Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

view-icon 1500
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly meseleler, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2014-nji ýyl üçin makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Onuň belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn esasda köpugurly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň pudaklaýyn we sebitleýin düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn syýasat netijesinde Türkmenistan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip, ykdysady işleriň ähli ugurlarynda ýokary hilli ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak bilen okgunly ösmegini ynamly dowam edýär.

2014-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri, hususan-da, jemi içerki önümiň ösüş depgini munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ol 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,3 göterim üpjün edildi. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisinde diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynda hem ösüş depgini ýokarlandy. Mysal üçin, 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde bu görkeziji 17 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 103,6 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy. Bu görkezijiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 44 göterim möçberde emele geldi.

2014-nji ýylyň jemleri boýunça möhüm maliýe resminamasy – ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirilip, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýyl üçin ýurdumyzyň ykdysady we maliýe ulgamyna degişli ministrlikleriň we edaralaryň hem-de banklaryň iş meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýtdy. Habar berlişi ýaly, meýilnamalaryň taslamalary milli we döwlet maksatnamalarynda hem-de 2015-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetinde kesgitlenen wezipelere laýyklykda we türkmen döwletiniň Baştutanynyň belliklerini we beren maslahatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.

Soňra maliýe ministri M.Muhammedowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem 2014-nji ýylda maliýe-býujet ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, maliýe ministri onuň girdeji böleginiň 121,2 göterime deň bolandygyny habar berdi. Býujet serişdeleriniň gönükdirilen maksada peýdalanylmagy netijesinde Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi 95,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe býujet serişdeleriniň 80,1 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada aýdylanda, onuň girdeji böleginiň 114 göterim çykdajy böleginiň bolsa 97,7 göterim berjaý edilendigi bellenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada habar aýdyldy. Hususan-da, 2014-nji ýylda Merkezi we ýerli balans toparlarynyň mejlisleriniň 133-si geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 18-siniň, şeýle hem guramalaryň we kärhanalaryň 533-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.

Maliýe ministri şeýle hem “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe ulgamynda guramaçylyk-dolandyryş işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi durmuş-ykdysady işleri dolandyrmagyň umumy ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Şu babatda milli Liderimiz maliýe durnuklylygyny saklamak üçin çäreleri görmegiň möhümdigine ministriň ünsüni çekip, bu ugurda degişli işleri geçirmek boýunça anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. Milli Liderimiz şeýle hem ministrlikleriň, edaralaryň we guramalaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda bitirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" berjaý etmek meseleleri boýunça çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, 2014-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,7 göterim ýokarlandy. Onuň 40 göterimi durmuş desgalarynyň, 60 göterimi bolsa önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Geçen ýyl durmuş-medeni we önümçilik ähmiýetli iri desgalaryň jemi 456-sy ulanmaga tabşyryldy. Hasabat döwründe Milli maksatnamanyň çäklerinde özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 23,9 göterim artdy. Bu görkeziji Ahal welaýaty boýunça 27,6 göterim, Balkan welaýaty boýunça 19,4 göterim, Daşoguz welaýaty boýunça 5,8 göterim, Lebap welaýaty boýunça 47,4 göterim, Mary welaýaty boýunça 19,5 göterim boldy. Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 251-si bina edildi. Munuň özi 2013-nji ýyldakydan 56 desga köpdür. Şunuň bilen birlikde, 222 desganyň gurluşygy dowam edýär. Mundan başga-da, meýdany 1112,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy, 2307,4 kilometr suw geçirijileri, 408,2 kilometr awtomobil ýollary, 1309,9 kilometr gaz geçirijileri, 3759,8 kilometr elektrik geçirijiler, 2813,4 kilometr telefon ulgamlary çekildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň meselesine ünsi çekdi. Onuň baş maksady – bu halkyň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmek, sebitlerde täze eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap dürmuş düzümini döretmekdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milli Liderimiz uly möçberli bu maksatnamanyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belläp, ministre bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ministrlikleri we edaralary tarapyndan 2014-nji ýylda gazanylan iş netijeleri we ykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberiniň artmagy önümleriň köpüsi boýunça üpjün edildi. Olardan elektrik energiýasynyň öndürilişi 108,8 göterime, tebigy gazyň çykarylyşy 111,1 göterime, nebitiň çykarylyşy 103,2 göterime, benziniň öndürilişi 102,7 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişi 101,2 göterime, kerosiniň öndürilişi 101,6 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişi – 100,9 göterime, nebit bitumynyň öndürilişi 125,9 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 103,4 göterime, polipropileniň öndürilişi 109,3 göterime, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 109 göterime, armatura we beýleki demir önümleri -- 100,4 göterime, mineral dökünleri --142,3 göterime, ýod 103,3 göterime, sementiň öndürilişi 110,7 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleri 122,6 göterime, nah ýüplükler – 111,8 göterime, nah matalar – 118,3 göterime, derman serişdeleriniň öndürilişi – 135,8 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanyldy. 2014-nji ýylda 1,2 million tonnadan gowrak bugdaý öndürildi. Pagta hasylyny taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama 106,6 göterim ýerine ýetirildi. 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, oba hojalyk önümlerini, hususan-da, et, süýt, ýumurta we gök önümlerini öndürmegiň ösüş depgini üpjün edildi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk pudagyndaky üstünlikler barada aýdyp, 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberiniň 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 16,8 göterim köpelendigini habar berdi.

Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşalyşynyň möçberiniň ösüşi 12 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüşi 104,4 göterim boldy. Aragatnaşyk pudagynda ilata edilýän hyzmatlardan alnan girdejileriň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,8 göterim artdy.

Geçen ýylyň dowamynda nebitgaz, himiýa, derman önümçiligi pudaklarynyň iri senagat desgalaryny, şeýle hem durmuş, inženerçilik-ulag ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işler depginli alnyp baryldy. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlet we hususy ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini häsiýetldendirýän görkezijilere kanagatlanma bildirip, bu düzümiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi statistika habarlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, statistiki gözegçilik geçirmegiň we statistiki görkezijileriň emele getirilmeginiň usulyýetini kämilleşdirmek, bu usulyýetiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň 2014-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileriniň umuman erbet bolmandygyny belledi. Emma, muňa garamazdan heniz üstünde işlenilmegini, çözgüdini talap edýän köpsanly meseleler bar, häzire çenli urdumyzyň ykdysadyýetinde we dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlaryň ýeterlik derejede doly seljermesi taýýarlanmady diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz ykdysadyýetiň ösüş ugurlarynyň anyk çaklamalarynyň hem berilmeýändigini, wise-premýeriň gözegçilik edýän ykdysadyýet we maliýe edaralarynyň talaba laýyk işlemeýändigini belledi.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine hiç hili gözegçilik edilmeýär diýip, milli Liderimiz munuň degişli maksatnamalaryň ýylyň-ýylyna doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini esasy sebäpleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Biz täze iş orunlaryny döretmek barada köp aýdýarys. Emma, häzire çenli bu ugurda ýörite maksatnamanyň hem ýokdugyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz nägileligini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek boýunça anyk wezipeleri kesgitleýän toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamagyň, ony maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu maksatnamada göz öňünde tutulan işleri Maksatnama kabul edilenden soň, ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli iş alyp barmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, wise-premýeriň gözegçilik edýän tutuş toplumyňyzyň geçen ýylda alyp baran işleri kanagatlanarly däldigi, toplumyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýaramaz işländigi üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň adyna nägileligini bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi üçin maliýe ministri M.Muhammedowa, ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimowa, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradowa, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedowa käýinç yglan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradowy başga işe geçýändigi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä M.Annadurdyýewi belläp, ony Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Aşyrow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu bankyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary K. Meredow “Türkmenistan“ döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe berk käýinç yglan etdi we eger ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ol 2014-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň iş netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, nebititiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 103,2 göterime, tebigy hem-de ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 111, 1 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara eksport etmegiň möçberleriniň ösüş depgini bolsa 11,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini öndürmegiň, şol sanda awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň möçberleri artdy.

