Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda bina edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze desgasynyň—sebitde iri “Berkarar” atly söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna turuwbaşdan ýurdumyzda döredilýän häzirkizaman söwda pudagynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde aýratyn dereje berildi. “Berkarar” mundan beýläk Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüler we paýtagtymyzyň bezegi bolar.
Bu merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2011-2015-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, 2012-nji ýylda gol çeklen Kararyna laýyklykda bina edildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bazarlary harytlar bilen doldurmaga hem-de Aşgabat şäheriniň ilatyny azyk we ilatyň sarp edýän harytlary bilen doly üpjün etmäge ýardam berer. Toplum paýtagtymyzyň günorta böleginde—10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň kesişýän künjeginde peýda boldy.
Merkezi gurmak boýunça giň gerimli işleri “Gujurly inžener” hojalyk jemgyýetinden, “Hilli”, “Belent jaý”, “Beýik bina” hususy kärhanalaryndan ybarat bolan konsorsium amala aşyrdy.
Söwda toplumynyň öňündäki meýdançada uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Şanly waka mynasybetli onuň çäkleri dürli reňkdäki şarlar, lentalar, baýdajyklar bilen bezelipdir. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat häkimleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçileri, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurt işewürleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçiliginiň wekilleri, köpsanly aşgabatlylar garşylaýarlar.
Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Söwda merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlanýar.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyşyny alamatlandyrýan toý bagyny kesýär.
Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär, bu ýerde milli Liderimizi ägirt uly söwda toplumynyň işgärleri ýokary ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Merkeziň eýwanynda maglumatlar tablosy goýlupdyr. Onuň kömegi bilen merkeziň bölümleri, görnüşlerine görä, harytlaryň söwdasynyň guralýan bölümleri, şeýle hem toplumyň körpeler üçin niýetlenen oýun zallary barada maglumat alyp bolýar. Merkeziň ýaş hünärmeni milli Liderimizi “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi baradaky umumy maglumatlar, onuň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýar. Merkezi gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany, onuň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerini hasaba alanyňda, 17,5 gektardan ybaratdyr. Bu12 gatly işewürlik merkezi dört gatly söwda-dynç alyş merkezi bilen bir bitewi binany emele getiripdir. Binanyň ýanynda 1300 ulaga niýetlenen üsti telärli duralga bar. Merkeziň ýanaşyk ýerinde dynç alyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän suw çüwdürimler toplumy bolan seýilgäh zolagyny gurmak meýilleşdirilipdir.
Merkeziň birinji we ikinji gatlarynda 340-dan gowrak dükany bolan söwda ulgamy ýerleşýär. Onuň üçünji we dördünji gatlarynda birnäçe restoranlar, naharhanalar, çaýhanalar hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde örän köp görnüşli oýun enjamlary bolan çagalar üçin zal, buzly meýdança, bouling merkezi, tomaşaçylaryň ýaş aýratynlyklary esasynda enjamlaşdyrylan birnäçe kinoteatrlar bar.
Söwda merkezinde alyjylar we bu ýerde işleýän satyjylar üçin ähli amatly şertler üpjün edilipdir. Merkeziň hasaplaşyk ulgamlarynda nagt we bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklary amala aşyrmak mümkinçilikleri ýola goýlupdyr. Bir söz bilen aýdylanda, täze toplumda dünýäniň öňdebaryjy iri söwda merkezleriniň kämil guramaçylyk çözgütleri we döwrebap bezeg aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň eýwanynyň merkezini, onuň binagärlik aýratynlyklaryny, çeperçilik usullaryny gözden geçirýär. Eýwanyň bu künjegi gadymy türkmen medeniýetiniň ýörelgelerini we häzirki zamanyň çeperçilik usullaryny özünde jemleýär.
