Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, käbir resminmalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir möhüm meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy, ol ministrlik tarapyndan ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada aýtmak bilen, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 19 –njy dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň BMG-niň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýany kabul edendigi barada habar berdi. BMG-niň agza döwletleriniň 66-sy bu Rezolýusiýa awtordaşlar hökmünde çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, bu BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ilkinji resminamasydyr, ol intermodal logistika merkezleriniň we guryýer menzilleriniň üsti bilen awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollaryny özünde birleşdirýän ulag ulgamlarynyň kemala gelmeginiň binýadyny goýar. Rezolýusiýanyň düzgünlerinde şu ýylyň sentýabr aýynda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli Halkara maslahatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň ulag we üstaşyr kommunikasiýalary ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmegi kemala getirmek boýunça esasy ugurlary kesgitlenilýär.
Wise-premýer bu Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň hormatly Prezildentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän ägirt uly we köpugurly işleriň bir bölegi bolup durýandygyny, şol işleriň bolsa yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýandygyny aýtdy. Şonuň bilen birlikde, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar halkara guramalarynyň giň goldawa eýe bolýar we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ýollarynyň giň ulgamynyň döredilmegi biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnuklylygyny üpjün etmegiň kepili bolup durýar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini görkezýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hoş habary kanagatlanmak bilen diňläp, Turkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi goldaýandygyny, yzygiderli ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryn hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga goşant goşýandgyny belledi. Milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek arkaly ekologiýa taýdan durnukly hem-de howpsuz, şeýle hem hemmeler üçin elýeterli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhümdigini hemişe belleýär diýip, biziň başlangyjymyz boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahatynyň geçirilendigini hem-de maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edilendigini nygtady.
Bu maslahat oňa ähli gatnaşanlaryň pikirine görä, ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly ýardam berdi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşanlaryň bu mesele boýunça düýpli pikir alyşmalarynyň hem, biziň öňe süren garaýyşlarymyzyň hem makullanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapandygyny nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Aşgabat jarnamasyny we Türkmenistanyň teklibi boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri babatynda ýörite resminamany işläp taýýarlamagyň ara alyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Netijede, 19-njy dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanmak bilen belledi.
Milli Liderimiz halkara ulag geçelgelerini döretmekde bu resminamanyň ähmiýetini nygtap, bu Rezolýusiýanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de ulanmaga gatnaşýan taraplaryň arkalaşykly hereketiniň giňeldilmegine yzygiderli ýardam bermäge Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, halkara we sebit guramalaryny çagyrýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň utgaşýan ulag ulgamlarynyň binýadynyň goýulýandygyny aýdyp, Rezolýusiýada 2014-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen, ulag we üstaşyr geçelgeler ulgamlaryny toplumlaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan Aşgabat jarnamasynyň esasy ugurlarynyň beýan edilýändigini nygtady.
Kabul edilen resminama halkara pul-maliýe edaralarynyň maliýe we tehniki serişdeleri gönükdirmegini hem göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz resminamada degişli edaralar we agza ýurtlar bilen geňeşmeleri geçirmek Birleşen Milletler Guramasynyn Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylda geçiriljek 70-nji mejlisine çenli ulag-üstaşyr ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollary barada çykyşy taýýarlamagyň teklip edilýändigi Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Resminama, esasan hem, biziň ýurdumyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp baran, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmek üçin şertleri döreden gin gerimli işleriniň dowamydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyn, şeýle hem Rezolýusiýanyň döredijileri bolup çykyş eden ähli ýurtlaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň başlangyjyny goldandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýändigini aýtdy. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegine awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny utgaşdyrýan ulag ulgamlaryny emele getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha berýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Bu ulgam sebit hem-de halkara derejesinde ykdysady ösüşe hyzmat etjek logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly dörediler, häzirki döwürde ýükleri daşamak, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň bökdençsiz ulanylmagy üçin amatly ýagdaýy döretmek dünýä ykdysadyýetinin durnukly ösmegine ýardam bermekde esasy şert bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz amatly ýagdaýyň döredilmegi ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ugur bolan söwda ulgamyny ösdürmekde esasy orny eýeleýär. Bu bolsa, dowam edip gelýän dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi şertlerinde örän ähmiýetlidigini belledi.