Geçen ýylda badalga alan iri düzümleýin taslamalar—Gyýanly şäherçesinde polietilini we polipropileni öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň, “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde gurulýan gazy gaýtadan işleýän zawodyň, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawodyň gurluşygy hakynda hem habar aýdyldy. 2015-nji ýylda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, tebigy gazdan benzin, dizel ýangyjyny we uçarkerosin öndürýän zawodyň gurulmagy nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň birnäçe pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi. Döwet Baştutanymyzyň belleýi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigine garamazdan, pudagyň käbir düzümleýin bölümleriniň işi bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.

Ýangyç-energetika toplumynda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak we pudagyň ähli düzümlerini döwreplaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselesidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz nebitiň we gazyň täze ýataklaryny gözlemäge hem-de özleşdirmäge, uglewodorod serişdelerini gazyp almaga we olary gaýtadan işlemäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ýokarandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyz nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýedir we energiýa serişdeleriniň çykarylyş möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz ýokary netijeleri gazanýan daşary ýurt kompaniýalarynyň işini mysal hökmünde getirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň işini seljermegi we olarda netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadowy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Şeýle hem ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary bolup işlän A.Begliýewi konserniň başlygy wezipesine belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda ýanwar-dekabr aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer 2015-nji ýylda ýurdumyzda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 123,1 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň on iki aýynda öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 109,3 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 109,8 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça degişli görkezijileriň ösüş depgini hasabat döwründe 112,9 göterime deň boldy.

Hasabatyň çäklerinde “Türkmenbaşy-Farap”, “Aşgabat-Garagum-Daşoguz” döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,7 göterim boldy.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat bermek bilen, wise-premýer degişli döwürde durmuş-medeni maksatly desgalaryň 245-siniň, bina edilendigini habar berdi.

Degişli döwürde 1 million 112,4 inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ösüş depgininiň 184, 6 göterime deň bolandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we 2015-nji ýylda ýurdumyzda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň meýilnamasyna seredip, Berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly we ýokary depginler bilen ösdürmek üçin öňümizde täze wezipeleri we belent maksatlary goýduk diýip belledi. Bu wezipeleri biz häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ulgamda birnäçe çözülmedik meseleleriň bardygyny aýtdy we wise-premýerlere senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri, aýratyn-da, şol işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan desgalara degişlidir.

Ýokary gözegçilik edarasy ýurdumyzda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişine seljerme geçirdi. Geçirilen seljerme işleriniň netijelerinden görnüşi ýaly, 2014-nji ýylda ýurdumyzda ulanmaga berilmeli iri önümçilik we medeni - durmuş maksatly jemi 372 desganyň 51 sanysynyň gurluşyk işleri pes depginde alnyp barlypdyr. Şoňa görä-de, bu desgalar öz wagtynda ulanmaga berilmändir. Pudaklar boýunça alanymyzda gurluşygy möhletinden gijä galan desgalar şulardan ybarat: nebitgaz pudagyna degişli 8 sany, gurluşyk we energetika toplumyna degişli 17 sany, oba hojalyk pudagyna degişli 6 sany, ulag we aragatnaşyk pudagyna degişli 4 sany, Ahal welaýatynyň häkimligine degişli 2 sany, Balkan welaýatynyň häkimligine degişli 9 sany, Lebap welaýat häkimligine degişli 5 sany desga.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň pes depginde alnyp barylmagynyň we desgalaryň möhletinden gijä galmagynyň esasy sebäpleriniň gurluşyk işlerini geçirmek üçin ýer bölekleriniň wagtynda bölünip berilmeýändigi, taslama – çenlik resminamalarynyň wagtynda taýýarlanylmaýandygy, ýerine ýetirilen işler üçin resminamalary taýýarlamak wagtyndan gijä galýandygy, şol sebäpli, tölegler wagtynda geçirilmeýändigi, gurluşyk üçin zerur bolan enjamlar wagtynda getirilmeýändigi, iş buýrujylar tarapyndan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna talaba laýyk gözegçilik edilmeýändigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz aýdylan bellikleri jemläp, wise-premýer M.Artykowa desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işlerde bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi, ähli desgalaryň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň ýokary depginlerini we hilini gazanmagyň esasy wezipedigini nygtap, M.Artykowa ýurdumyzyň ähli gurluşyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyny ýene-de bir gezek düýpli seljermek, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler, geçirilmeli çäreler barada teklipleri taýýarlamak, eger gerek bolsa, degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak babatda görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2014-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi.