Ondaky gadymy döwrüň nyşanlary bolan özboluşly ritonlar häzirki zamanyň içerki bezeg usullary bilen bir ajaýyp sazlaşygy emele getirip, ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde gadymy minaralaryň binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän we beýikligi 16 metre barabar bolan hem-de ahalteke bedewleriniň altyn çaýylan şekilleri bilen bezelen gümmez ünsüňi özüne çekýär.
Gümmeziň merkezinde aýyň we günüň özboluşly şekillerini özünde jemleýän Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy ýerleşdirilipdir.
Dabara gatnaşyjylarda binagärleriň binanyň içinde özboluşly “şarlawuk” – ýokardan aşaklygyna çeşme suwy ýaly arassa suw akymlarynyň toplumyny döretmek boýunça çözgüdi uly täsir galdyrdy.
Milli Liderimiz merkeziň içerki bezeg aýratynlyklaryna ýokary baha berdi, onda gündogar binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän öwüşginli şekiller, bezegler ussatlyk bilen ulanylyp, özboluşly keşbi janlandyrýar. Şeýlelikde, täze söwda merkezi türkmen binagärleriniň we beýleki hünärmenleriň bu babatda ussatlyk derejesine ýetendigini äşgär edýär.
Merkeziň tehnologik derejesi barada aýdylanda bolsa, onuň dünýäniň iň belli kompaniýalarynyň we önüm öndürijileriniň kämil enjamlary we degişli ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemeli. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda gurlup ulanmaga berilýän merkeziň ähli bölümlerinde, onuň içki bezeg aýratynlyklarynda söýgüli baýramçylyga mahsus bezegler, bu ugurdaky kämil çözgütler aýdyň duýulýar.
Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyň barşynda birinji gatda ýerleşýän dürli harytlara niýetlenen dükanlara syn edýär.
Milli Liderimiz dürli hili çaýlaryň söwdasyny guraýan dükanyň ýanynda saklandy. Bu ýerde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän çaýlaryň köp görnüşi satylýar. Dükanda Türkmenistanda bitýan dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan çaýlar, şeýle hem Hytaýyň, Hindistanyň, Seýlonyň we Şri-Lankanyň meşhur görnüşli çaýlary, dürli otlardan we güllerdan taýýarlanan çaýlar ilata hödürlenýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çaýyň söwdasyny guraýan dükan bilen tanşyp, “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşýanlara bu çaýlaryň görnüşleriniň bejerijilik ähmiýeti we ony demlemegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Bu ýerde çaýyň örän köp görnüşiniň bolmagy bilen bir hatarda, göwün islän çaýyňy satyn almazdan öňürti ondan dadyp görmek mümkinçilginiň bardygyny bellemeli. Onuň üçin dükanda ýörite hyzmat ýola goýlupdyr. Ondan her bir alyjynyň peýdalanmak mümkinçiligi bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi bilen tanyşlygyny dowam etdi. Bu ýerde müşki-anbar önümleri, öýde dokalan harytlar, sowgatlyklar, çaga oýnawaçlary, elektronika enjamlary, lybaslar, aýakgaplar we beýleki serişdeler köp görnüşde we owadan bezegi bilen ilata hödürlenýär. Mundan başga-da, söwda dükanlarynda timar beriji serişdeler, zergärçilik önümleri, dürli görnüşdäki sagatlar, ykjam telefonlaryň köp görnüşleri bar. Umuman aýdanyňda, 140 müň inedördül meýdany bolan söwda merkezindäki dürli harytlaryň söwdasy üçin niýetlenen 340-dan gowrak dükanlar öz gapylaryny giňden açdylar. Olaryň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy we saýlama önüm öndürijileri hasaplanýan Valentino, Ravazollo, Mango, Tom Tailor, Levis, Adidas, Nike, Loreal, Svarovskiý, Apple, Vertu, Rolleх ýalylar bar.
Söwda bölüminde dürli öwüşginli matalary, ýüpek, mahmal lybaslary, milli nagyşlar bilen bezelen beýleki egin-eşikleri hödürleýän “Owadan” dükany ünsüňi özüne çekýär. Onuň golaýynda “Joma” ispan firmasynyň sport harytlar dükany ýerleşýär. Bu ýerde göni önüm öndürijiden getirilen iň täze harytlar –sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýörite lybaslar bar.