Şoňa görä-de, sebitleriň arasyndaky ulag geçelgeleri halkara hyzmatdaşlygyny we söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, umuman, halkara howpsuzlygyny berkitmäge hem goşant goşup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Ýurdumyzyň one siiren we Birleşen Milletler Guramasynyn Baş Assambleýasynyň kabul eden «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjfin etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýasyny dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky möhüm ädimi diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ony one hereket etmek üçin badalga diýip hasap edýändigini nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyn tagallalary parahatçylygy we durnukly syýasy ösüşi berkitmäge, yzygiderli ykdysady ösüşi üpjün etmäge, şeýle hem dünýäniň ähli halklarynyň bähbitleri üçin halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň bu tagallalarygeljekde hem işjeň goldajakdygyny ynandyrýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Rezolýusiýanyň Kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň öňünde durian wezipelere wise-premýeriň, daşary işler ministrniniň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz R.Meredowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barlýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň barşynda alnyp barylýan işler, güýzlük däne ekinlerine edilýän ideg we oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Mundan başga-da, häkim sebitiň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmagyň, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş desgalaryny göwnejaý derejede saklamagyň döwrüň möhüm meselesidigini bellemek bilen, oba hojalyk pudagynyň ähli ulgamlarynyň mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde bazarlarada harytlaryň ähli görnüşleriniň bolçulygyny we bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesini berjaý etmegiň zerurdygyny nygtady. Welaýatyň çäklerinde täze döredilen döwrebap obalarda, durmuş üpjünçiligini kada laýyk derejede ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary P.Taganowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede garşylamagy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Bşatutanymyz welaýatyň käbir etraplarynyň guramaçylyk meselesine degip geçmek bilen, Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine M.Welmyradowy bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýer P.Taganowa welaýatyň ähli ilaty, esasan-da, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegi, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmagyny wise-premýerden talap etdi.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşy, welaýatyň senagat düzümini yzygiderli ösdürmek boýunça düzülen maksatnamalaýyn çäreler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň barşynda bazarlaryň, söwda dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolçulygyny üpjün etmegiň, bahalaryň elýeterli bolmagynyň möhüm meseledigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynyň mineral dökünler we suw bilen üpjünçiliginiň hemişe berk gözegçilikde saklanylmagyna häkimiň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda göni aragatnaşyga Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wisi-premýer S.Satlykowy çagyrdy. Ol öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň esasy talabydygyny aýratyn nygtady.
Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentmiz işde goýberen kemçilikleri üçin, S.Ankarowy Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, bu wezipä N.Gylyjowy belläp, ony Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, şeýle hem Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýän A.Esenowy Esenguly etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýtynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak maksady bilen, ähli çäreleriň görlendigi, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýlandygyny, mallaryň möwsümiň talabyna laýyk derejede gyşladylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň aýlyk zähmet haklary bilen bir hatarda, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň kärendeçileriniň mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň, suw desgalarynyň göwnejaý derejesiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän şu maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebiiň senagat we durmuş düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Akdepe etrabynyň häkiminiň gurluşyk býounça orunbasary wezipesine A.Faýzullaýewi bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz çykyşyny häzirki döwürde sebitde alnyp barlýan işleriň ýaglaýy, Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çäreleri, kärendeçi daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň geçirilendigi baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, maldarçylyk hojalyklarynyň ot-iým üpjünçiligi, tehnikalary abatlamak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynyň mineral dökünler we suw bilen üpjünçiliginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, bazarlarda haryt bolçulygynyň we bahalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmelidigi barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bazarlar we söwda dükanlary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenabatda söwda—dynç alyş merkeziniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseläni öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik düzümlerinde, esasan-da, Lebap welaýatynda alnyp barylýan işlerňi ýagdaýy, sebitiň senagat we oba hojalyk düzüminiň ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ähli ulgamlar bilen bir hatarda, obasenagat düzüminiň yzygiderli ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, oňa örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Garabekewül etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine D.Orazdurdyýewi we Köýtendag etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine Ş.Hojanazarowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Soňra wispe-premýer Bathyz we Köýtendag goraghanalarynyň meýdanyny giňeltmek, olaryň gorag zolaklaryny döretmek, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudak edaralaryna we olaryň edara-kärhanalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly işlenip taýýarlanylan çyzgylary görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz goraghanalaryň çäginiň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsiriniň boljakdygyny bellemek bilen, Bathyz we Köýtendag goraghanalarynyň meýdanyny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri umuman oňlady. Milli Liderimiz dürli düzümlere ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde täzeden işlemegi tabşyryp, bu işlere ylmy esasda we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini aýtdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkmi B.Annagurbanow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg edilişi, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň ähli etraplarynda, edara-kärhahalarynda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak boýunça işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berildi. Şeýle hem häkim 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çäreler barada hasabat berdi we esasy çäräniň geçiriljek ýeri bilen baglanyşykly taýýarlanan çyzgylary, taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegi, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, kärendeçileriň mineral dökünler bilen üpjünçiligi meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Munuň özi Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde möhüm wezipe bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini, bazarlarda, söwda dükanlarynda haryt bolçylugynyň üpjün edilmelidigini nygtamak bilen, degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň sebitleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrýandygyny bellemek bilen, bu çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy we görkezilen taslamalara birnäçe düzedişleri girizdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow öz gezeginde häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň abadançylyk derejesini yzygiderli üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaynyň ýerine ýetirilişi, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäherinde şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk şähere öwrülmelidigini belläp, Agşabatda arassaçylyk işleriniň, düzgün-tertibiň berjaý edilişi, ýollarda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny häkimden talap etdi. Milli Liderimiz bazarlarda we söwda dükanlarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, bahalaryň elýeterli bolmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny nygtamak bilen, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulanylmaga berilýän desgalaryň açylyş dabarasyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmedidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere jogap berýän wise-premýere welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Esasan-da, döwlet Baştutanymyz ähli welaýatlarda halkara ölçeglerine we döwrüň talabyna laýyk gelýän awtoterminallaryň, söwda-dynç alyş merkezleriniň, şeýle hem çagalar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän medeni-dynç alyş seýilgähleriniň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak hakynda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz olarda halkymyzyň gadymy milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizaman tejribeleriniň utgaşmagy, halkymyz, ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy hem-de ýokary hil derejesiniň üpjun edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtap, bu babatda ýörite iş meýilnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etmek, sebitleriň we paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini ýola goýmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda sazlaşykly işlemegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşanlara Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.