Ï Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugynyň we Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugynyň we Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1496
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynyň we Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şol ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz ir bilen wakanyň bolýan ýerine geldi, bu ýerde säher bilen ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar.

Magtymguly şaýolunyň her tarapynda, Serhet gullugynyň edara binasynyň garşysynda harby talyplar elleri baýdakly nyzama düzülipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka mynasybetli bu ýere ýygnanan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hasabat berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň artistlerinden we harby talyplardan düzülen bilelikdäki horuň ýanyna barýar we olary şanly waka bilen gutlaýar. Harby talyplar üç gezek “Ura!” diýip seslenýärler.

Soňra milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen merkezi edarasynyň binasyna barýar.

“Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkyna bagtly, asuda we abadan durmuşy peşgeş beren milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Arkadagym bar halkyň başynda” atly aýdym watançylyk duýgusy we ene topraga bolan söýgi bilen aýdylyp, wakanyň dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär—bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde, belent binanyň içki gurluşy bilen tanşyp başlaýar. Bu ýerde gullugyň merkezi edarasynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Ähli otaglar döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwrebap aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri, inženerçilik-tehniki enjamlar we ýöriteleşdirilen tehnologiýalar bilen üpjün edilipdir. Olar serhet goşunlarynyň merkezi edarasyna Döwlet serhediniň islendik böleginde ýüze çykýan dürli ýagdaýlar babatda gyssagly çözgüt kabul etmäge mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz merkezi edaranyň Situasion merkezine barýar we ol ýerde wideogözegçilik arkaly ýerde, howada we deňizde Döwlet serhediniň goragyny amala aşyrmak maksady bilen ýerleşdirilen döwrebap kompýuter hem-de aragatnaşyk enjamlary bilen tanyşýar.

Täze binada ýerleşdirilen iş otaglary we medeni – köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen giň maslahatlar zaly, şeýle hem kitaphana, sport zaly we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aragatnaşyk otaglarynda ýerleşdirilen enjamlary synlaýar.


Ýeri gelende aýtsak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi döwlet Bitaraplyk derejesine laýyklykda, goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu edaralaryň ygtyýaryna soňky ýyllarda öňdebaryjy harby we ýöriteleşdirilen tehnikalar gelip gowuşýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriniň çäklerinde gurlan nobatdaky täze binalar toplumy milli Liderimiziň milli goşunymyzy kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge, harby gullukçylaryň, hususan-da, eziz Watanymyzyň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, asudalygynyň goragynda durýan serhetçiler üçin has amatly şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsüniň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiz bu ýere ýgynananlary serhet gullugynyň taryhyndaky şanly waka bilen gutlap, dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly bolan türkmen halkynyň gadymdan gelýän däplerinden ugur almak bilen, serhetçileriň öz birkemsiz gullugy bilen geljekde hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy düzümlerde başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz binalar toplumyny gözden geçirenden soň, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra milli Liderimiz Serhet institutynyň binalar toplumyna tarap ugraýar. Elleri baýdakly harby talyplar Serhet institutyna alyp gelýän ýoluň iki tarapynda nyzama düzülipdir.

Harby ýokary okuw mekdebiniň esasy binasynyň öňünde ýurudumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Serhet institutynyň rektory podpolkownik A.Hommatlyýew hasabat berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, harby talyplary şanly waka bilen gutlaýar. Harby talyplar: üç gezek “Ura!” diýip seslenýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhet institutynyň esasy binasynyň öňüne barýar. Bu ýerde serhetçileriň aýdym-saz toparynyň we harby talyplaryň bilelikdäki horunyň ýerine ýetirmeginde “Serhet institutynyň talyplary biz” atly aýdym ýaňlanýar.

Giň eýwanda Serhet institutynyň söweş baýdagy oturdylypdyr, onuň ýanynda gije-gündiz hormat garawuly nobatçylyk çekýär .

Ýurudumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby düzümler üçin işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermek bilen, geljekki hünärmenler watançylyk hem-de ene topraga bolan çäksiz söýgi we wepalylyk duýgusynda terbiýelenilmelidir, harby sungatyň milli hem-de daşary ýurt tejribesine eýe bolup, ähli ugurlarda nazaryýet we söweş taýýarlygyny ýokarlandyrmalydyr diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň pikir taýdan ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän täze bilim syýasatynyň çäklerinde gurulýan we üpjün edilýän ýurdumyzyň ýokary harby – hukuk mekdepleri hut şol maksatlara gulluk edýär. Şol syýasat bolsa milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ýokary halkara abraýyna eýe bolan, sazlaşykly ösýän döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň sütünleriniň mizemezligini, asudalygyny goraýan ýaş harby hünärmenleriň bilimli neslini kemala getirmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar bilen toý bagyny kesip, baş binanyň içine girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli gata çykýar we bu ýerde harby talyplaryň bilim almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.

Döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň taktikasynyň harby-taktika hereketlerini modul öwreniş otagyna barýar. Bu ýerde bar bolan döwrebap aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri serhediň ähli ýerlerine gözegçilik etmäge hem-de döwletimiziň serhetlerini bikanun kesip geçmäge synanyşyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Soňra tanyşlyk inženerçilik otagynda dowam etdi, bu ýerde oturdylan widergözegçilik enjamy uzak aralykda ýerleşýän desgalary, çäkleri, aýry-aýry ýerleri synlamaga, şeýle hem düzgün bozujyny ýüze çykarmaga we kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Elektro habar beriş toplumy döwlet serhediniň onlarça kilometrine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde şeýle hem ýurdumyz bilen çäkleşýän döwletleriň tapawutlandyryjy nyşanlary oturdylan serhet sütünleriniň ähli görnüşleri goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň çäklerini aňladýan sütünlerde baky Bitaraplygyň nyşany bolan zeýtun şahajyklarynyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzir döwletimiz ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriň täze binalaryny gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň tehniki taýdan üpjünçiligine ägirt uly serişdeleri goýberýär. Ýurdumyzyň harby institutlarynyň talyplarynyň ygtyýarynda döwrebap kompýuter we multimediýa enjamlary, Internet-serişdelerine we elektron kitaphanalar ulgamyna elýeterliligi bolup, bu şertler okuwy düýpli kämilleşdirmäge mümkinçilik berip, dürli taraply bilimlere we ylymlara, şol sanda lingwistik bilimlere bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin interaktiw multimedia enjamlary bilen üpjün edilen lingafon otaglary tanyşlygyň nobatdaky ýerine öwrülmegi tötänden däl. Şol enjamlar daşary ýurt dillerini kämil usullar bilen öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen maslahatlar zaly ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri, şol sanda daşary ýurt mekdepleri bilen teleköprüleri guramaga, şeýle hem ylmy-amaly maslahatlary we ýygnaklary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Atçylyk we itçilik okuw otaglary hem uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde harby talyplar serhedi goraýjylaryň hemrasy we kömekçileri bolan atlar we itler bilen serhedi goramak üçin zerur bolan endiklere eýe bolýarlar. Okuw otagy atlar we gulluk itleri barada okuw gollanmalary we beýleki degişli maglumatlar bilen üpjün edilipdir.


Türkmenistanyň Serhet institutynyň awtoulag we bronetehnika kafedrasynyň okuw otagy hem göz öňünde tutuldy. Ol, hususan-da, dizel we benzin ýangyçlarynda işleýän hereketlendirijileriň iş usulyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow okuw otaglarynyň gurluşy we üpjünçiligi bilen tanşyp, bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçylaryny we şahsy düzümini şu günki şanly waka—Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň hem-de Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady. Belent Serkerdebaşymyz şol ajaýyp binalarda döredilen şertleriň gullugyň merkezi edarasynyň takyk we sazlaşykly işlemegine, şeýle hem eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň söweşjeň we taýýarlyk derejesini, ýokary hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ösüşlere harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem mynasyp goşantlaryny bellemek bilen milli Liderimiz döwletimiziň harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirýär diýip aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri, şol sanda serhet goşunlary kämil harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu düzümleriň döwrebap edara binalary, harby bölümleri, serhet galalary, ýaşaýyş jaýlary we ýörite maksatly desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Bitarap Watanymyzyň dost - doganlyk araçäklerini ygtybarly goraýan serhet goşunlarymyz öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri berjaý etmekde goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzdan hem-de Bitaraplyk taglymatymyzdan ugur alýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň eziz Diýarymyzyň serhetleriniň hemişe dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhetlerine öwrülmegine mynasyp goşantlaryna ýokary baha berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dünýäde berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge oňyn şertleri döredýär.