Wise-premýer ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň meýilnamasynyň 109 göterim ýerine ýetirilendigini, şunda ösüş depgininiň 109,5 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 108 göterime, ýolagçy gatnatmakda 109 göterime deň boldy.

Şeýle hem hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaraly çäreleriň geçirilendigi aýdyldy. Ýurdumyzyň içerki demir ýollarynyň inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýoluň ugrunda gurlan köprüleri döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda demir ýol gurluşygynda ulanylýan ýörite tehnikalaryň 87-si, teplowozlaryň 3-si, ýörite wagonlaryň 103-si we ýolagçy wagonlarynyň 153-si gelip gowuşdy.

Hasabat döwründe Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime barabar boldy. Ýük daşamakda ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101 göterime deň boldy.

Geçen döwürde halkara derejeli ýolagçy awtomenzili ulanmaga berildi, jemi 77 täze awtobus goşmaça halkymyza hyzmat edip başlady.

Geçen ýylda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 601 müň 200 öýjükli belgi, 9 müň 900 radiotelefon belgisi we 40 müň 400 ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,7 esse ýerine ýetirildi.

Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 61 müň 328 telefon belgilik beketler gurnaldy we 2 müň 851 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

Wise-premýer hasabat döwründe milli emeli hemramyzyň gurlup, uçuşa doly taýýar edilendigini belledi. Ahal we Daşoguz dolandyryş merkezleri guruldy, enjamlaşdyryldy we ulanylyşa taýýar edildi.

Şeýle hem hemra ulgamyny dolandyrmak boýunça Milli kosmos agentliginiň hünärmelerini okatmak we taýýarlamak işlerine uly üns berlendigi barada habar berildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça awiahyzmatlary ýerine ýetirmek babatda 112 göterim ösüş gazanyldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 119 göterime, ýolagçy gatnatmakda 109 göterime barabar boldy.

Hasabatyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminalynyň hem-de gullugyň edara-binasynyň ulanylmaga berlendigi barada habar berildi.

Şu geçen döwürde Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline täze “Boeing-777-200 LR” uçarlarynyň ikisi gelip gowuşdy.

Şeýle hem Aşgabat we Türkmenabat halkara howa menzilleriniň we Daşoguz şäheriniň howa menziliniň täze emeli uçuş-gonuş zolagynyň hem-de desgalarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116 göterime, ýük daşamakda 102 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe 4 tirkeg gämisi hem-de ýük awtoulaglaryny daşaýan we ýolagçylary gatnadýan “RO-PAX” görnüşli “Berkarar” gämisi Türkmenbaşy portuna getirildi we işe girizildi.