Körpeleriň ene-atalary “Сoссodrillo” polýak kompaniýasynyň çagalar egin-eşigi dükanynyň hödürleýän harytlaryna uly gyzyklanma bildirseler gerek, zenan we erkek adamlar üçin geýim-eşikler “Нaus of brands” dükanyndan, “Franсesсo Markoni” dükanyndan bolsa belli söwda kysymynyň italýan gaýyş torbalaryny satyn almak bolar.
Belli “Levi’s” firmasynyň jinsi önümleri—köýnekler, sport lybaslary we häzirkizaman ýaşlarynyň geýmegi halaýan köpsanly beýleki egin-eşiklerini satyn almak bolýar.
Soňra “Gül ýüpek” egin-eşikler dükany ýerleşýär, bu ýerde nemes dizaýnerleriniň “Fashion” işewür lybaslarynyň görnüşleri, türk öndürijileriniň “Inсhi” nyşanly işewür lybaslary we zenan köýnekleri ilata hödürlenýär. “Unitet Соlors of Benetton” ýaly dünýäniň öňdebaryjy düzümleriniň zenanlar, erkek adamlar we çagalar üçin taýýarlanan geýimleriniň köp görnüşi bar.
Dürli biçüwdäki geýimleri taýýarlamaga niýetlenen matalaryň söwdasy guralýan dükan “Türkmen gözeli” diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle hem onda Italiýanyň “Sassofono” dükanynyň dürli görnüşli önümleri bar. “Rozygül” dükanynyň tekjelerinde goýlan köp görnüşli sowgatlyklar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkez bilen tanyşlygynyň barşynda Germaniýanyň “Villeroy & Boсh” derejeli gap-gaçlarynyň söwdasy guralýan dükana geldi. Satyjy zenan we önüm öndürijiler milli Liderimize dünýäde meşhurlyk gazanan gap-gaçlarda Ýewropanyň iň gowy tejribesini, Fransiýanyň hem-de Germaniýanyň anyk şekili emele getirýän çözgütlerini netijeli ulanmagy başarýan bu kompaniýanyň önümleri barada gürrüň berdi. “Villeroy & Boсh” derejedäki özboluşly gap-gaçlar gadymy döwürlerde imperatorlaryň we patyşalaryň ulanýan gaplaryny öndürmek bilen meşhurlygy gazanypdyrlar. Häzirki döwürde bu derejedäki gap-gaçlaryň dürli görnüşleri paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň ilatyna elýeterli boldy. Dürli aýnadan öndürilen gap-gaç toplumlary baýramçylyk saçaklaryny bezeýär. Bu ýerde syrçaly we aýna gaplar, hrustal we faýans önümleri, aşhana gurallary hödürlenýär.
Dükanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ХVIII asyrda kompaniýa tarapyndan goýberilen gap-gaçlaryň seýrek görnüşleri görkezildi. “Villeroy & Boсh” özüniň 260 ýyllyk taryhynyň dowamynda dünýäniň 23 ýurdunda kärhanalaryny herekete girizdi. Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň 125 döwletinde dükanlaryny açdy. Şeýlikde, ol farfor we syrçaly gaplary öndürmek boýunça meşhur boldy. Ine, bu gün bolsa bu abraýly düzümiň dükany Aşgabatda peýda boldy.
“Borsetta” dükany aýal-gyzlaryň köp gelýän ýerine öwrüler, bu ýerde zenan torbalarynyň, gaýyşdan ýasalan önümleriň dürli görnüşleri hödürlenýär.
Onuň ýanynda ýerleşýän “Janita” dükanynda milli lybaslaryň däp bolan nagyşlary esasynda häzirki meýiller bilen utgaşyklykda türkmen moda ussatlary tarapyndan döredilen taýýar egin-eşikler satuwa çykarylýar.