Şu gün açylyp ulanmaga berilýän, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen Döwlet serhet gullugynyň edara binasynda döredilen oňat şertler barada aýratyn durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gullugyň edara binasynyň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen Maglumat merkeziniň ygtybarly goragyna ýurdumyzyň ähli künjeginde – gury ýerde, howa giňişliginde, deňiz çäklerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Döwletimiziň serhet çäklerinde ýörite uçuşlary amala aşyrýan uçarlardan, dikuçarlardan gelip gowuşýan wideo maglumatlary kabul etmek we synlamak, şeýle hem serhet birikmeleri bilen göni ýaýlymda maslahatlary geçirmek üçin bu ýerde ähli amatly şertler döredildi. Bulardan başga-da, Gullugyň edara binasynda serhetçileriň köpçülikleýin medeni we sport çärelerini geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler, şeýle hem ähli amatlyklary göz öňünde tutulan synp we iş otaglary, dükan, kitaphana, arhiw jaýlary, başga-da gulluk we durmuş maksatly otaglar serhetçileriň hyzmatynda bolar.Bir söz bilen aýdylanda, Döwlet serhet gullugynyň täze edara binasy serhetçilerimiziň iş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmaga we kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şu gün açylyp ulanmaga berilýän Serhet institutynyň döwrebap binalar toplumynyň hem harby bilim ulgamyny ösdürmäge giň mümkinçilik berer. Harby okuw jaýyna her ýyl 300-e golaý talyp kabul edilip, olara döwrebap bilim-terbiýe berler we harby hünär öwrediler.

Serhet institutynyň täze binalar toplumynda interaktiw multimedia enjamlary bilen üpjün edilen lingafon otaglary, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşykda ylmy - amaly maslahatlary, okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýän mejlisler zaly ýerleşýär. Bu ýerde 700 orunlyk medeniýet öýi, hersi 1 200 orunlyk harby talyplaryň 3 sany ýaşaýyş jaýy, sport toplumlary, ýerasty ok atyşhanasy, awtodrom we harby tehnikalary dolandyrmagy öwrenmek üçin ýörite meýdança bar. Elektron kitaphana, muzeý, arhiw otaglary we beýleki gulluk hem-de durmuş maksatly ençeme desgalar harby talyplaryň döwrebap bilim almaklaryna, ussat serkerdeler bolup ýetişmeklerine şert döreder.

Biz berkarar Watanymyzyň dost-doganlyk araçäklerini ygtybarly goraýan edermen serhetçilerimiz barada hemişe alada ederis. Olaryň iş we durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrarys. Bitarap döwletimizde alyp barýan harby özgertmelerimizi yzygiderli dowam ederis diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine, harby talyplara ýüzlenip, olaryň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutýan mert, edermen, lebzi halal, gaýratly, batyr Watan goragçylary hökmünde uly abraý gazanmalydygyny sargyt etdi.

Siz Oguz han, Görogly beg, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan ýaly mert pederlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi hiç wagt unutmaly dälsiňiz. Beýik ata-babalarymyzyň gahrymançylygyndan, merdanalygyndan nusga alyp, berkarar Watanymyzyň serhetlerini gözüňiziň göreji ýaly goramalysyňyz-diýip, milli Liderimiz olaryň eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny gorap saklamakda ähli bilimlerini, gujur-gaýratlaryny, gerek bolsa şirin janlaryny gaýgyrman gulluk etjekdigine berk ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Milli Liderimiziň başyny başlan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş harby doktrinasynyň çäklerinde giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen ilkinji bolup, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. MHM-nyň ýolbaşçysy gözegçilik edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk we Birata etraplarynda ministrligiň etrap edara binalarynyň gurlup gutarylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolup galýan türkmen döwleti geljekde hem parahatçylygyň, türkmenistanlylaryň asudalygynyň we abadançylygynyň goragynda durýan gulluklaryň işini kämilleşdirmek meselelerine uly üns berer diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrligiň täze edara binalaryny dabaraly ýagdaýda açmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Milli howpsuzlyk institutynyň işleriniň döwrüň talabyna laýyk guralmalydygyny nygtady.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol harby gullukçylar, olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda atalyk aladasyny edýän milli Liderimize ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şahsy düzüminiň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de serhetçileriň öz mukaddes harby borjuny ýerine ýetirende asylly we jogapkärli wezipelerini netijeli ýerine ýetirmekýurdumyzyň her bir daban ýerini gözüň göreji deýin gorajakdygyna ynandyrdy.

Mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň polat galkanyna öwrülen serhet goşunlarynyň döredilmegi garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan uly syýasy üstünlikleriň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet serhediniň ygtybarly goralmagy örän jogapkärli borç, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň, özygtyýarlylygynyň we asudalygynyň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň kepili bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, şahsy düzümi gadymdan gelýän milli däplerimize wepalylyk, harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän yzygiderli işler netijesinde garaşsyzlyk ýyllarynda milli harby işgärleriň-- ýokary derejeli hünärmenleriň, eziz Watanymyza wepaly, ýokary söweşjeň ukybyna we syýasy taýýarlyga eýe bolan harby gullukçylaryň täze nesli kemala geldi, bu bolsa öz gezeginde dostluk we doganlyk serhedi bolup durýan döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň rektory Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda şu gün ulanmaga berlen institutyň täze binalar toplumy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebiniň täze binasynda harby talyplara halkara tejribesiniň gazananlary esasynda bilim bermek, geljekki serhetçileri halkymyza we Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra goranmak ministry B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa harby özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Şol özgertmeler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz degişli ugurda işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwrebap harby şäherçelerini hem-de harby gullukçylar üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, serkerdeler düzüminiň, şeýle hem möhletli gulluk edýän esgerleriň hünär we söweşjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmegini talap etdi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, harby talyplary ata-babalarymyzyň pähim-parasatly ýörelgeleri esasynda terbiýelemek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar geňeşini döretmek barada görkezme berdi.

Soňra ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hakynda Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi. IIM-niň ýolbaşçysy gözegçilik edýän düzümleriniň işleri hem-de jenaýatçylygyň we islendik görnüşdäki düzgün bozmalaryň, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görülýän anyk çäreler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz IIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berip, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýurdumyzda asuda jemgyýetçilik ýagdaýyny döretmek üçin ähli tagallalary etmek bilen, düzgün-tertibiň berjaý edilmegine, aýratyn-da, ýakyn wagtda belleniljek baýramçylyk günlerinde gözegçilik edilmegini üpjün etmelidiklerini belledi.


Milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň mugallym diýen belent ady hormat bilen götermelidiklerini nygtap, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektoryna hem-de mejlise gatnaşýan beýleki rektorlara okuw jaýlarynyň ylym-bilim derejelerini ýokarlandyrmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň hem-de şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda prokuraturanyň işleriniň, şol sanda aýry-aýry döwlet düzümleriniň işine seljermeleri geçirmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň arz-şikaýatlaryny we ýüz tutmalaryny düýpli öwrenmek boýunça geçirilen işler barada Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunlaryň we düzgün-tertibiň goragynda durýan, hereket edýän milli kanunçylygyň birkemsiz berjaý edilmegine gözegçilik edýän prokuraturanyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleriň möhümdigini belledi. Şol wezipeler asudalygyň we jemgyýetde agzybirligiň esasy bolup hyzmat edýär.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew öz gezeginde milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy, şeýle hem 2014-nji ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleriniň geçiren işleriniň jemleri hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleriň möhümdigini bellemek bilen, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we kazyýetleriň çykarýan çözgütleriniň kanunlara gabat gelmegine berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň okgunly ösmegi üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýän milli kanunlary hemmetaraplaýyn berkitmäge we has-da kämilleşdirmäge gönükdirilip, geçen 11 aýyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleri hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Adalat ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň hatarynda kanunçylygy öwrenmegi halkara hukugynyň kadalaryna işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini görkezdi. Ony öwrenmek üçin ministrligiň işgärleri üçin daşary yurt iş saparlary guralmalydyr.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewiň hasabatynda hem onuň gözegçilik edýän düzüminiň garalýan döwür üçin geçiren işleriniň jemleri beýan edildi. Ol milli Liderimize gümrük nokatlarynyň döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň giňelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň çäginden, şol sanda üstaşyr geçýän ýükleriň düýpli gözden geçirilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň, neşe serişdelerine we psihotrop maddalara bagly bolan adamlara kömek bermegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň” çäklerinde neşeleriň bikanun dolanyşygynyň we neşekeşligiň öňüni almak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz bu ugurda geçirilýän işleri güýçlendirmegi, olary yzygiderli we netijeli geçirmegi tabşyryp, gullugyň we onuň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, olary täze enjamlar we ýörite tehniki serişdeler bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry – halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglylykda, özüne ynanylan düzümiň has netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri görlen çäreler hakynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde gullugyň işgärleriniň mynasyp paýynyň barlygyny aýdyp, öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirende olaryň daşary ýurtly myhmanlar bilen salykatly we dostlukly bolmalydygyny belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, birnäçe möhüm ugurlary, şol sanda milli goşunyň kämilleşdirilmegini, onuň tehniki üpjünçiligini, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlyk we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagy, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin göwnejaý gulluk we durmuş şertlerini döretmegi öz içine alýan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşyna kanagatlanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna bildirilýän ähli talaplaryň, hususan-da, işgärleriň watançylyk-terbiýeçilik işlerini we ýerli-ýerinde dogry goýulmagy boýunça talaplary gyşarnyksyz berjaý etmegiň möhümdigi aýdyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan gurluşyk işleriniň barşyna, şol sanda döwrebap harby şäherçeleriniň, harby bölümleriň, serhet galalarynyň, dolandyryş binalaryň we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşyna örän berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Şol desgalar ýokary hilli gurlup, bellenilen möhletinde ulanmaga tabşyrylmalydyr.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesine Watana päk ýürekden gulluk edendigi üçin çin derejeleri we harby atlary dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary okalýar, olara laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary, maýor A.Ýalkanowa podpolkownik, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary, maýor Ý.Jumaýewe podpolkownik, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary, kapitan M.Gurdowa möhletinden öň maýor, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary, uly leýtenant B.Gazakowa möhletinden öň kapitan harby ady dakyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hormatly Prezidentimizden Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, binanyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagy we görkezme okuw türgenleşigini geçirmäge rugsat bermegini hem-de oňa tomaşa etmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz oňa rugsat berip we Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp, göçme mejlisiň ahyrynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň geljekde hem öz mukaddes harby borçlaryny takyk ýerine ýetirjekdigine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Institutyň baş binasyndan çykyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtosimulýator ýerleşýän bina barýar. Ol ýerde döwlet Baştutanymyza “Toýota”, “BTR 80”, “KAMAZ” ýaly awtomobillerde türgenleşik geçilişi görkezilýär.

Döwrebap awtoulaglar görnüşindäki enjamlarda geçirilýän türgenleşikler harby talyplarda çylşyrymly howa şertlerinde /gar ýaganda, ýagyş ýaganda, ýol doňanda, duman bolanda we beýleki ýagdaýlarda, şeýle hem gije, daňdan, gözüňi gamaşdyryp barýan güneşli howada/ awtoulaglary dolandyrmak ukybyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Diňe ýeterlik derejede tejribe toplanlaryndan soň, olar awtoulaglary hakyky şertlerde sürerler.

Milli Liderimiz awtosimulýatordan çykyp, ýerasty atyşhana bardy. Onuň enjamlaşdyrylyşy netijesinde bu ýerde 50 metr aralykdan atyşyk boýunça türgenleşik geçirmek bolýar. Munuň özi harby gullukçylara ok atýan ýaragyň dürli görnüşlerine, diňe türgenleşik däl-de, eýsem, söweşde ulanylýan ýaraglara ussatlyk bilen erk etmegine mümkinçilik berer.

Şunda institutda bar bolan elektron kitaphanasynyň uly kömek bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Onuň gaznasyny gullukda peýdalanmak üçin bolşy ýaly, çeper eserler okamak üçin hem peýdaly bolup, köpsanly okuw goldanmalary we ylym-bilim kitaplary düzýär. Olardan peýdalanyp, harby talyplar öz dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeldip bilýärler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan neşirleriň ählisi, şeýle hem häzirki zaman Türkmenistan barada gürrüň berýän, onuň gazananlaryna we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerine bagyşlanan kitaplar goýlupdyr.

Kitaphana skaner bilen enjamlaşdyrylypdyr. Ol awtomatik usulda kitaplary sagatda birnäçe müň sahypa tizlik bilen elektron görnüşe geçirýär. Soňra bolsa olary kompýuter görnüşdäki elektron kitaphana geçirýär. Bu bolsa kitaby dessine köpsanly okyjylar üçin elýeterli edýär.

