Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

view-icon 1019
Şu gün irden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň ajaýyp däbine görä, Gazagystanyň baştutanyna duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy.

Gazagystanyň Prezidentiniň ýurdumyza bu sapary mizemez dostluga we doganlyga daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar. Şol gatnaşyklar bolsa iki goňşy halky gadymdan bäri berk baglanyşdyrýar. Täze taryhy eýýamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy täze ösüşe we many-mazmuna eýe boldy. Özara bähbitlere, şeýle hem sebit we halkara möçberinde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän bilelikdäki iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol taslamalaryň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň gurluşygy bar. Mälim bolşy ýaly, bu ýoluň türkmen-gazak bölegi geçen ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Gazagystanyň baştutanynyň şu sapary möhüm taryhy waka—bu halkara ähmiýetli polat ýoluň ulanmaga berilmegine gabatlanyldy. Bu ýol yklymara üstaşyr—ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülmelidir.

Belent mertebeli myhman howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly garawul rotasynyň serkerdesi darabaly ýagdaýda hasabat berýär. Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Türkmen Lideri Gazagystanyň baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik korpusyň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Öz nobatynda, gazak lideri Türkmenistanyň baştutanyny Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nursultan Nazarbaýewi ikitaraplaýyn duşuşyklar zalyna çagyrýar, bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň Baştutany gazak kärdeşini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp we ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirip, taryhyň dowamynda emele gelen gymmatlyklaryň, gadymy däp-dessurlaryň umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň dostluk häsiýetine eýedigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda—syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda netijelidigini aýdyp, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli sebit we halkara syýasatynyň möhüm meselelerinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň raýdaşdygyny nygtady.

Soňra türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlygyň geljegi uludypr we ol köpugurly kuwwata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saparynyň öňüsyrasynda Aşgabatda türkmen-gazak işewürler forumynyň geçirilendigini belledi. Oňa gatnaşanlar iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şunda bilelikdäki hökümetara toparynyň işine hem möhüm orun degişlidir.

Diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Onuň bir bölegi Gazagystanyň çäginden geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ertirki wakanyň—Gazagystan-Türkmenistan –Eýran transkontinental demir ýolunyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini nygtady. Sözüň doly manysynda bu ýol Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrar. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilýändigi barada aýtmak bolar. Bu ýol gadymy döwürlerden bäri köp asyrlaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklarynyň birleşdiripdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigini nygtap, däp bolan gumanitar gatnaşyklaryň, şol sanda bilim, ylym we amaly barlaglar, medeniýet, döredijilik alyşmalary babatdaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň şu saparyna uly ähmiýet berilýändigini nygtap, Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanda biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, netijeli ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Şunda belent mertebeli myhman häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigini bellemek bilen, munuň özi Pars aýlagyna çykalgasy bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýändigini aýtdy. Özara haryt dolanyşygynyň, gumanitar gatnaşyklaryň ösüş depginleri, şol sanda Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Hökümetara türkmen-gazagystan toparynyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bularyň hemmesi iki goňşy ýurduň halklarynyň abadançylygyna gulluk edýär diýip bellemek bilen, Prezildent Nursultan Nazarbaýew özara peýdaly hyzmatdaşygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek maksady bilen bilelikdäki tagallalaryň munldan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtady.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýolunyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, belent mertebeli myhman bu ugruň yklymara möçberde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen Lideriniň ulag - aragatnaşyk düzümini ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady we Gazagystanyň bu ugurdaky täze taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Gazagystan Respublikasynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, bu gezekki sapar we gol çekmek üçin taýýarlanylan resminamalar, şeýle hem Eýran bilen araçäkde demir ýol böleginiň birikdirilmegi döwletara gatnaşyklarynyň täze möhüm tapgyryny alamatlandyrýar. Şeýle hem belent mertebeli myhman halkara giňişliginde Türkmenistanyň we Gazagystanyň birek-birege goldaw berip, ählumumy parahatçylyk we abadançylyk ugrundaky oňyn garaýyşlaryny äşgär edýändigini belledi we munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini alamatlandyrýar diýip belledi.