Bu ýerde, birinji gatda ýerleşen “Kämil” atly kämil-market ýedi müň inedördül meýdany eýeleýär. Häzirki wagtda “kämil-market” görnüşinde söwdany guramak netijeli ugurlaryň biridir. Bazaryň barha artýan teklipleriniň hatarynda alyjy iri häzirkizaman dükanlarynda harytlary satyn almaga uly isleg bildirýär, olarda ýokary hile eýe bolan önümleriň dürli görnüşleri hödürlenýär we hyzmatlar oňat ýola goýlandyr. Ýokarda agzalan ähli artykmaçlyklar “Kämil” kämil-marketinde öz beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz kämil-marketiň bölümleri bilen tanşyp başlaýar, olarda dürli islegler, şol sanda azyk önümlerinden başlap durmuş enjamlaryna çenli müňlerçe harytlaryň atlaryny öz içine alýan gündelik peýdalanylýan esasy harytlaryň köp görnüşleri alyjylara hödürlenýär.
Alyjylaryň iň ýokary talaplaryny hem kanagatlandyryp biljek dürli görnüşli harytlar bölümler boýunça ýerleşdirilýär. Bu ýerde elektronika, okuw esbaplary we edara jaýlary üçin harytlar bar. Olar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içgin tanyşýar.
Berkarar gipermarketiniň iň iri düzümleriniň biri bolan “Kämil” kämil-marketinde dürli görnüşli plastika önümlerini, hojalyk harytlaryny, aýnadan ýasalan gap-gaçlary, aşhana enjamlaryny, köp sowgatlyklary, azyk harytlaryny, gigiýena we ýuwujy serişdeleri, guradylan miweleri, süýji-kökeleri, dürli içgileri we köpsanly beýleki önümleri satyn almak bolar.
Döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen bölümiň ýanynda saklanyp, hut şu ýerde taýýarlanan çörek-bulka önümleri bilen tanyşýar, kämil-marketiň ýörite jaýlarynda ajaýyp ak bugdaýyň—gadymy ata-babalarymyzyň döreden bugdaýyndan bişirilen tagamly çöregi alyjylara hödürlenýär. Italýan aşpezlik sungatynyň tagamy bolan tegelek çörek görnüşinde taýýarlanan pissa hem milli Liderimiziň ünsüni çekýär, bu tagam soňky döwürde ildeşlerimiziň köpüsi üçin gowy görülýän tagama öwrüldi.
Mundan başga-da, “Kämil” kämil-marketde kökeleriň, tortlaryň, sowuk we gyzgyn tagamlaryň, taýýar et önümleriniň we ýarym fabrikatlaryň—kolbasa önümleriniň, kotletleriň, daşary ýurt barbekýunyň hem-de dürli mallaryň we guşlaryň etinden taýýarlanylan çişlikleriň köp görnüşlerini satyn almak bolýar.
Bu ýerde balyk önümlerini isleýänler üçin ýörite bölümde türkmen derýalarynda we Hazar deňzinde tutulan balyklar satylýar.
Soňra alyjylara gök we miwe önümleriniň topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilen baý görnüşlerini hödürleýän bölüm ýerleşýär.
Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri sitrus miwesi bolan, daşky görnüşi türkmen gawunyny ýatladýan pomele üns berdi we ýygnananlara bu tropiki miwäniň peýdaly taraplary, baý ýokumly maddalary, ýagy, W we С witaminler topary barada gürrüň berdi, witaminlerde fisforyň, kaliniň, kalsiniň, natriniň görnüşleri jemlenendir.
Täsin pomela miwesiniň golaýynda gyşyň ortasydygyna garamazdan, oňat saklanan, tagamy hem-de peýdaly taraplary boýunça daşary ýurt miwelerinden kem bolmadyk türkmen gawunlary goýlupdyr.
