Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Erwand Zaharýany kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyz bilen görşüp, Ermenistanyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandygyny belledi. Şol hyzmatdaşlygyň gerimi soňky ýyllarda ep-esli giňelip, hil taýdan täze derejä çykdy. Şunuň bilen baglylykda, Erwand Zaharýan milli Liderimize Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli halkara duşuşygyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol maslahatyň gün tertibine strategik energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Bu meseleleriň Ermenistan üçin uly gyzyklanma döredýändigini aýdyp, ministr öz ýurdunda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny, şol sanda durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan global energohowpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýarlar diýip belledi.
Bitarap Türkmenistanyň ähliumumy abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz baý energiýa serişdelerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşmak bilen degişli ugurda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge öz goşandyny goşýar we iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar diýip belledi. Döwletara türkmen-ermeni gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Türkmenistanyň hem däbe öwrülen şol hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandygyny tassyklady. Şol hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde okgunly häsiýet mahsusdyr.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika ulgamynda, hususan-da, elektroenergetika pudagynda, şeýle hem beýleki birnäçe pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetli orny bellenildi. Onuň Ýerewanda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Biziň ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň özünde galdyran täsiri barada gürrüň bermek bilen, myhman Türkmenistanda on ýyla golaý wagt mundan öň bolup görendigini, ynha, indi bolsa Gündogaryň binagärlik göwherine öwrülen türkmen paýtagtynda alnyp barylýan gurluşygyň depginlerine we gerimine haýran galandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Jenap Erwand Zaharýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna ýetip gelýän milli baýramçylyk – Bitaraplyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.