Özara ynanyşmak we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, geljegi nazara almak bilen, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtap, gumanitar-medeni ulgamda hem däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Gazagystan-Türkmenistan –Eýran transmilli demir ýolunyň ulanylmaga berilmegine aýratyn üns berip, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu polat ýoluň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň ähli agzalaryny Türkmenistanda mähirli mübärekläp, Aşgabatdaky şu ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Bu duşuşyk iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan we Gazagystan gün tertibiniň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň howplaryna garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly möhüm meseleler boýunça bitewi garaýyşdan çykyş edýärler diýip, türkmen Lideri nygtady. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit düzümlerinde -- Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan we Gazagystan halkara giňişliginde öz ädimlerini utgaşdyryp, birek-biregi goldaýarlar, munuň özi bolsa oňat netijeleri berýär, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlara oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa we Hazar sebiti giiňşliginde durnuklylygyň we oňyn ösüşiň strategiki şerti hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýaragsyzlanmak ýaly möhüm ulgamdaky garaýyşlary hut şunuň bilen kesgitlenilýär. Döwletleriň ikisi hem Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky ylalaşyga gatnaşýarlar. Bu resminama demirgazyk ýarym şarda şeýle ylalaşyklaryň ilkinjisidir we kontinental parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm bölegidir. Şunda Türkmenistanyň Baştutany taraplaryň mundan beýläk-de BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde ýaragsyzlanmak ulgamynda iş ýüzünde ädimleri ätmegiň üstünde bilelikde işlemäge meýillidigini tassyklady. Türkmenistan we Gazagystan biziň sebitimizdäki ähli meseleleriň diňe parahatçylykly serişdeler arkaly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda çözülmelidigine ynanýarlar diýip, türkmen Lideri nygtady.

Merkezi Aziýada suw-energetika meselesine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň bu meseleleriň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini hormatlamak we olary nazara almak esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda çözülmelidigi baradaky ynamyny beýan etdi.

Ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara derejede türkmen-gazak hyzmatdaşlygy babatda ekologiýa meselesi boýunça gatnaşyklar möhüm bolup durýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bular barada aydyp, Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy Aralyň ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyramk ulgamynda hyzmatdaşygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebit düzümi bolup durýan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýärler diýip nygtady.

Däp bolşy ýaly, ikitaraplaýyn gepleşiklerde owgan meselesi möhüm orun eýeleýär. Biz Owganystany parahat we gülläp ösýän döwlet, hoşniýetli goňşy we sebitiň ähli ýurtlarynyň hyzmatdaşy hökmünde görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesi boýunça pikir alşyp, taraplaryň häzirki wagtda bu wezipäni diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözüp boljakdygyny nygtandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we onuň ýöriteleşdiilen edaralarynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmegiň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan we Gazagystan goňşy ýurtdaky ýagdaýy çalt kadalaşdyrmak, soňky ýyllarda şol ýerde emele gelýän oňyn ýagdaýy berkitmek, onuň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşmak maksady bilen dünýä bileleşigine zerur bolan kömegiň ählisini bermäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesini dowam edip, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly ykdysady hyzmatdaşydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, türkmen döwletiniň Baştutany iki tarapyň bu ulgamdaky mümkinçilikleriniň häzirki wagtda ýeterlik derejede ulanylmaýandygyny, bar bolan anyk kuwwaty şöhlelendirmeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, haryt dolanyşygynyň ösüşiniň umumy ýagdaýyny bilelikde seljermegiň maksada laýyk boljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň häzirki wagtda onuň görkezijilerini ep-esli artdyrmaga, özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyplydygyna ynam bildirdi. Ýurtlaryň ikisinde hem kuwwatly senagat we agrar binýady döredildi, döwrebap ulag düzümi bar. Bu ýagdaýlar özara söwdany giňeltmek, maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen doly derejede ulanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we senagat, hyzmatlar ulgamynda, obasenagat toplumynda giň möçberli taslamalara çykmagyň wajypdygyny belledi. Şu babatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topary özüni has işjeň görkezmelidir. Bu topardan diňe bir san babatda däl, eýsem bu ugurda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil görkezijisi babatda-da anyk tekliplere garaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda hem özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ugry boýunça ýurdumyzda gurluşykda, söwda-da, düzümleri gurmakda, hyzmatlar ulgamynda, syýahatçylykda iri taslamalar amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Gazagystanyň kompaniýalarynyň bu taslamalara işjeň gatnaşmagyny mübäreklejekdigini belläp, hususan-da, gazak hyzmatdaşlarymyza Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň düzümini ösdürmäge we bu ýerde işewürligi guramaga gatnaşmagynyň geljegine garamagy tekip etdi.

