Şu gün Türkmenistanda ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň Ýatlama güni bellenilýär. Ýurdumyzyň metjitlerinde Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletini esaslandyryjy Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhuna aýat-töwir okaldy.
Säher bilen paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligi oturdylan “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähi has-da köp adamly boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ilkinji Prezidentini Ýatlama çäresi geçirildi.
Seýilgähiň ýanyndaky meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary, dindarlar we hormatly ýaşulular ýygnandylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary bar.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemeni goýulýar. Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümet agzalary we ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, dindarlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we köp sanly dabara gatnaşyjyjlar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Sanlyja pursatlarda ýadygärligiň etegini ählihalk söýgüsiniň we türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwynyň amala aşmagyna we onuň Watanymyzyň asuda asmanynyň astynda agzybirlikde we ylalaşykda ýaşamagyna tagalla eden milletiň beýik ogluna çuňňur hormatyň nyşany bolan ajaýyp güller ýadygärligiň töwereginde haly gölüne çalymdaş görnüşi emele getirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan baý taryhy tejribelere we milletiň ruhy-medeni dessurlaryna daýanmak bilen, parahatçylygyň, dostlugyň, özara peýdaly, deňhukukly gatnaşyklaryň ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygynyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.
“Döwlet adam üçindir!” diýen jümle häzirki döwrüň baş şygary bolmak bilen, ol edermen türkmen halkyna parahatçylykly we rowaç durmuşy üpjün etdi. Halkymyzyň döredijilikli we agzybirlikli zähmeti netijesinde mähriban Watanymyz ösen medeniýeti bolan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi we dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň çäginde ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýakynda bu ýerde bolup, seýilgähiň durkuny täzelemek, onuň ýodalaryny, suw çüwdürimlerini, yşyklandyryjylaryny we seýilgähde oturdylan oturgyçlary döwrebap derejede abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şol döwürden bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, seýilgähiň durky täzelendi. Häzirki döwürde seýilgähiniň ýodalary täzeden çekildi, onuň meýdançalaryna granit daşlary düşeldi, şeýle hem seýilähdäki yşyklandyjylar, suw çüwlürimleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy tejribäni we täze usullary giňden ornaşdyrmakdan, häzirkizaman binagärlik usullary bilen milli däpleriň oňyn ýöreleglerini sazlaşykly utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirmäge, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýörelgeleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň binýadyny emele getirýändigini bellemeli.
Häzirki döwürde Aşgabat täze taryhy eýýamyň, ýurdumyzyň nurana geljeginiň, onuň ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap bolan gadamynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmen paýtagty ähli ölçegler boýunça nusgalyk şähere öwrülmelidir. Bu ýerde ilatymyzyň we myhmanlaryň amatly ýaşaýşy we göwnejaý dynç alşy üçin zerur şertler üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň merkeziniň özboluşly binagärlik keşbiniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň çägi bilen ýöräp barşyna, bu ýerde ýatlama çäresini geçirmek bilen bir hatarda adamlaryň we ýaş nesilleriň, esasan-da, paýtagtymyzyň myhmanlarynyň oňaýly dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin döredilen şertleriň adamlara uzak wagtlap hyzmat etmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Milli Liderimiz seýilgähiň gapdalynda kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň ýerleşýändigini, bu künjegiň Aşgabada gelýän myhmanlar üçin iň bir gelim-gidimle ýere öwrülýändigini nazara alanyňda bu ýerde alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň örän ähmiýetlidigini aýtdy.