Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara sergiler edarasynyň Baş sekretary jenap Wisente Gonsales Lossertalesi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy hormatly sylagyň – Halkara sergiler edarasynyň Altyn medalynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk we ägirt uly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda bütin dünýäde okgunly ösýän Türkmenistana uly gyzyklanma bildirilýär. Ýurdumyz dürli ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe boldy. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty türkmen döwletiniň okgunly ösmegini we halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini üpjün etdi.
Halkara sergiler edarasynyň Baş sekretary dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Altyn medaly gowşuryp, bu sylagyň Türkmenistanyň işjeň sergi işi üçin gowşurylandygyny belledi. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, netijeli gumanitar hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, syýahatçylygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Bu ulgamda ýurtda ägirt uly işler geçirilýär, döwrebap sergi merkezleri, kongres-hollary gurulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly sylagyň gowşurylandygy üçin Halkara sergiler edarasynyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan saldamly goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Ýurdumyzda geçirilýän halkara sergileri we maslahatlary milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär, daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, innowasion tehnologiýalary öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär, dürli döwletler bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklary goýmaga ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistan Halkara sergiler edarasynyň agzasy bolmak bilen, dürli derejelerde geçirilýän “EKSPO” sergilerine işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şeýle forumlar halkara ykdysady gatnaşyklary berkitmekde örän möhümdir, dünýä ösüşine, ykdysady, durmuş, ylmy, tehniki we medeni ösüşe uly goşant goşýar.
Şu giň gerimli çärelere gatnaşmak halkara bileleşigine Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmek we şunuň bilen birlikde dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmak, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda ykdysadyýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köpsanly agza ýurtlary birleşdirýän Halkara sergiler edarasynyň ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmek, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek babatda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljek ýyl Milanda geçiriljek “EKSPO--2015” halkara sergisine gatnaşmaga uly ähmiýet berýändigini aýdyp, Italiýa Respublikasynda geçiriljek bu serginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini belledi. Sergä döwlet, hususy we ynsanperwer guramalaryň wekilleri gatnaşar. Bu giň gerimli çäre dünýäde azyk üpjünçiligi we howpsuzlygy ýaly derwaýys wezipeleriň üstünde bilelikde işlemäge mümkinçilik döreder.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistan bilen Halkara sergiler edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, özara peýdaly tejribe alyşmagyň we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugur hökmünde “açyk gapylar”, dostluk we parahatçylyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistana dünýä bileleşiginiň gyzyklanmasynyň barha artýandygy nygtaldy. Şunuň netijesinde türkmen döwletiniň ak mermerli paýtagty Aşgabat dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen iri halkara we sebitleýin forumlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrülýär.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz we myhman ýene-de bir gezek birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip,ählumumy bähbitlere netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.