Energetika hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň stragetiki ugry bolup durýar. Türkmenistan we Gazagystan Ýewraziýada uglewodorod serişdelerini köp möçberde öndürýän we iberýän ýurtlardyr. Kuwwatly serişdeler we senagat binýady, üstaşyr mümkinçilikler biziň ýurtlarymyza energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna eltmek boýunça iri möçberli, köp babatda täsin taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirjisiniň üstünlikli gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň bir bölegi Gazagystanyň çäginden geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda döwletleriň ikisiniň hem beýleki ugurlarda-da özleriniň kuwwatlaryndan has netijeli peýdalanmak üçin mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.

Taraplaryň ählumumy energetika howpsuzlygy meselelerine we durnukly energetikanyň ösüşine çemeleşmeleriniň ýakynlygy munuň möhüm şerti bolup durýar diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şu babatda Gazagystanyň bu ulgamda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldap, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalarynyň ikisiniň awtordaşy bolup çykyş edendigi bellärliklidir. Pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany Gazagystana bu meselede oňyn orny eýeleýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan bu başlangyçlary dowam edip, BMG-niň howandarlygynda halkara bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. Bu toparyň esasy maksady energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamakdan ybarat bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýýäm bir hepdeden Aşgabatda bilermenler toparynyň birinji mejlisiniň geçiriljekdigini belläp, Gazagystany onuň işine gatnaşmak üçin öz wekillerini ugratmaga çagyrdy.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iki döwletiň ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginde, olaryň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýedir. Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri boldy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, häzirki wagtda ulag ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň Merkezi Aziýany we goňşy sebitleri ösdürmegiň kuwwatly itergi beriji güýçleriň biri, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ykdysady taýdan üstünlikli goşulyşmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Iki ýurduň Ýewraziýa ugurlarynyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi ulag taslamalarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, sebit we yklym ähmiýetli täze ulag-üstaşyr geçelgeleri gurmaga gatnaşmagyň wajypdygyny şertlendirýär. Şunda gürrüň diňe bir guryýer ugurlary barada barmaýar. Milli Liderimiz ýurtlaryň ikisiniň hem Hazarda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, deňiz kommunikasiýalaryny giňeltmek we ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň bu ugurda ulgamlaýyn we maksadalaýyk işiň başyny başlaýjylar hökmünde çykyş edip biljekdiklerini belledi.


Sentýabr aýynyň ahyrynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň sammiti oňa gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygyň ýokarda agzalyp geçilen ulgamyny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini ýüze çykardy diiýp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda ulag ugruny doly derejede göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeländigni belläp, iki ýurduň halklaryny diňe bir geografiýa taýdan goňşuçylygyň däl, eýsem hakyky doganlyk gatnaşyklarynyň, taryhy ykballaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Häzirki döwürde bu düşünjeler täze many-mazmuna eýe bolup, döwletara hyzmatdaşlygynyň, özara düşünişmegiň, halklaryň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetliligiň möhüm şertine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, umuman, türkmen-gazak gumanitar garnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdi. Iki ýurduň döredijilik intelligensiýalarynyň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklary, dürli festiwallaryň we forumlaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ajaýyp türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň Gazagystanda baýram edilmegi uly waka boldy. Bu toý dabarasy Astanada we goňşy döwletiň beýleki şäherlerinde giňden bellenilip, jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazagystanly hyzmatdaşlara toý çärelerini guramaga ýardam berendigi we olara işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan baran talyplaryň ýüzlerçesi dürli hünärler boýunça bilim alýar. Iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň ugru boýynça gatnaşyklar giňeldilýär. Soňky ýyllarda sport hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirildi. Däp bolşy ýaly, türkmen we gazak türgenleri ýurtlaryň ikisinde hem geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine goşýan ägirt uly şahsy goşandyny belläp, şunuň bilen baglylykda oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Biziň ýudumyza resmi sapar bilen gelip görmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize Gazagystanyň wekiliýetiniň adyndan hoşallyk bildirp, belent mertebeli myhman milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-nji dekabrda giňden bellenilýän Bitaraplyk güni bilen gutlady we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystan üçin Türkmenistan ýakyn ýurt, hoşniýetli goňşy, ygtybarly hyzmatdaş we doganlyk döwlet bolup durýar. Belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň geçen ýyl Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda Gazagystan-Türkmenistan –Eýran halkara demir ýolunyň türkmen-gazak şahasynyň açylyş dabarasynyň bolandygyny mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol guralýan saparlaryň dostlukly ýagdaýda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Ikiçäk geçirilen duşuşykda netijeli gepleşikleriň barşynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň meseleleriniň ara alyp maslatlaşylandygyny bellemek bilen, Prezident Nursultan Nazarbaýew bu gezekki duşuşygyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdi. Mundan başga-da, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnamany baglaşmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklarynyň derejesi arkaly şertlendirilendir diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary türkmen-gazak hyzmatdaşlygynda aýratyn ähmiýet berilýän ugurdyr diýip bellemek bilen, belent mertebeli myhman soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetinde bar bolan çökgünliklere garamazdan, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanyň we Gazagystanyň ykdysadyýetleriniň oňyn ösüşe eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Nursultan Nazarbaýew ýakyn ýyllarda söwdanyň derejesini milliard möçbere ýetirmek üçin iki ýurduň mümkinçiliklerini we serişdelerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady we munuň üçin amatly şertleriň bardygyny belledi.

Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde we özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi barada aýtmak bilen, Gazagystanyň Liderinuň Türkmenistana saparynyň öňüsyrasynda Aşgabatda türkmen-gazak işewürlik forumynyň geçirilendigini onuň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda işewürlik geňeşiniň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýakyn wagtda haryt dolanşygyny artdyrmak boýunça bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisini geçrmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiziň özara haryt dolanyşygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini seljermegiň zerurdygy baradaky pikirini goldaýandygyny nygtamak bilen, bu babatda hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmaldygyny aýtdy. Türkmenistan we Gazagystan ýakyn goňşular bolup durýar, hut şonuň üçinem biziň gatnaşyklarymyz hil taýdan täze derejä çykmalydyr we garaýyşlarymyzyň umumylygy üpjün edilmelidir diiýp, belent mertebeli myhman belledi.

Ulag - üstaşyr ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk üçin uly geljegiň bardygyny bellemek bilen, Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň goňşy döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda ertir ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň işläp başlamagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Munuň özi tutuş Ýewraziýa yklymy üçin şanly waka öwrüler diýip nygtamak bilen, Gazgystanyň Lideri bu polat ýoluň biziň ýurtlarymyz üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny we demirgazyk ugur boýunça bolşy ýaly, günorta ugur boýunça ýük gatnadylmagynyň möçberlerini artdyrjakdygyny belledi. Geçen ýylyň maýynda demir ýoluň türkmen-gazak böleginiň açlymagy bilen ýük dolanyşygyny 38 göterim artdyrmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi diňe başlangyçdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Prezidenti biziň ýurtlarymyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr ugur hökmündäki geografiki ýagdaýyny has netijeli peýdalanmak maksady bilen, möhüm taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi barada aýtdy.

Soňra belent mertebeli myhman Özbegistan-Türkmenistan –Eýran –Oman we Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan ýaly ulag üstaşyr geçelgeleriniň taslamalaryna Gazagystan uly gyzyklanma bildirýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Deňiz ugry boýunça geçelgeler özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hasaplanylýar. Şunlukda, Gazagystan Aktau we Türkmenbaşy şäherleriniň Halkara deňiz menzilleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola ýolumagyna uly gyzyklanma bildrýär diýip bellemek bilen, Prezident Nursultan Nazarbaýew deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygynyň gol çekmäge taýýarlanmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Gazagystanyň çäginden geçýýän Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny energetika ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlyk hökmünde görkezmek bilen, Gazagystanyň lideri öz ýurdunyň ýangyç-energetika toplumynda mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny belledi.


Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Prezident Nursultan Nazarbaýew Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 4 Sammitinde Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşyk gazanmak we Hazar Ykdysady Forumyny döretmek hakyndaky başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.