Bu agzalanlardan başga-da, bu ýerde gök we miwe önümleriniň –pomidoryň (kinniwanja çerri pomidordan başlap, uly göwrümli pomidor görnüşlerine çenli), tagamly almalar, süýji, turşy, turşy-süýji narlar, kelemiň dürli görnüşleri (reňkli, deňiz, gyzyl, ak we beýlekiler) hem-de käşirler, apelsiner, mandarinler, burçlar (ajy we süýji) gök önümler bar.
“Kämil” kämil-marketiň işgärleri milli Liderimize “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezini açyp berendigi we işgärler hem-de alyjylar üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ilatyň köp görnüşli isleglerini kanagatlandyrmak we şonuň bilen birlikde amatly durmuş şertlerini döretmek, durmuşyň hilini ýokarlandyrmak söwda kärhanalarynyň işiniň iň möhüm wezipeleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Bazar özgertmeleri döwründe ýurdumyzyň sarp ediş bazarynyň düzümleri düýpgöter özgerdi: söwda kärhanalarynyň sany artdy, telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagy netijesinde bu pudakda bäsdeşlik ýagdaýy kemala geldi. Bu bolsa hyzmatlaryň ýokary derejesini, mahabatlandyrmagyň we harytlary satmagyň, goşmaça hyzmatlaryň iň öňdebaryjy usullaryny ulanmagy talap edýär.
Bu zatlaryň ählisiniň utgaşan ýerinde hem alyjy özi üçin amatly dükany saýlap alýar. Her bir alyja özbaşdak çemeleşmek, edilýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli gowulandyrmak netijeli söwda işiniň esasyny düzmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra milli Liderimiz toplumyň ikinji gatyna galdy, bu ýerde dükanlardan başga-da, dürli tagamlary hödürleýän, dünýä halklarynyň aşpezlik ýörelgeleri öz beýanyny tapan kafeler we restoranlar ýerleşýär.
Soňra milli Liderimiz ikinji gata çykdy, bu ýerde dükanlardan başga-da kafe we restoranlar ýerleşýär, bularda dünýäniň halklarynyň dürli görnüşdäki aşhanasyna degişli dürli tagamlar hödürlenýär.
Bu ýerde milli Liderimizi “Fransuz tagamlary” diýen ýazga üns berdi. Hoşboý ysly bu kafede bagetler we kruassanlar, süýji nygmatlar hödürlenýär. Bular çaý ýa-da kofe içilende fransuz aşhanasynyň tagamyny duýmaga mümkinçilik berer.
Şol gatda Türkmenistanyň Prezidenti öý üçin niýetlenen harytlaryň “Home collection” atly dükanyna baryp gördi, bu ýerde dürli görnüşdäki oňat hilli we gelşikli önümleriň arasynda ýurdumyzyň dokma önümleri hem bar. Şu günlerde, ýagny, Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde bu dükan baýramçylyga mahsus görnüşde bezelipdir, şunda ýetip gelýän 2015-nji ýylyň nyşanyna – bir geňsi goýunlaryň şekillerine aýratyn üns berlipdir. Bezemekde Täze ýyla mahsus bolan “garly” installýasiýa we saz, kiçeňräk hiňňillik we bu ajaýyp baýramçylygyň beýleki nyşanlary ulanylypdyr.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şonuň gabadynda ýerleşýän “Aroma” parfýumeriýa dükanyna baryp gördi, bu ýerde at alan adaty hem-de täze önümler hödürlenýär.