Hasabatyň çäklerinde Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitetiň döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilýän edara-binasynyň gurluşyk işleriniň güýçli depgin bilen alnyp barlandygy habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna döwletimiz tarapyndan uly kömek berilýändigini, emma, muňa garamazdan, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ösdürmek boýunça işleriň häzire çenli talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny aýtdy. Ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärelri taýýarlamak işleri hem ýaramaz alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ulag pudagynda düzgün-nyzamy berkitmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýer S.Satlykowa wagonlaryň relslerden düşmeginiň öňüni almak üçin zerur işleri geçirmek, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen bagly hyzmatlaryň döwletiň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny gazanmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda toplumynda 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtmak bilen, möhüm ugurlaryň esasy görkezijileri hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýylda haryt dolanyşygynyň möçberleri 3 milliard 569,6 million manada deň boldy. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende onuň ösüş depgini 105,4 göterim boldy. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy 1 milliard 210,3 milion manat, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 2 milliard 359,3 milliona manada barabar boldy. Bu görkezijileriň ösüş depgini degişlilikde 109,4 göterime we 103,5 göterime deň boldy. Bu ulgamda özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 204,6 million manada deň bolup, onda 22,9 göterim ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 2014-nji ýylda 231 birža söwdalary geçirilip, 30 müň 895 şertnama hasaba alyndy. Şeýlelikde, onuň umumy bahasy 70 milliard 984,2 million manada deň boldy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 29 milliard 484,1 milliona manada deň boldy. Gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 31 milliard 182,7 million manat boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 34 million 778,6 müň amerikan dollaryna deň bolup, 106,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça 19 million 102 müň manat möçberinde hyzmat işeri amala aşyryldy. Onuň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy. Hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberi 2 million 985,8 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 103,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 27 sergi we 20 maslahat geçirildi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe 420,4 million manatlyk senagat önümleri, 673,6 million manatlyk oba hojalyk önümleri öndürilip, degişlilikde 133.7 göterim we 114 göterim ösüş depgini gazanyldy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 6 milliard 29 million manada deň bolup, onuň mukdary 47 göterim artdy. Söwda-haryt dolanyşygy 8 milliard 481,6 million manada barabar bolup, onuň ösüş depgini 165,4 göterime deň boldy. Hyzmatlar ulgamynda 667,1 million manatlyk iş ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 147,6 göterime deň boldy.

2014-nji ýylda söwda toplumy boýunça häzirkizaman binalarynyň köp sanlysy, şol sanda welaýatlarda köpugurly söwda bazarlary, “Awaza” söwda merkezi, Aşgabatda bolsa “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, onlarça dükanlar, şeýle hem önümçilik we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň düzüminiň ösdürilmegi diňe bir teklip edilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi, içerki bazarlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, pudagyň öňdebaryjy söwda usullarynyň, bu ulgamda işewür halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasynda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri öňe sürýändigini belledi.

Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow çykyş etdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň esasy görkezijileri barada döwlet Baştutanymyza habar berip, hasabat döwründe bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreleriň barşynda gurluşyk serişdeleri senagatynyň, himiýa, dokma we haly senagatynyň belli bir ösüş depginini saklaýandygyny, balyk senagatynyň pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de çykarýan önümleriniň möçberlerini artdyrýandygyny aýtdy.

Senagat ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 134,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 116,7 göterime barabar boldy. Sement öndürmekde oňat görkezijiler bellenildi, şonda ösüş 110,7 göterime, magdan däl serişdeleri öndürmekde—124,2 göterime, demirbeton gurnamalary öndürmekde -- 111 göterime, keramzit öndürmekde -- 109,1 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 110,6 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 111,3 göterime barabar boldy. Hususan-da, nah ýüplük we şondan dokalan matalary öndürmek boýunça bu görkeziji degişlilikde 111,8 göterime we 118,3 göterime, örme we tikin önümlerini öndürmekde—111, 1 göterime ýetdi. Dokma önümlerini ýerlemek boýunça ösüş depgini geçen ýylyň maglumatlaryna garanyňda 100, 6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan 2014-nji ýylda önümçiligiň ösüş depginini 101,4 göterim derejede saklap galmak bilen, haly önümleriniň 42,6 müň inedördül metri dokaldy. Şu döwürde meýilnama 135,5 göterim möçberinde ýerine ýetirilip, ösüş depgini 109,5 göterim üpjün edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda önüm öndürmegiň umumy ösüşi 116,5 göterime, şol sanda mineral dökünleri öndürmekde -- 142,3 göterime, tehniki ýody öndürmekde —103,3 göterime, natriý sulfatyny öndürmekde —128,3 göterime, tehniki uglerody öndürmekde -- 100 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan önüm öndürmegiň möçberi boýunça üpjün edildi, ösüş depgini 104,9 göterim üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowyň adyna tankydy bellikleri aýtdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda onuň gözegçilik edýän senagat toplumynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri doly möçberde ýerine ýetirip bilmeýändigini belledi. Içerki bazar ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli önümler bilen ýeterlik üpjün edilmeýär. Çykarylýan, bäsdeşlige ukyply önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylmaýar. Munuň özi himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň işine degişlidir, bular meýilnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýär. Senagat toplumynda dowam edýän kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmek gerek.