Dürli dillerdäki kitaplaryň uly toplumy, şeýle hem planşetler, Wi-Fi kitaphananyň harby talyplaryň okuwdan we türgenleşikden boş wagtlary höwes bilen gelip, meşgullanyp biljek ýerine öwrüljekdigine şübhe döretmeýär. Bu ýerde olar özleriniň gumanitar-syýasy taýýarlygyny artdyryp bilerler.

Serhet institutynyň täze binalarynda döredilen şertleriň netijesinde okuw işleri bilen bir hatarda, geljekki serhetçileriň harby taýýarlygyna we türgenleşiklerine hem uly üns berilýär.

Üsti ýapyk bedenterbiýe-sport toplumy häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak hem-de ýaryşlary guramak üçin hemme şertler döredilipdir.

Bu ýerde türgenleşik üçin bolşy ýaly, görkezme çykyşlar üçin hem peýdalanyp boljak ýüzülýän howuz, futbol, woleýbol, basketbol oýunlary üçin ýörite zallar, ýörite ylgaw ýodajyklary, zerur bolan hemme sport abzallary we serişdeleri bolan zallar bar. Institutda uly we kiçi futbol meýdançalary, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin açyk meýdança bar.

Institutyň çäkleri ýerli tebigy şertleri nazarda tutulyp, oňat abadanlaşdyrylyprdyr. Ine, uly beýiklikde gurnalan diwar boýunça dikuçar meýdançasy harby gullukçylaryň dikuçardan çalt düşmek türgenleşikleri üçin niýetlenendir. Ol uçut gaýany ýatladýar. Harby talyplar beýiklikleri aşmagy hem-de daga çykmagy öwrenýärler, Şeýle hem türgenleşikler üçin zerur bolan köpsanly beýleki emeli we tebigy päsgelçilikler döredilipdir.

Ýöriteleşdirilen harby, ders otaglaryndan başga-da, oňat enjamlaşdyrylan otaglar we himiýa, fizika, inženerçilik işi we beýlekiler boýunça barlaghanalar bar. Bu bolsa köptaraply bilim almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Serhet institutyna gelmegi mynasybetli nyzama durulýan meýdançada döwrebap tehnikalar hatara goýlupdyr. Olar soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýaryna gelip gowuşdy.

Görkezilen ýörite tehnikalary gözden geçirip, milli Liderimiz olaryň esasy häsiýetnamalary we iş aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwlet Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň tehniki parkynyň üstüniň iň täze görnüşli tehnikalar bilen hemişe ýetirilip durulmagy barada mundan beýläk-de alada eder.

Dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz Serhet institutynyň rektoryna ýöriteleşdirilen häzirki zaman harby awtoulaglarynyň, bronly tehnikalaryň we ýokary geçijilikli motosiklleriň açarlaryny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap motosikli sürüp, onda görkezme okuwlarynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Onuň barşynda harby talyplar özleriniň serhetde jogapkärli gulluklaryny mynasyp alyp barmak üçin örän zerur bolan harby tälimlerini we ussatlyklaryny görkezdiler.

Şertli ýagdaýa görä, syn ediş nokadynda serhetçiler tarapyndan elleri ýaragly döwlet serhedini bozujylaryň topary ýüze çykarylýar we bu barada serhet galasyna habar berilýär.

Serhet galanyň şahsy düzümi «Yaraga» yşaraty boýunça aýaga galdyrylýar hem-de tiz hereket edýän motoulaglarda, ýöriteleşdirilen awtoulaglarda we tehnikada toparlara bölünip, bellenen tarapa ugraýarlar.

Ýokardan gözegçilik etmek üçin uçarmansyz uçar asmana uçurylýar serhet , onuň operatory serhedi bozujylaryň hereket edýän ugruny yzarlaýar.

Serhet galasynyň elektron habar beriş toplumynyň ýanynda oturdylan wideogözegçilik ulgamynyň kömegi bilen olaryň toplumyň üsti bilen geçýändigi anyklanylýar. Bu ýere dessine söweş nobatçylygynda duran dikuçarlar ugradylýar. Olar Döwlet serhet gullugynyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň harby gullukçylaryndan ybarat bolan ýörite maksatly desant toparydyr.

Uçarmansyz uçar serhet bozujylarynyň iki topara bölünendigini ýüze çykarýar hem-de bu barada serhet galasyna habar berip, uçuşyny dowam edýär.

