Ï Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 890
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň meşhur “LG International Corporation” kompaniýasynyň esasy ýerine ýetiriji direktory jenap Çi Ho Songy kabul etdi.

Işewür duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga wagt tapandygy we döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady ösüşiň haýran galmaly depginlerini görkezip, öňdebaryjy döredijilik syýasaty bilen bütin dünýäde meşhur bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge bildirýän gyzyklanmasy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dürli pudaklarda uly tejribesi bolan Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetimiziň esasy önümçilik ulgamlaryna ornaşdyrmagyň iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm wezipeleriniň biridigini aýdyp, bu babatda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalary, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Işewür belent ynam hem-de häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem birnäçe iri desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hem-de hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda täze okuw merkeziniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Halkara nebitgaz uniwersitetiniň binýadynda dörediljek bu merkezde dürli düzümler üçin hünärli işgärler taýýarlanylar.

Jenap Çi Ho Song ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilen geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmagyny giňeltmäge çalyşýandygyny aýdyp, ýangyç-energetika toplumy we suw hojalygy ulgamynda birnäçe täze taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şol taslamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça şu ýylyň iýunynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyga şunuň ýaly işewür, anyk netijeler arkaly çemeleşmäni kanagatlanmak bilen kabul edip, kompaniýanyň teklipleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bilen gabat gelýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Çi Ho Song “LG International Corporation” kompaniýasynyň türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tejribesini we mümkinçiliklerini peýdalanmaga taýýardygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellikleriniň we maslahatlarynyň nazara alynjakdygyny ynandyrdy.