Ýolbaşçylaryň talabalaýyk gözegçilik etmeýändigi sebäpli, balyk hojalygynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berildi. Pudak boýunça öndürilýän balyk we balyk önümleriniň hili we möçberi ilatyň isleglerini kanagatlandyrmaýar. Howdan hojalyklary netijeli ulanylmaýar, olaryň durkuny täzelemek, sowadyjy enjamlary gurmak işleri hem örän ýaramaz alnyp barylýar. Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky 22 sany gäminiň diňe 4 sanysy abat. Gämileriň tehniki ýagdaýy bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.

Maliýe—ykdysady görkezijiler işleriň ýaramaz ýagdaýdadygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň 11 aýynda pudakda çykdajylaryň möçberi alnan girdejiden 9 esse köp bolupdyr. Komitetiň garamagyndaky kärhanalaryň düşewüntsiz işleýändigi üçin olaryň bergileri yzygiderli artýar. 2014-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň umumy bergisi 241 million manatdan geçipdir. Maýa goýum meýilnamasy bary-ýogy 51,5 göterim özleşdirilipdir.

Bulardan başga-da, pudagyň kärhanalarynda we edaralarynda ýokary bilimli hünärmenler, aýratyn-da balyklary ösdürip ýetişdirmek boýunça hünärmenler ýetmezçilik edýär. Döwletiň köp serişdeleri sarp edip, balykçylyk pudagy üçin daşary ýurtlarda taýýarlanýan hünärmenleriň köpüsi okuwy tamamlap gelenden soňra, öz ugry boýunça işlemeýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan Döwlet balyk hojalygy komitetiniň işi boýunça geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyp, başga-da köp sanly kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belledi hem-de D.Hojamyradowy Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şu wezipä ozal şol komitetiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini eýelän T.Paşiýewi belläp, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol 2014-nji ýylda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ulanmaga berlen desgalar barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 154-si ulanmaga berildi. Mundan başga-da, geçen ýylda deňizçilik, derýaçylyk hem-de jemagat hojalygy orta hünär mekdepleri, şeýle hem 3 sany başlangyç hünär mekdebi döredildi. Ýokary okuw mekdeplerinde 11 täze hünär açyldy.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary täze okuw we ylmy edebiýatlar bilen üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hem habar berildi.

Türkmen mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 139 medala eýe boldular.

Şeýle hem dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk amala aşyryldy.

Gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanda ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça halkara sergileri we ylmy maslahatlar geçirildi.

14-16-njy maýda “Magtymguly Pyragy we umumy adamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçen ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ençeme dilinde goşgular ýygyndylary neşir edildi we tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şeýle hem beýik söz ussadynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy makalalar we monografiýalar çap edildi.

2014-nji ýylda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ugry boýunça 13 desga ulanmaga berildi.

Syýahatçylyk ulgamy boýunça geçirilen işler barada hem hasabat berildi. Hususan-da, hasabat döwründe 98244 syýahatça hyzmat edildi we 105,9 göterim ösüş gazanyldy.

2014-nji ýylda türgenlerimiz 151 halkara sport ýaryşyna, şol sanda sportuň görnüşleri boýunça 24 dünýä çempionatyna we 23 Aziýa çempionatyna (Aziýa oýunlaryny hasaba almak bilen) gatnaşdylar hem-de jemi 393 medala mynasyp boldular. Munuň özi öňki ýyldakydan 111 medal köpdür.

