Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasyndaky dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasyndaky dabaralara gatnaşdy

view-icon 738
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen Aşgabadyň özboluşly owadan binalarynyň biri hasaplanýan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy.

Meýdançadaky 35 metrlik owadan arçanyň ýokarsynda “2015” diýen sanly sekizburçly ýyldyz bar. Meýdançanyň ugrunda birgeňsi şäherjik ýerleşipdir, bu ýerdäki dürli reňkli yşyklar, oýnawaçlar we çyralar ünsüňi çekýär. Açyk reňkli illýuminasiýa bilen yşyklandyrylan ak we ýaşyl arçajyklar şarlar we jaňjagazlar bilen bezelipdir, dürli reňkdäki suw çüwdürimleri, ertekileriň gahrymanlarynyň şekillerinden ybarat kompozisiýalar we arçaly arkalar ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrýar. Dürli yşyklar bilen bezelen arkaly gurluş bu ýerde gezelenç etmäge çagyrýan ýaly bolup görünýär. Ýakymly saz, Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp bezegler, meýdançada hoşniýetli we nurana Täze ýyl baýramçylygyna mahsus ýagdaýy döredýär.

Şeýle hem çagalar bilen Täze ýyl dabarasynyň şatlygyny paýlaşmak üçin, bu täsin galdyrýan şäherjige köpsanly myhmanlar geldiler, olaryň arasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bar.


Ýygnananlaryň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine ruhubelentlik bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde ýaş türkmenistanlylar bilen şatlygy deň paýlaşýar hem-de ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky şadyýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşýar. Bu ýerde paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar. Olaryň arasynda okuwda tapawutlanýanlar, dersler boýunça olimpiadalaryň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şeýle hem çagalar öýlerinde terbiýelenýänler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň ýanynda saklanýar. Milli lybasly çagalar döwlet Baştutanymyza ajayp gül desselerini gowşurýarlar, çagalar özleriniň mähriban Arkadagyny şadyýan gutlaglar we goşgular bilen garşylaýarlar.

Şadyýan saz ýaňlanýar, milli Liderimiz bagtyýar çagalar bilen bilelikde Täze ýylyň esasy nyşany hasaplanýan owadan arça tarap barýar. Bu arça dürli reňkli şarlar, owadan grilýandiýalar, yşyklar, zerli sapaklar we oýnawaçlar bilen bezelipdir. Onuň daş-töwereginde owadan sandyklar we arabalar goýlupdyr. Bularda Täze ýyl sowgatlary bar.

“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimizi çagalaryň döredijilik toparlary aýdym-sazlar, täsirli tanslar bilen garşylaýarlar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlary milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan ýakymly gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyla bagyşlanan dabara gatnaşýanlaryň ählisi bilen mähirli salamlaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aýazbaba we Garpamyk tüýs ýürekden çykýan gutlaglary we ýakymly arzuwlar bilen ýüzlenýär. Olar ýaş türkmenistanlylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza çagalar barada ýadawsyz alada edýändigi, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin örän oňat şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirýärler. Milli Liderimiz çagalaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşlaryny synlamaga çagyrýar.

Bu şäherjikde çagalar göwnaçyklyk we sadalyk bilen şadyýan aýdym-sazlary ýerine ýetirýärler. Ýaş artistleriň arasynda paýtagtymyzdaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň – Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky internatyň, Çagalaryň we ýetginjekleriň köşgüniň we beýlekileriň döredijilik toparlary bar. Owadan lybaslar tomaşanyň täsirliligini artdyrýar. Olaryň arasynda türkmen ertekilerindäki we dünýä halklarynyň ertekilerindäki gahrymanlar hem bar. Şol gahrymanlaryň ählisi, şeýle hem täze ýylyň nyşany hasaplanýan goýun şadyýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz çagalaryň çykyşlaryny ruhubelentlik bilen synlaýar.


Türkmenistanyň ýaş nesli barada içgin alada etmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş türkmenistanlylar özleriniň döredijilik, intellektual ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen meşgullanýarlar. Çagalar abraýly bäsleşiklere we halkara festiwallaryna uly hjwes bilen gatnaşýarlar. Olaryň aglabasy ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän meşhur döredijilik gözden geçirişlerinde baýrakly orunlary eýeleýärler.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyniň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna hem-de BMG-niň eneligiň we çagalygyň goralmagyna gönükdirilen başga-da birnäçe möhüm resminamalaryna goşulyp, dünýä bileleşigine borçlarynyň ählisine ygrarlydygyny äşgär edýär. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan döwrebap, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, sport we bedenterbie-sagaldyş toplumlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Owadan Gökderede, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän çagalaryň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak üçin oňyt şertler döredildi. Çagalar üçin niýetlenen döwrebap merkezleriň sany ýylsaýyn artýar.

Döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine we iş tertibiniň dartgynlydygyna garamazdan, ýaş türkmenistanlylar bilen söhbetdeş bolmak üçin wagt tapýar. Şu Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk dabarasy hem muňa mysal bolup biler.

Täsirli baýramçylyk dabarasy tamamlanandan soňra, çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, owadan arçanyň daşynda bile aýlanmagy haýyş edýärler.

Milli Liderimiz çagalaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olara goşulýar hem-de çagalar bilen birlikde hemmeler tarapyndan söýülýän baýramçylygyň şatlygyny paýlaşýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi olary örän begendirdi. Çagalaryň haýyşy boýunça Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk barada ýadygärlik üçin ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda milli Liderimiz we ýaş türkmenistanlylar surata düşdüler.

Döwlet Baştutanymyz çagalary Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlap, ýaş türkmenistanlylara jan saglygyny, okuwda üstünlikleri, bagtyýarlygy we isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, bu ýereden ugrady.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndan “Mizan” işewürlik merkezine baryp, Täze ýyla bagyşlanan dabara gatnaşdy.

Şu günler ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle hem ajaýyp ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde täsirli milli öwüşginlere çaýylan baýramçylyk çäreleri geçirilýär, şolarda aýdym-saz toparlary özleriniň çykyşlaryny ata Watanymyzyň häzirki bagtyýarlyk eýýamynda halkymyzyň üstünliklerine we gazananlaryna bagyşlaýarlar.

Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde-de şeýle çäre geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralyrynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik we konsulluk edaralarynyň, daşary döwletleriň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlaryň hemmesini ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli gutlap, tamamlanyp barýan 2014-nji ýylyň beýik üstünlikleriň ýyly bolup, milli özgertmeler strategiýasynyň we ählumumy parahatçylyk, abadançylyk we ösüş ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy ugruň üstünlige getirýändigini belläp, ýygnananlaryň ählisine bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň bähbidi ugrundaky işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Türkmen halky häzirki döwürdäki ähli uly özgertmeleri we gazanylanlary hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrýar, milli Liderimiziň adyna baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglary beýan edip, bagtyýarlyk, berk jan saglyk hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyga eýe bolmagy ugrundaky giň gerimli işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan täsirli çykyşlar boldy.