Serhet bozujylaryň bir topary bilen serhet tabşyrygynyň arasynda ýaragly çaknyşyk bolup geçýär. Gulluk itiniň okgunly hereketleri bilen atyşygyň netijesinde yza galan serhet bozujylaryň biri ele salynýar. Beýleki birini bolsa tizlikli motoulagda yzarlaýarlar, gabaýarlar we ele salýarlar. Saklananlar tussaga alnyp, awtoulagda serhet galasyna tarap alnyp gidilýär.

Şol wagt tälim okuwlary geçýän meýdana söweşjeň dikuçarlar ýakynlaşýar. olardan hüjüm ediş topary düşürilýär. Ýörite maksatly desant toparynyň okgunly we sazlaşykly hereket etmegi netijesinde döwlet serhedini bozujylaryň galan ikinji topary ýaragsyzlandyrylýar we saklanylýar.

Howada ýörite aňtaw uçary goşmaça uçuşy amala aşyrýar. Bu uçar wideoýazgylary we fotosuratlary düşürmek maksady bilen, gije-gündizleýin aňtaw uçuşlaryny geçirmäge niýetlenendir.

Aňtaw uçuşlarynyň geçirilmegi, şeýle hem saklananlar bilen alnyp barylan sorag etme işleriniň netijesinde dürli tehnikalarda döwlet serhedinden geçen elleri ýaragly näbelli raýatlaryň ýene-de ýüzlerçesi anyklanylýar.

Ýaragly böwsüp geçilme barada serhet bölümçesine, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna habar berilýär.

Awtoulagda oturdylan ses güýçlendiriji ýörite enjamyň kömegi arkaly serhedi ýaragly bozujylara yza çekilmek barada talap aýdylýar. Emma olar ýarag ulanyp, öz hereketlerini dowam edýärler. Olara tarap desant-hüjüm ediji we söweş dikuçarlarynyň birnäçesi ugraýar.

Türkmenistanyň çäklerine aralaşan ýaragly toparlaryň hüjümini yzyna gaýtarmak maksady bilen tebil boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň – Goranmak ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň bölümçeleri galdyryldy. Olar “BMP-2”, “Cobra”, “Survivor” bronly tehnikalarynda we ”Mantra”, “Iveco”, “Hilux” awtoulaglarynda söweş hereketleri geçýän ýerlere tarap topar bolup çykýarlar. Bu tehnika dünýäde öz kuwwatlygy, tizligi we ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýan, hakykatda, iň kämil hasaplanýar we şoňa görä-de, dürli şertlerde geçýän döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde netijeli ulanylýar.

Söweşjeň dikuçarlar raketalary bilen garşydaş tarapyndan eýelenýän ýaragly çäkler boýunça ýerlere howadan urgy geçirýärler. Bronly tehnikany ýok etmek maksady bilen goşmaça dikuçarlar ot açýarlar. Zalp bilen ot açmagyň reaktiw ulgamy söweş tehnikasyndan we minomýotlardan hem ot açylýar.

Ot açyjy serişdeleriň ählisinden goýberilýän üznüksiz ot açylmagynyň kömegi bilen garşydaşyň hüjümi üstünlikli gaýtarylýar. Garşydaşyň galan güýjüni doly ýok etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary maksatly toparlary yzygiderli ot açmalaryny dowam edýärler. Şonuň netijesinde döwlet serhedini bozan ýaragly topar doly ýok edilýär.

Watanymyzyň edermen goragçylarynyň sazlaşykly işleri netijesinde harby-tälim okuw türgenleşiginiň öňünde goýlan maksada ýetildi – garşydaşyň harby tehnikasy hem-de adam güýji doly zyýansyzlandyryldy.

Mukaddes kasamyň sözlerini uly joşgun bilen ýerine ýetirip, okuw türgenleşigine gatnaşanlar döwlet Baştutanymyza atalyk aladasy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler hem-de Watanymyza mundan beýläk-de abraý bilen gulluk edip, ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etjekdiklerine we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdylar.

Harby gullukçylaryň ussatlygyny we hünär taýýarlygyny doly derejede görkezen harby-tälim okuw türgenleşiginiň guralyşyna kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň milli goşuny iň döwrebap söweş tehnikalary we serişdeleri bilen mundan beýläk-de enjamlaşdyryp durjakdygyny hem-de harby işgärleriň okuw derejesini ýokarlandyrmak üçin hemme şertleri döretjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnanalar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.