19-24-nji noýabrda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, jemi 45 medal gazandylar.

2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmek dowam edýär. 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Okeaniýa sebitiniň ýurtlarynyň V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy babatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem-de Okeaniýanyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çeiklmegi taryhy waka boldy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, degişli ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 2015-nji ýylda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işleriň meýilnamalary taýýarlanyldy we garamaga hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir işleriň jemini jemlemegiň däl, eýsem, olary çözmegiň möhüm ugurlaryny bellemegiň wajypdygyny nygtady.

Mili Lideimiz S.Toýlyýewiň gözegçiik edýän düzümlerinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekip, olaryň hatarynda Bilim ministrliginiň, Sport we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetleriniň düzümlerinde ýokary bilimli hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini belledi. Sport ulgayndaky işgärlerirň hünär derejesiniň pesdigi has-da äşgär duýulýar. Häzirki döwürde sport ulgamynda käbir öňegidişlikler bar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz geçen ýylda öňki ýyllara garanyňda, türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanan medallarynyň mçöberiniň 30 göteriim ýokarlanandygyny nygtady. Ýöne bu görkezijiler ýene-de iki ýyldan V Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik däldir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere we onuň gözegçiligindäki düzümleriň ýolbaşçylaryna pudaklarda arnyp barylýan işleri jikme-jik seljermegi, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermegi üpjün etmek meselesi esasy wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeler gýoberilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde türkmenistanly ýaşlaryň 4 müňden gowragy daşary ýurtlarda bilim alýar. Emma ýaşlar okuwlaryny tamamlansoň, olaryň ykbaly bilien hiç kim gyzyklanmaýar, ýurdumyza dolanyp gelenden soň olaryň köpüsi täjirçilik edara-kärhanalaryna işe ýerleşýärler diýip, döwdet Baştutunamyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, mill Liderimiz ähli wise-prmýerelere döwlet edaralaryna işe ýerleşmek babatda netijeli ulgamy işläp taýýarlamak, daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň edaralara ýerleşmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işinde kemçiliklere ýol berendigi üçin bilim ministri G.Mämmedowa berk käýinç berdi we gysga möhletde ýol berlen kemçilikleri düzetmese, onuň eeýleýän wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy.

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işinde kemçiliklere ýol berendigini üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Ammannepesowa hem käýinç berilýändigini yglan edip, hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlary döwrebap terbiýelemek, olaryň ruhy, medeni we sport babatda ösmegi üçin ýurdumyzda döredilen maddy binýadyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzda medeniýet öýleri, kitaphanalar, sport desgalary we durmuş maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurulýar hem-de ulanylmaga berilýär. Bu işler mundan beýläk hem dowam etdiriler diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işine ünsi çekip, guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz sport we syýahatçylyk ulgamynyň işi babatda hem anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa öz gözegçilik edýän ulgamlarynda 2014-nji ýylda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berildi: hasabat döwründe medeni çäreleriň 44339-sy geçirildi, täze medeniýet öýleriniň 27-si ulanmaga berildi, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda häzirkizaman kitaphanalarynyň täze binalary açyldy, neşirýat işleri işjeňleşdi, halkara döredijilik alyşmalary dowam etdirildi diýip belledi.

Halkara derejesindäki iri medeni çäreleriň hatarynda daşary ýurtlaryň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan Türkmenistanyň Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän ilçihanalary bilen bilelikde kino günleri, sergiler hem-de beýleki halkara medeniýet çäreleri geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, milli taryhy-medeni mirasyň we Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlarynyň giňden wagyz edilmegine biziň ýurdumyzda we dünýäniň köp döwletlerinde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreler oňat ýardam etdi. Geçen ýyl türkmen we dünýäniň beýleki dilleriniň köpüsinde şahyryň ömüri we döredijiligi baradaky kitaplaryň 32-si neşir edildi. 2014-nji ýylyň maý aýynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi, bu medal bilen medeniýet, sungat, ylym we bilim işgärleriniň 339-sy, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň 53-si sylaglandy. Geçen ýylyň 13-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýylynyň ýapylyş dabarasy hem-de jemleýji halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Hasabat döwründe Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi we onuň çäklerinde Halkara sungat sergisi geçirildi, şeýle hem geçen ýyl “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwaly, II Wena baly, 54-nji Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň halkara maslahaty, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly, “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň IХ halkara kitap sergi ýarmarkasy we ylmy maslahaty, “Arheologia tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahaty we beýleki çäreler geçirildi.