Şeýle hem Gazagystanyň baştutany birnäçe pudaklar, şol sanda demir ýol tehnikalaryny eltmek, oba hojalygyny ösdürmek babatda netijeli gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we uly geljegiň bardygyny belledi.

Iki ýurduň serhetýaka çäkleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi hyzmatdaşlygyň netijeli ýollarynyň bri hökmünde görkezip, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akymatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatdaky Ylalaşygyň gol çekilmegine taýýarlanmagynyň möhümdigini belledi. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin goşmaça itergi berer diýip, myhman belledi. Şunlukda sebitleriň derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin mümiknçilikleriň bardygy aýdyldy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenbaşy şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Konsullygynyň açylandygyny aýtdy, munuň özi türkmen-gazak gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge şert döreder.

Medeni-gumаnitar hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Nursultan Nazarbaýew özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we şeýle gatnaşyklaryň hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berkididmegini, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny şertlendirýändigini aýtdy. Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, gazak lideri Gazagystanyň türkmen ýaşlaryny öz ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmäge, şeýle hem talyplaryň alyş-çalyşyny guramaga we bu möhüm ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam etmek bilen, şu ýylyň iýul aýynda Gazagystanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenendigini we bu akyldaryň döredijiliginiň we edebi mirasynyň çuňňur hormata eýedigini aýratyn nygtady. Şunlukda, Gazagystanyň lideri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Halkara Türki akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekilmegi bu ugurdaky möhüm ädim bolandygyny belledi. Şunuň ýaly hyzmatdaşlyklar däp bolan gatnaşyklaryň has-da berkidilmegini şertlendirýär.

Gazagystanyň Türkmenistan bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Halkara Türki akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasyndaky Ylalaşyga; Işewür geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary söwda edarasynyň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmenistan-Gazagystan halkara üstaşyr telekommunikasiýa ulgamyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ähtnama; Deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna barýarlar, şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen türkmen-gazak duşuşygynyň jemlerini teswirläp, gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, geljekki hyzmatdaşlygymyzyň anyk ugurlarynyň kesgitlenilendigini nygtady. Şunda milli Liderimiz gepleşikleriň netijeli we anyk häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi. Olar iki ýurduň gatnaşyklary üçin däbe öwrülen özara ynanyşmak we açykylyk ýagdaýynda geçdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berildi, ol gatnaşyklar häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça – syýasat, ykdysadyýet, medeni-gumanitar ulgamlarda alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda okgunly ösdürilýär. Gazagystan biziň sebitdäki möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, sebit hyzmtdaşylygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmekde bilelikde işjeň hereket edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar sebiti giňişliginde durnuklylygyň we oňyn ösüşiň strategiki şertidir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Ýurtlaryň ikisi hem sebitimiziň gapma-garşylyklardan azat zolaga öwrülmegi, yklymda uzakmöhletleýin durnuklylygyň ygtybarly bölegine, giň halkara hyzmatdaşlygynyň meýdançasyna öwrülmegi ugrunda çykyş edýär. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň hem ählumumy gün tertibiniň tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halkara terrorizminiň, ekstremizmiň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň meňzeşdigi nygtaldy.

