganyň gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýdypdy. Şonda bu ýerde paýtagtymyzyň itlaty we türgenler üçin tennis meýdançasyny gurmak baradaky teklip aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz bu teklibi oňlap, ony halkara ülňüleriniň derejesinde gurmagy tabşyrdy.
Häzirki wagtda bu ýerde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow hasabat berdi. Bu ýerde döwrebap derejede abadanlaşdyrylan tennis meýdançalarynyň üçüsi ýerleşdirilipdir.
Milli Liderimiz ýerine ýetirilen işler bilen tanşyp, bu döwrebap tennis meýdançalarynyň gurulmagy şu künjekde hereket edýän sport desgalarynyň üstüni ýetirer hem-de köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta höwesjeňleriň sanynyň has-da artmagyny şertlendirer diýip belledi. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, döwlet Baştutanymyz tennis bilen meşgullanmak üçin ähli amatlyklaryň üpjün edilmelidigini bellemek bilen, täze meýdançalaryň türkmen tennisçileriniň ýetişmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.