Ï Gruziýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gruziýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar

view-icon 760
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň arasynda gepleşikler geçiriler. Bu ýokary derejedäki türkmen-gruzin duşuşygy däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýany durmuşa geçirip, ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär, şolaryň hatarynda Gruziýa hem bar. Bu gepleşikler hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny we ony dürli ugurlarda giňeltmek üçin açylýan täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, iki ýurduň özara bähbitli gatnaşyklaryna täze itergi bermäge çalyşýandygynyň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary bilen bir hatarda, özara gyzyklanma döredýän halkara hem-de sebit syýasatynyň möhüm meseleleriniň hem birnäçe giriziler. Bu babatda Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli gatnaşyklary alyp barýandygyny we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegi maksat edinýändigini bellemek gerek. Şunda Gruziýa Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, giň möçberli durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar.

Aşgabatdaky gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar, olar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewür gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam eder. Döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, energetika we beýleki birnäçe pudaklar bar. Häzirki döwrüň anyk şertlerini we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň amatly geografiki ýagdaýyny nazara almak bilen, ulag ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak hem-de iri möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Bu babatda Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň—TRASEKA-nyň taslamasy we Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky meýilnamalar geljegi uly bolup durýar.

Şu babatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek baradaky taslama hem möhümdir, ol geljekde şoňa gatnaşyjy döwletleriň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri üpjün eder, hem-de şol bir wagtyň özünde Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edip, häzirki zaman yklymlaýyn ulag-aragatanaşyk ulgamynyň sazlaşykly bölegi bolup biler.

Elbetde, gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler hem giriziler. Türkmenistan hem-de Gruziýa gadymy taryhy we baý medeni mirasy bolan ýurtlardyr hem-de bu ugurda gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly ähmiýet berilýär.

Mahlasy, Türkmenistanyň we Gruziýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we uzakmöhletlilik ýörelgelerinde guralýan hem-de milli bähbitlere hem, halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wezipelerine hem kybap gelýän hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esasy döretmegi maksat edinýändigi äşgärdir.