Türkmenistan we Gazagystan Merkezi Aziýanyň ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjylar hökmünde mundan beýläk hem sebitde ýaragsyzlanmak meselelerine ýardam ederler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we taraplaryň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy gepleşikler arkaly tizden-tiz kadalaşdyrylmagynyň zerurdygyny belländigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň - Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň ykdysadyýetde we söwdada hyzmatdaşlyk etmegine, özara hyryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berildi, özara haryt dolanyşygynyň häzirki möçberleri iki tarapyň hem mümkinçiliklerine kybap gelmeýär. Taraplar özara söwdany giňeltmek, senagatda, hyzmatlar ulgamynda we obasenagat toplumynda iri möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak maksady bilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça anyk çärelere garamak barada ylalaşdylar. Şunda iki ýurduň işewürlik toparlarynyň özara hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika we ulag ulgamyny türkmen-gazak hyzmatdaşlarynyň strategiki ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň energiýa serişdelerini öndürmegiň möçberi boýunça yklymda öňdäki orunlary eýeleýändiklerini belledi. Biz häzirki zaman düzümlerine eýe bolmak bilen, Ýewraziýada energetika we ulag akymlary babatynda garaýyşlarymyz umumydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany anyk mysal hökmünde iki ýurduň gatnaşmagynda iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylandygyny -- Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, bir bölegi Gazagystanyň çäklerinden geçýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluň gurluşygynyň tamamlanandygyny görkezdi. Bu mysallar biziň ýurlarymyzyň häzirki wagtda kuwwatly serişdelere eýe bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Energetika we ulag akymlaryny diwersifakasiýa ýoly bilen ösdürmek nukdaýnazaryndan biz ähli kuwwatlyklarymyzy mundan beýläk-de durmuşa geçirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin doly peýdalanarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda medeni, gumanitar, ylym, bilim, sport boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermek we höweslendirmek hakynda ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şol duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Biziň ýurtlarmyzy we halklarmyzy köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhymyzyň, medeniýetimiziň, dilimiziň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Biz bu gymmatlyklary aýawly goraýarys, ony häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda täze mazman bilen baýlaşdyrýarys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu iki ýurduň we halklaryň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ykdysady ösüşi üpjün edmek boýunça oňyn şert boýup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan Gazagystanyň Prezidentiniň ägirt uly şahsy hyzmatyny aýratyn nygtamak bilen, özüniň gazagystanly kärdeşine çuňňur minnetdarlyk bildirdi, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş, döredijilikli zähmetde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.

Öz nobatynda, Gazagystanyň lideri gepleşikleriň netijelerini jemläp, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de br gezek hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistany söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk, syýasy we medeni ulgamlarda özara gatnaşyklar meselelerinde möhüm strategiki hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. Şu sapar iki tarapyň hem biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga meýillidigini görkezýär diýip, Prezident Nursultan Nazarbaýew aýtdy we gazak tarapynyň duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýändigini belledi.

Çykyşynyň dowamynda Gazagystanyň baştutany açyklyk we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen ikiçäk gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşylandygyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy howpsuzlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasyndaky Ylalaşygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň beýleki sebitleriniň arasynda şeýle ylalaşyklary baglaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer diýip, Gazagystanyň lideri aýtdy.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny aýdyp, onuň okgunly ösýändigini belledi. Prezident Nursultan Nazarbaýew bu ulgamdaky görkezijileri aýdyň mysal hökmünde görkezip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi diýip, Gazagystanyň lideri aýtdy.

Dostlukly ýurduň baştutany bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artmagyna ýardam etjek täze çemeleşmeleri we guralllary işläp taýýarlamakda hökümetara toparynyň, şeýle hem degişli edaralaryň işiniň ähmiýetini nygtady. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti düýn geçirilen türkmen-gazak işewürler forumynyň netijelerine kanagatlanma bildirip, döredilen Işewürler geňeşiniň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň lideri ýakyn wagtda bilelikdäki iş toparynyň haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça birinji mejlisini geçirmegiň uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

Prezident Nursultan Nazarbaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna gepçen ýyl bolan döwlet saparynyň barşynda möhüm wakanyň, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň gazak-türkmen bölegini ulanmaga bermek dabarasynyň bolandygyny belläp, bu ýoluň türkmen-eýran böleginiň işe girizilmeginiň ägirt uly ähmietini nygtady. Demir ýol demirgazyk, şeýle hem günorta ugurlarda biziň ýurtlarymyzyň ýük akymlarynyň artmagyna mümkinçilik berer diýip, Gazagystanyň lideri aýtdy we Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda üstaşyr köpri hökmünde goňşy döwletleriň geografiki ýagdaýyny mundan beýläk-de has netijeli ulanmak barada ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Gazagystanyň baştutany halkara giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselesine degip geçip, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga meýillidigini aýtdy.

Prezident Nursultan Nazarbaýew geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, şu saparyň netijeleriniň türkmen-gazak gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar bolsa iki doganlyk halkyň medeni-ruhy aragatnaşyklaryna, olaryň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň umumylygyna esaslanýar.

