Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň Lideriniň Türkmenistana bu ilkinji sapary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ýolunda möhüm ädime öwrüler. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler özara bähbitli türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berer. Onuň uly mümkinçilikleriniň nazara alnyp, durmuşa geçirilmegi iki ýurtlaryň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýär.
Irden Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň ulag kerweni Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi.
Merkezi girelgäniň öňünde gruzin kärdeşini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden we mähirli garşylady. Birek-birek bilen dostlukly görşüp, iki ýurduň Baştutanlary “Oguzhan” zalyna geçýärler. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Nyzama duran hormat garawulynyň rota serkerdesi Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Giorgiý Margwelaşwilä dabaraly hasabat berýär. Gruziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Gruzin Lideri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Iki ýurduň Baştutanlary nyzama düzülen hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyny Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde Prezident Giorgiý Margwelaşwili türkmen döwletiniň Baştutanyny Gruziýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça resmi surata düşenlerinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmany “Altyn” zala çagyrdy. Ol ýerde Prezidentleriň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Baştutanyny türkmen topragynda kabul edýändigine tüýs ýürekden şatdygyny aýdyp, Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwilä Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda gruzin Lideriniň bu saparyna uly ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky däbe öwrülen özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklarynyň ençeme möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyz nukdaýnazarlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny görkezýärler diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek biziň syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz taraplaryň BMG we ÝHHG hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde işjeň özara hereket edýändiklerini kanagatlanmak bilen belledi.
Gruziýanyň türkmen döwletiniň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana gruzin tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna goýýan hormaty üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny diňe sebitde däl-de, eýsem, dünýäde ýöredýär diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmen döwletiniň daşary syýasat konsepsiýasynyň esasy ugurlary barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Giorgiý Margwelaşwilä energiýa howpsuzlygy ýaly halkara syýasatynyň möhüm meselesinde Türkmenistanyň netijeli ugruny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gruziýanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we üstaşyr ibermek hakynda ýurdumyzyň teklip eden Rezolýusiýalarynyň taslamalarynyň awtordaşy hökmünde iki gezek çykyş edendigini kanagatlanmak bilen belledi.
Ulag-üstaşyr ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen döwletiniň Baştutany häzirki gepleşigiň barşynda bu mesele boýunça giňişleýin pikir alşyljakdygyna ünsi çekdi.
Söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz duşuşygyň barşynda bu babatda anyk ädimleriň kesgitlenjekdigini nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin kuwwatyň we oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda hem täze ugurlaryň kesgitlenjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meselelerde türkmen halkynyň gruzin halkynyň medeniýetine uly hormat bilen garaýandygyny nygtady. Şu babatda milli Liderimiz Türkmenistanyň we Gruziýanyň medeniýet günlerini geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň sporta uly ähmiýet berýändigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda hem bu ulgamyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýtdy. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, bu ulgamda, hususan-da, tälimçileri we türgenleri taýýarlamak ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada teklibi aýtdy.
Syýahatçylyk özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Onuň ösdürilmegine Türkmenistan we Gruziýa aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyzyň soňky ýyllarda bu ugurda uly işleri geçirýändigini belläp, türkmen Lideri bu ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikirini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Baştutanyna jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagy, gruzin halkyna bolsa gülläp ösmegi arzuw etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip, gruzin Lideri Gruziýanyň Türkmenistan bilen iki ýurduň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygyny we uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine guwanýandygyny aýdan belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly ornuny hem-de türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdy gülläp ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünligini nygtady. Gruziýa üçin däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamak we giňeltmek örän möhüm bolup durýar diýip, Prezident Giorgiý Margwelaşwili aýtdy.
Belent mertebeli myhman döwletara gatnaşyklarynyň ençeme meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň bilelikdäki medeni çäreleri, şol sanda, biziň ýurtlarymyzda Medeniýet günlerini geçirmek hakynda teklibini goldaýandygyny aýtdy.
Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, Prezident Giorgiý Margwelaşwili şu günki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň kesgitlenjekdigini, munuň bolsa ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady. Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerini birleşdirmegiň nukdaýnazaryndan Gruziýanyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, belent mertebeli myhman ulag ulgamyndaky bilelikdäki taslamalarda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu günki duşuşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, gruzin Lideri bu wakanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän möhümdigini aýtdy. 1995-nji ýylda Gruziýa BMG-niň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi hakynda taryhy resminamany kabul etmegini goldady diýip, Prezident Giorgiý Margwelaşwili belledi hem-de türkmen döwletiniň geljekde hem netijeli başlangyçlaryny ilerletmekde gruzin tarapynyň goldawyna bil baglap biljekdigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikler nazara alnyp, onuň geljegi uly ugurlary kesgitlendi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Giorgiý Margwelaşwili netijeli syýasy gepleşikleri has-da çuňlaşdyrmak, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikirlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň Baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Giorgiý Margwelaşwilini we gruzin wekiliýetiniň agzalaryny Türkmenistanda mähirli mübärekläp, şu saparyň uzakmöhletleýin we özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň syýasy tarapy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz deňhukukly, birek-birege hormat goýmak bu gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlyklary bolandygyny belläp, esasy ählumumy wezipeleriň birnäçesi boýunça biziň garaýyşlarymyz meňzeşdir diýip nygtady. Iki ýurduň halkara giňişliginde milli bähbitlerine laýyklykda özbaşdak, garaşsyz syýasaty alyp barýandygyny belläp, türkmen Lideri Türkmenistanyň Gruziýanyň saýlap alan daşary syýasat ugruna hormat bilen garaýandygyny aýtdy. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň bitaraplygyna esaslanyp, alyp barýan syýasatymyza gruzin hyzmatdaşlarymyzyň hem şeýle garaýandygyny görýäris diýip, kanagatlanma bilen nygtady.
Türkmenistan Gruziýa bilen öz gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, ikitaraplaýyn esasda ösdürýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Tejribäniň görkezişi ýaly, hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşini has netijeli bolup durýar we iki ýurduň bähbitlerine hem laýyk gelýär. Soňky döwürde biziň syýasy gatnaşyklarymyzyň has ysnyşykly we bir maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolandygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki gatnaşyklaryň hem has işjeňleşendigini, olaryň arasynda syýasy geňeşmeleriň we beýleki iş duşuşyklaryň yzygiderli esasda geçirilýändigini belledi.
Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary we halkara meselesi boýunça pikir alyşmaga bize mümkinçilik berýär. Bu ugurda umumy netijä gelmäge we özara düşünişmäge şert döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň, ilkinji nobatda, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamak we üpjün etmek, täze howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek bilen baglydygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Gruziýa bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalarynda özara hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany energiýa howpsuzlygy ýaly örän möhüm ählumumy meselede Gruziýanyň jogapkärli we netijeli garaýşy eýeleýändigini aýratyn belledi.
Biz gruziýaly dostlarymyzyň halkara energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň yzygiderli tarapdary bolup durýandyklaryna ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Gruziýanyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda kabul edilen, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky iki sany Rezolýusiýanyň taslamasynyň awtordaşy bolandygyny nygtap, türkmen Lideri Prezident Giorgiý Margwelşwilä türkmen tarapynyň halkara başlangyçlaryny, şol sanda Türkmenistany 2013-2015-nji ýyllar üçin EKOSOS-yň düzümine saýlamak hakynda teklibi goldandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki döwürde söwda-ykdysady ulgamyň iki ýurduň gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýyl biziň döwletlerimiziň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 495 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny aýtdy. Bu, elbetde, iki ýurduň bar bolan mümkinçilikleri nazara alnanda ýeterlik däldir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky eksport-import amallaryny has-da artdyrmak boýunça bilelikde netijeli işleri alyp barmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biziň pikirimizçe, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, ulag we kommunikasiýalar boýunça taslamalar barada barýar. Halkara ykdysadyýetiniň bu möhüm ugrunda anyk geografiki we ykdysady şertleri nazara alyp, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek möhüm ähmiýete eýedir diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Günorta Kawkaz Hazar-Gara deňzi ulag-üstaşyr geçelgesiniň özboluşly aýratynlyga eýe bolan bölegidir. Bu geçelgäniň ulanylmagy Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlary bilen giň möçberli sebitara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu babatda iki ýurduň bähbitleriniň aýdyňdygyny we özara gabat gelýändigini belläp, milli Liderimiz bu meselede Türkmenistanyň Gruziýa geljegi örän uly bolan hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag pudagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm, strategik ähmiýetli ugry hökmünde görkezip, «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa» ulag geçelgesini döretmäge bagyşlanyp, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen dörttaraplaýyn duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşýan ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň dünýä bazaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmäge niýetlenendir. Bu möhüm ähmiýetli taslama Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeň alyp barmaga gönükdirilendir. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam eder. Bu döwletiň Ýewraziýa ulag geçelgesi maksatnamasy (TRASEKA) ýaly üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça iri sebit we halkara taslamalaryna goşulmagyna itergi berer. Goňşy ýurdumyz bolan Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna mümkinçilik döreder. Türkiýe Respublikasy hem bu üstaşyr geçelgä goşulmaga isleg bildirdi diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Iki ýurduň ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gruziýanyň ýöriteleşdirilen halkara guramalarynda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynda bilelikde alyp barýan işlerini has-da güýçlendirmäge çagyrdy.
Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykmagyň möhümdigini aýdyp, söwda, agrosenagat toplumy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, maýa goýumlaryny goýmak, syýahatçylyk, sport, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda iki ýurduň umumy bähbitleriniň bardygyny belledi. Türkmenistan dokma, himiýa önümleriniň, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň Gruziýa iberilýän möçberlerini has-da artdyrmaga taýýardyr hem-de şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işine uly umyt bildirilýär.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hususy pudaga örän möhüm ornuň degişlidigini nygtap, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň telekeçileriniň hyzmatdaşlyk etmekde öňden gelýän asylly däpleriniň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy telekeçileri dürli ugurlarda iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar. Olar, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda, iri söwda - üpjünçilik ulgamlaryny döretmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda hem umumy bähbitlerimiz we geljegi uly bolan mümkinçiliklerimiz bar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Işewürler geňeşlerini döretmegiň, iki ýurtda hem ýöriteleşdirilen sergileri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny teklip etdi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarda hemişe möhüm orny eýeläp gelendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklaryny gadymy döwürlerden gözbaş alýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, orta asyrlarda türkmen we gruzin halklarynyň ysnyşykly gatnaşyk edendiklerine şaýatlyk edýän köpsanly taryhy subutnamalaryň bardygyny nygtady.
Bu özboluşly miras iki ýurduň we halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Gadymy döwürlerden gözbaş alýan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny häzirki döwürde has-da ösdürmek boýunça arheologlaryň we etnograflaryň bilelikde iş alyp barmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biziň halklarymyzyň medeni taýdan özara baýlaşmagy üçin giň şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň bu ugurda Gruziýa bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyryny tassyklap, milli Liderimiz şeýle hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde oňat netijeleri berjekdigine berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmekde iki ýurduň Ylymlar akademiýalaryna möhüm orun degişlidir.
Bu baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine uly gyzyklanmanyň bardygyny tassyklady hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak meselesine seretmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany degişli gulluklar üçin hünärli işgärleri taýýarlamak maksadynda Batuminiň döwlet deňiz akademiýasy bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi.
Türkmenistanda Gruziýanyň baý we özboluşly medeniýetini, edebiýatyny, aýdym-saz sungatyny gowy bilýändiklerini, bu ýurduň medeniýetine we sungatyna uly hormat goýýandyklaryny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň Medeniýet günlerini Türkmenistanda we Gruziýada geçirmegi teklip etdi. Bu ugurda alnyp barylýan gatnaşyklar yzygiderli esasda ýola goýulsa, maksadalaýyk bolar, bu gatnaşyklar bilelikde alnyp baryljak anyk işleriň meýilnamalaryna we maksatnamalaryna esaslanmalydyr diýip hasap edýändigini aýdyp, türkmen Lideri ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm şertidigini belledi.
Türkmenistan Gruziýany möhüm hyzmatdaşy hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de bu gün biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypanyň açylýandygyny belledi. Biz özara ýakynlaşmaga tarap ynamly gadam basýarys. Iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge hemişe taýýardyrys diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Soňra Gruziýanyň Prezidentine söz berilýär.
Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Giorgiý Margwelaşwili türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň hemme ugurlar boýunça berkeýändigini nygtady. Gruziýany Türkmenistan bilen gadymy dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny görkezýär. Gruziýa türkmen döwletini halkara derejesinde hemişe goldaýar we mundan beýläk-de goldamaga taýýardyr diýip, Prezident Giorgiý Margwelaşwili aýtdy. Türkmenistanyň Baştutany bilen ynanyşmak, dostluk ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň dürli ulgamlarynda we pudaklarynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ençeme möhüm meselelerine, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryna deglip geçildi diýip, Gruziýanyň baştutany aýtdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Gruziýanyň üstaşyr geçirmek işlerinde durnukly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde möhüm orun eýeleýändigi nazara alnyp, Ýewraziýa sebitini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Üstaşyr geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakdaky alyp barýan tagallalarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Giorgiý Margwelaşwili türkmen tarapynyň Hazar sebitiniň üstaşyr geçiriş ulgamyny depginli ösdürmäge degişli meýilnamalarynyň örän täsir galdyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman bu işleriň sazlaşykly ösdürilmegi, şeýle hem Ýewraziýa sebitinde üstünlikli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin Gruziýa tarapyndan hemme işleriň ediljekdigini ynandyrdy. Gruzin tarapy ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirýär diýip, Prezident Giorgiý Margwelaşwili aýtdy hem-de bu ulgamda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi. Gruzin Lideri medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bilim ulgamynda, şol sanda ylym we ýokary okuw mekdepler babatda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, Gruziýanyň Prezidenti gruzin we türkmen talyplarynyň, şeýle hem alymlarynyň arasynda ýygjam aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şu günki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, Prezident Giorgiý Margwelaşwili özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen Tbiliside geçiriljek duşuşygyň barşynda dowam etjekdigine ynam bildirdi. Şol duşuşyk döwletara gatnaşyklaryny has-da berkider. Prezident Giorgiý Margwelaşwili türkmen-gruzin özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler barada aýdyp, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman özara saparlaryň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendigine ynam bildirdi. Prezident Giorgiý Margwelaşwili öz çykyşyny tamamlap, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hem-de mähirli myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň iki ýurduň Liderleri “Baýram han” zalyna geçýärler, şol ýerde habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň jemlerini teswirläp, gruzin kärdeşini hem-de Gruziýanyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Giorgiý Margwelaşwilä ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi we özara düşünişmek, hormat goýmak we deňhukuklylyk ruhunda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyk etmek däplerine gyşarnyksyz eýerýändigi ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Özara gatnaşyklar iki döwletiň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Şonuň ýaly-da, türkmen-gruzin gatnaşyklaryny dürli ugurlarda mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Gepleşiklerde Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitlerinde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýola goýulmagyna iki ýurduň hem çalyşýandygy tassyklanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Gepleşikleriň barşynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagynyň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine hyzmat edýändigi bellenildi hem-de dünýä möçberinde bu ugurda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli derejelerde Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlaryny guramagyň we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmalaryň ýola goýlan tejribesini goldadylar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem halkara derejesindäki täze howplara we wehimlere, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Şu günki duşuşyk söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak we has çalt depginler bilen ösdürmek üçin pugta esaslary döretdi diýip, milli Liderimiz belledi. Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýalar pudaklarynda, gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, dokma we ýeňil senagat pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek we has-da çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda Hazar we Gara deňizleri sebitleriniň arasynda ulag-üstaşyr geçiriş ulgamynyň düzümlerini döretmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Onuň peýdalanylmagy Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlary bilen giň gerimli sebitara gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň habar berşi ýaly, taraplar ýöriteleşdirilen halkara guramalarynda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynda bilelikde alyp barýan işlerimizi has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa» ulag geçelgesini döretmek meselesine bagyşlanyp, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda dörttaraplaýyn duşuşygyň geçirilendigini belledi. Bu taslama oňa gatnaşýan ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmäge niýetlenendir. Şeýle hem bu ulag geçelgesi Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam eder. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem oňyn itergi berer. Bu ýurduň ulaglar babatda Ýewraziýa ulag geçelgesi maksatnamasy (TRASEKA) ýaly we beýleki iri sebit hem-de halkara maksatnamalaryna goşulmagyna mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklaryny gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan dostluk, birek-birege hormat we sarpa goýmak däpleri baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Taraplar iki döwletiň halklarynyň ýakyndan gatnaşyk etmäge, iki ýurduň örän baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge çalyşmagyny hemmetaraplaýyn goldamak barada, Türkmenistanyň we Gruziýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döretmek babatda ylalaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, ylym we bilim ulgamlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň we Gruziýanyň uzak geljege niýetlenen, köpugurly we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge eýerýändigini hem-de çalyşýandygyny aýdyň görkezendigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk iki halkyň düýpli bähbitlerine, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Giorgiý Margwelaşwilä açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler hem-de Gruziýa sapar bilen çagyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly gruzin halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gruziýanyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we parahatçylykly ösüşiň nusgasy bolan Türkmenistanda saparda bolýandygyna şatdygyny belledi.