Mundan başga-da, milli Liderimiz çagalar oýnawaçlary dükanyna baryp gördi we körpelere şatlyk paýlaýan oýnawaçlaryň hili bilen gyzyklandy. Oýnawaçlaryň görnüşleri saýlanyp alnanda, iň kiçi ýaşly körpeler üçin aň-paýhasy ösdüriji oýnawaçlar, ulurak ýaşly çagalar üçin bolsa aň-paýhas oýunlary, konstruktorçylyk, interaktiw we radio dolandyryş modeller saýlanyp alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýidy. Esasy zat, haryt sertifikatlaşdyrylan we çaga üçin howpsuz bolmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar üçin niýetlenen häzirkizaman dynç alyş toplumy (4400 inedördül metr) ýerleşýän toplumyň üçünji gatyna galdy. Onuň düzümine körpeler üçin we ýetginjekler üçin oýun zolaklary girýär. Dürli görnüşli attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň möçberleri haýran galdyrýar, olary körpeler yhlas bilen öwrenýärler we toplumyň zallaryny özleriniň şadyýan sesleri bilen bezeýärler. “Ähli gowy zatlar—çagalara!” diýen şygar bu ýerde öz hakyky beýanyny tapýar. Zallarda oýnawaçlar pudagynyň san-sajaksyz täze görnüşleri jemlenipdir, hatda uly adamlar hem olary oýnap görmek isleginden el çekip bilmeýärler.
“Ferrari” çapuw enjamy oglanjyklaryň köpüsiniň arzuw edýänidir. Onuň maksatnamalaýyn üpjünçiligi ýaşajyk sürüjä özüni hakyky ýoluň ugrunda ýaly duýmaga kömek edýär. Mundan başga-da, istrebitelde howa söweşine gatnaşmaga mümkinçilik bar, şunda öwrümli “amerikan dagjagazlaryndan” we köpsanly beýleki ýerlerden uçup geçmek bolar.
Çagalar döwlet Baştutanymyzy joşgun bilen garşylaýarlar. Olar bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binadan alan täsirleri, şeýle hem boş wagtlaryny nähili geçirýändikleri bilen gyzyklandy. Çagalar milli Liderimize okamak, ösmek we boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin döredilen şertlere tüýs ýürekden hoşallyklaryny biragyzdan beýan etdiler.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýaşajyk figuraçylaryň hereketlerine syn etdi.
Soňra milli Liderimiz merkeziň taýýar tagamlar we ýarym taýýar görnüşdäki önümler bölümine bardy. Hormatly Prezidentimiz tagamlary taýýarlamagyň usullary, olaryň ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. Bölümde işleýän hünärmenler bu ýerde gök önümlerden we dürli etlerden taýýarlanylýan naharlar, olaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bölümde milli tagamlar bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň aşpezlik usullary arkaly dürli naharlar taýýarlanylýar. Iň esasy bolsa, bu ýerde topluma gelýän adamlaryň aýak üstünde garbanyp bilmekleri üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilipdir. Bu bölümde dürli görnüşli çaýlar we birnäçe şerbet suwlary halka hödürlenýär.
Milli Liderimiz toplumyň mümkinçilikleri we ondaky ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşlygyň barşynda üçünji gatda meýdany 400 inedördül metre barabar bolan buzly meýdança geldi. Döwlet Baştutanymyz buz üstünde körpeleriň ussatlyk bilen edýän hereketleini synlap, olaryň kämilleşýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz buzda typýan körpeler bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň sportuň bu görnüşine bolan höwesi we olaryň türgenleşikleri bilen gyzyklandy.
Buzda typmak bilen meşgullanýan çagalaryň sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele almaklary üçin ähli zerur şertleriň yzygiderli döredilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu işler bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştunanymyz merkeziň saz gurallarynyň söwdasyny guraýan dükanyna geldi. Dükanyň satyjysy bu ýerdäki saz gurallarynyň görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellennilişi ýaly, dükanda milli saz gurallary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň kämil saz gurallarynyň birnäçe görnüşi bar. Şeýle hem ol bu ýerde halkyň ösen islegi içgin öwrenilip, olary kanagatlandyrmak boýunça zerur işleriň ýola goýlandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyz dükan bilen tanşyp, satyjydan saz gurallarynyň birinde saz çalyp bermegini sorady. Satyjy dutary eline alyp, bir saz çaldy.