Çykyşynyň ahyrynda Gazagystanyň baştutany hormatly Prezidentimize döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler, şeýle hem ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, “Magtymguly” zalynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” adynyň dakylýandygyny yglan etmegiň uly mertebedigini nygtap, bu çözgüdiň Gazagystanyň Prezidentiniň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasyndaky asyrlarboýy dowam edýän doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna uly goşandynyň ykrar edilmesidigini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe Türkmenistanda uly hormat goýulýar. Biz onuň tutanýerliligine, belent jogapkärçiligine, döwlet derejesindäki parasatlylygyna uly sarpa goýýarys. Bu häsiýetler Gazagystanyň Prezidentine öz ýurduna ynamly baş bolmaga, Gazagystanyň halkyny ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda täze üstünliklere alyp barmaga, döwletiň durnuklylygyny hem-de jebisliligini saklamaga we pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Prezident Nursultan Nazarbaýewiň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasy taryhy ölçegler boýunça gysga döwürde köpugurlar boýunça ajaýyp üstünlikleri gazanyp, dünýäniň örän sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi.

Biz Gazagystanyň baştutanynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara içgin üns berýändigini görýäris. Onuň bilen duşuşyklarymyz elmydama ynama we özara düşünişilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalaryň edilmegine tüýs ýürekden gyzyklanma bildirilmegine mahsus ýagdaýda geçýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Munuň özi anyk netijeleri berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Gazagystan syýasy, söwda - ykdysady we gumanitar ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň ýurtlarymyzyň içgin hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy saklamakda möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup, ählumumy syýasata degişli wajyp meseleleriň çözülmegine ýardam berýär. Iň esasysy bolsa, bu hyzmatdaşlyk halklarymyzyň bähbidine laýyk gelip, olaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, ösüşe we rowaçlyga ýardam berýär. Bu günki gün biziň Gazagystany doganlyk ýurt, Türkmenistanyň wepaly we ygrarly dosty diýip atlandyrmagymyz Nursultan Abişewiç Nazarbaýewiň bitiren işidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen Lideri gazagystanly kärdeşini Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, Prezident Nursultan Nazarbaýewe berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk, syýasy we döwlet işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda belent mertebeli myhmana däp bolan türkmen milli dony, telpek geýdirildi we guşak daňyldy. Şeýle hem Gazagystanyň Prezidentine degişli döşe dakylýan nyşan gowşuryldy.

Gazagystan Respublikasynyň baştutany hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, özüne Türkmenistanyň “Hormatly iş ýaşulysy” diýen adyň dakylmagyny ähli gazak halkyna çuňňur hormat-sarpanyň beýany hökmünde kabul edýändigini belledi. Prezident Nursultan Nazarbaýewiň nygtaýşy ýaly, ol sebitiň hakyky merjenine öwrülýän ak mermerli Aşgabat şäherine gelp görmek mümkinçiligine hemişe şatdyr. Şunda belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolandygyny, onuň ykdysadyýetiniň ösýändigini, halkyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny, ýurduň halkara abraýynyň artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň lideri Türkmenistanyň baştutanynyň Gazagystan bilen gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly üns berýändigini belledi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen we gazak halklaryny taryhy, medeni we ruhy umumylygyň birleşdirýändigini nygtap, iki ýurduň taryhçy alymlarynyň işjeň hyzmatdaşlyk etmeginiň, şol sanda TÜRKSOÝ-yň, Halkara Türki akademiýasynyň çäklerinde gatnaşyk etmeginiň wajypdygyny aýtdy. Munuň özi gadymdan gelýän dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Belent merebeli myhman bildirilen hormat-sarpa üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikleri arzuw etdi. Gazagystanyň lideriniň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýa sebitinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp bilerler. Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen tarapyna ýene-de tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany hormatly adyň dakylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, gazagystlanly kärdeşine we Gazagystanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Soňra iki ýurduň Liderleri “Magtymgyly” zalyndan ugradylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti paýtagtymyzyň günorta –günbatar böleginde gurlan we milli gahrymanlaryň—Watanymyzy goraýjylaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hakydasyny ebidileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady. Gazagystanyň baştutany Ýadygärlige gül desselerini goýmak dabrasyna gatnaşdy, şeýle hem bu ýerde ýerleşen muzeýe baryp gördi. Şol ýerde muzeýiň ekspozisiýasy bilen tanyşdy we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.