Bu sapar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin möhümdir diýip, gruzin Lideri belledi hem-de gepleşikleriň barşynda umumy bähbitleriň, özara düşünişmegiň we geljekki gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigine kanagatlanma bildirdi.
Döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi diýip, Giorgiý Margwelaşwili aýtdy. Gruziýanyň üstaşyr ýurt hökmünde Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitlerini we ýurtlaryny birleşdirýändigini bellemek bilen, belent mertebeli myhman Gruziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň resmileşdirilmegi ykdysady ulgamda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip nygtady.
Gruziýanyň Baştutany Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryň gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada beýan edilendigini belledi. Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň nygtaýşy ýaly, gol çekilen resminamalar ulag, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder.
Dünýäde we sebitde halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek babatda taraplaryň garaýyşlarynyň birmeňzeşdigi bellenildi diýip, Gruziýanyň Baştutany taraplaryň BMG-niň ýörelgelerini nazara almak arkaly ýurtlarymyzyň özygtyýarlygyna we garaşsyzlygyna hormat goýmagyň we özara düşünişmegiň esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini kesgitländiklerini nygtady. Gruziýa BMG-niň 1995-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy babatda Rezolýusiýasyny goldan ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şol Rezolýusiýanyň awtordaşy hem boldy diýip, gruzin Lideri belledi.
Prezident Giorgiý Margwelaşwili sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu saparyň möhümdigini aýtmak bilen, gruzin Lideri geçirilen gepleşikleriň jemleriniň ýurtlarymyzyň gülläp ösmegine we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, Tbiliside Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Günüň ikinji ýarymynda Gruziýanyň Baştutany Gypjaga bardy, şol ýerde kümmete gül goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralady, şeýle hem Ruhy metjide baryp gördi.
Soňra belent mertebeli myhman Köpetdagyň ajaýyp dag enteklerinde ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Gruziýanyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolup durýan “Behişdi bedewleriň” saklanmagy, köpeldilmegi hem-de seýislenmegi üçin bu ýerde döredilen şertler bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdy.
Belent mertebeli myhmanyň öňünde aýlawyň meýdançasynda meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary çykyş etdi. Bu topar iň talapkär tomaşaçylaryň, şol sanda daşary ýurtly tomaşaçylaryň öňünde olary maýyl edip, yzygiderli çykyş edýär. Türkmen jigitleriniň çykyşlary milli at üstündäki sungatyň doly dabaralanmasyna öwrülýär.
Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili dünýä şöhraty köp asyrlara uzaýan ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine, asylly keşbine we ýyndamlygyna tüýs ýürekden haýran galandygyny aýtdy.
Toplumy gözden geçirmegini tamamlap, dostlukly ýurduň baştutany türkmen Lideriniň atçylyk pudagyny ösdürmek, milletiň gadymy däplerini, onuň täsin taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we dowam etmek ugrunda alyp barýan uly tagallalaryndan örän täsir alandygyny belledi. Türkmen halkynyň şol mirasynyň aýrylmaz bölegi şöhratly ahalteke bedewleri bolup durýar.
Şol ýerden belent mertebeli myhmanyň ulag kerweni Aşgabadyň günorta bölegine, paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk seýilgähine ugrady, şol ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasy ýerleşýär.
Gruziýanyň Lideri Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýup, asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda iki döwletiň we halkyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Soňra Gruziýanyň Prezident Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezine baryp gördi we Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň döwürlerini, milli medeni mirasyň aýratynlyklaryny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, tebigatyny, häzirki zaman medeniýetini aýdyň görkezýän gymmatlyklar bar. Muzeýde dünýä suratkeşliginiň, heýkeltaraşlygynyň, zergärçilik sungatynyň özboluşly toplumy, şeýle hem gadymy türkmen halylary we kitaplary saklanylýar.
Gruzin Lideri muzeýiň işgärlerine hoşallyk bildirip, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Agşam “Oguzhan” köşkler toplumynyň resmi kabul edişlikler binasynda Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillerini tassyklap, türkmen we gruzin halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar. Dabaraly kabul edişlikden soň, iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar.
Soňra Prezident Giorgiý Margwelaşwili Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap ugrady we şol ýerden Watanyna tarap ugur aldy.