Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 753
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky altynjy maslahaty geçirildi, onuň barşynda milli parlamentiň deputatlary täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuknamalarynyň birnäçesiniň taslamalaryna seretdiler. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi milli kanunçylygy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynda bellenilen ilkinji nobatdaky wezipelerden we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän djwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmen parlamentiniň kanunçykaryjylyk işinde döwlet Baştutanymyzyň deputatlar düzümi bilen her ýyl geçirilýän duşuşyklaryndaky maksatnamalaýyn çykyşlary esasy gözükdiriji bolup hyzmat edýär, şol çykyşlarda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Täze kanunlar we hereket edýän kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler taýýarlanylanda milli parlamentiň deputatlary kadalaşdyryş – hukuk resminamalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy kadalaryna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünlerine laýyk getirmek ýaly möhüm meselä aýratyn üns berýärler.

Şu gezekki maslahatyň barşynda “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Deputatlar kanunçylyk namasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň kabul edilmeginiň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň üsütünlikli amala aşyrylmagynyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýandygyny bellediler. Harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek babatynda döwlet buýurmalary bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrmak bilen, geljekki işleri ýerine ýetirijileri bäsleşikler esasynda saýlap almakda bu kanunçylyk namasy bäsleşigi ösdürmegi höweslendirmäge, belli bir maksatlar üçin goýberilen serişdeleri rejeli peýdalanmaga, bu ulgamda döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam eder.

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistanda Internetiň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşiniň, häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň iň täze aragatnaşyk ulgamlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ähli çäreler geçirilýär: telefon beketleriniň enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optika süýümli geçirijiler çekilýär, aragatnaşygyň hemra ulgamlary hereket edýär, öýjükli aragatnaşygyň milli ulgamy giňeldilýär. Guramalaryň, kärhanalaryň, bilim edaralarynyň maglumatlar – aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar. Internetden peýdalanýanlaryň sany gün-günden artýar.

Ilkinji milli hemra aragatnaşygynyň älem giňişligine uçurylmagy ýurdumyzyň innowasiýasy taýdan işjeň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer, aragatnaşyk ulgamlarynyň, Internetiň, teleýaýlymlarynyň ösdürilmegini tizleşdirer, durmuş-ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder, şeýle hem gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary gözlemekde, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlary mundan beýläk-de üstünlikli ösmek üçin aýratyn mümkinçiliklere eýe bolar. Tutuşlugyna bularyň ählisi işlenip taýýarlanan kanun taslamasynyň möhümligi bilen şertlendirilendir, onda Internetiň ösdürilmegi we Türkmenistanda Internet hyzmatlaryny etmek bilen baglanyşykly hukuk kadalary, guramaçylyk we tehniki wezipeler kesgitlenilendir.

Mejlisiň maslahatynyň gün tertibine şeýle hem “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Bu kanunçylyk namasy ýerastyny geologiýa taýdan öwrenmek, ony peýdalanmak we goramak, ýerasty baýlyklary gazyp almak bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleri kadalaşdyrar we ýurdumyzyň mineral-çig mal binýadyny döretmäge we giňeltmäge, döwletiň we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýerasty baýlyklary peýdalanmak, şeýle hem ýerasty baýlyklary peýdalanyjylaryň hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we döwlet Baştutanymyzyň ykdysady we tebigaty goramak boýunça durmuşa geçirilýän syýasatynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu Kanun ýurdumyzyň dag-magdan we senagatyň beýleki pudaklarynyň okgunly ösdürilmegi, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin mümkinçilikler döredýär. Bu Kanun ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga, olary geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam berer diýip, deputatlar nygtadylar.

Maslahatyň barşynda şeýle hem “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, “Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy we “Türkmenistanyň Mejlisiniň 2015-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenildi.

Milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan makullamak we kabul etmek bilen, bu möhüm hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni dolduryp, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş -ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.