Mundan başga-da, “Berkarar” toplumynyň dynç alyş bölüminde kinosöýüjiler üçin 60 orunlyk iki sany kino zal, 60 orunlyk 3D ölçegdäki bir kino zal, 5D ölçegli sekiz orunlyk we (VIP) sekiz orunlyk bir sany kino zal, bouling üçin jaý, häzirkizaman attraksionlary, zenanlar üçin gözellik salonlary, şeýle hem kafe hödürlenýär. Şeýle hem merkeziň düzümine fotostudiýalar, ykjam aragatnaşyk bölümleri, himiki usulda arassalaýyş, modaly lybaslary tikmek boýunça birnäçe bölüm, şeýle hem pul alyş-çalyş bölümi girýär. Bu ýerde bank kartlarynyň terminallary oturdylypdyr. Gatlaryň arasynda basgançaklardan we eskalatorlardan başga-da, syn ediş we adaty liftler hereket edýär. Alyjylar üçin amatly bolar ýaly ýörite taksileriň hyzmaty hem göz öňünde tutulypdyr.
... Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri myhmansöýerligiň baý däp-dessurlary bilen şöhratlanypdyr, bu ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da belidir. Biziň günlerimizde şol däp-dessurlar täze öwüşgine eýe bolup, hyzmatlar we söwda ulgamynda iň häzirkizaman innowasiýalary özünde jemleýän täze sepgitlere çykýar, muňa täze “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi hem şaýatlyk edýär, bu ýerde söwdany, dynç alşy we maşgala bolup dynç almagy utgaşdyrmaga mümkinçilik döredilipdir.
Döwlet Baştutanymyz döwrebap söwda merkezlerini döretmekde bar bolan oňyn tejribäniň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekip, degişli ýolbaşçylara ony ýurdumyzyň sebitlerinde giňden ornaşdyrmak boýunça meseläni işläp taýýarlamk barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimizde bazar gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigine we azyk bolçulygynyň döredilendigine ünsi çekip, amala aşyrylýan çäreleriň halkara derejesinde söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, öz çäklerinde Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýän, ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze öwrülen Türkmenistan mundan beýläk hem ykdysady we medeni ösüşlerde uly ähmiýetli orny eýelemelidir, bu ugurda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berilýär. Şunuň ýaly iri möçberli çäreler döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy, türkmen halkynyň ruhy däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegi bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Bazarlar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilen döwrebap söwda merkezleri türkmen halkynyň we mähriban topragymyzyň jomartlygynyň, halkymyzyň barha ýokarlanýan durmuş derejesiniň nyşanyna öwrülmelidir, bu bolsa ykdysadyýetimiziň milli nusgasynyň oňyn işlemeginiň netijesi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bazarlarda we söwda dükanlarynda ýurdumyzyň ilatyna iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Homatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp we ýygnananlary täze söwda toplumynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlady. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlarynyň gurluşyk kompaniýalary bilen ýanaşyk ýerleri abadanlaşdydyran häzirkizaman binalaryny we desgalaryny taslamalaşdyrmak hem-de gurmak boýunça degişli şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi.
Soňra milli Liderimiz “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň aşaky gatynda ýerleşýän Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi şadyýan aýdym-sazlary bilen dabara gatnaşýan körpeler mähirli garşyladylar. Olar özleriniň belent ruha beslenen çykyşlary bilen ýurdumyzyň ýeten derejesini, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan beýik işleri we bagtyýar durmuşy wasp etdiler.
Döwlet Baştutanymyz körpeleriň şowhunyna goşulyp, olaryň şadyýan çykyşlaryna höwes bilen tomaşa etdi. Bu ýerde guralan dabara gatnaşýan bagtyýar çagalar döredilýän mümkinçilikler hem-de döwrebap bilim almak, wagtyňy şadyýan geçirmek babatda edilýän alada tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini mälim etdiler.
Şu dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek işinde olara üstünlikler arzuw edip, bu pudagyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda uly orun degişlidigini aýratyn belledi we bu ýerden ugrady.