Wise-premýeriň hasabanyda şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini, kinematografiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylan işler barada habar berildi. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy sany 6 million 179 müň 300 nusga deň bolan kitap önümleriniň 300 görnüşi çap edildi. 2014-nji ýylda umumy sany 146 million 240 müň bolan gazetleriň 27 görnüşi, umumy sany 4 million 307 müň bolan žurnallaryň 23 görnüşi neşir edildi. Geçen ýylda “Galkynyş” kitap merkezi 364 müň 800 nusgalykdaky 65 görnüşli kitap önümleri bilen ýurdumyzyň kitaphanalaryny üpjün etdi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşler barada gürrüň berýän habarlary we beýleki gyzykly gepleşikleri, filmleri ýaýlyma goýbermek, şeýle hem daşary ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek hem-de Türkmen telewideniýesiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda işleýän daşary döwletleriň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hem-de Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň raýatlarynyň medengi derejesini mundan beýläk-de ösdürmekde, olaryň ahlak we estetiki terbiýesini kämilleşdirmekde medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aýratyn möhüm ornuny nygtap, wise-premýeriň we Milli telewideniýäniň işinde kemçiliklere ýol beren teleýaýlymlaryň ýolbaşçylarynyň adyna düýpli nägileligini bildirdi. Milli Liderimiz ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň hiliniň örän pesdigine, olaryň durmuşdan üzňedigine we režisýorlyk işiniň göz-görtele kemterlik edýändigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokarda aýdylanlar gazetlariň we žurnallaryň ýolbaşçylaryna hem degişlidir. Metbugat serişdelerinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri we üstünlikleri ýeterlik derejede beýan edilmeýär, makalalaryň çeperçilik taýdan pesdigi ünsüňi çekýär, metbugat serişdelerinde ýurdumyzda bolup geçýän wakalar dessin habar berilmeýär, köplenç bu wakalar barada daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinden eşitmek bolýar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, Medeniýet ministrliginiň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi. Hususan-da, milli Liderimiz köp serişdeler goýberilip paýtagtymyzda, şäherlerde we obalarda gurlan köpsanly medeni maksatly desgalar doly derejede peýdalynylmaýar, olaryň köpüsi nobatdaky geçiriljek çärelere çenli ýapyk durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet öýleriniň, teatrlaryň we bu ulgamyň beýleki desgalarynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň, sahna ussatlarynyň, estrada artistleriniň çykyşlaryny şäherlerde we obalarda yzygiderli guramagyň, şeýle hem ýygy-ýygydan belli daşary ýurt artistleriniň çykyşlaryny guramagyň, şeýlelikde ýurdumyzyň medeni durmuşyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu aýdylanlar sport ulgamynyň işine hem degişlidir, diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň howa şertleriniň tutuş ýylyň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Bu maksatlar üçin ähli bar bolan sport desgalary doly peýdalanylmalydyr, bu bolsa öz nobatynda türkmen türgenleriniň ussatlygyny ösdürmäge, olaryň dürli bäsleşiklere taýýarlanmagyna ýardam eder.

Geçen 2014-nji ýylda Aşgabatda alnyp barlan maýa goýum-gurluşyk işleriniň netijeleri, şeýle hem paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýakyn döwürdäki işleriň meýilnamalary barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat berdi.

Hususan-da, Aşgabat şäher häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna meýilnama 6039,13 million manat bolup, hakykatda, 6469,57 million manat maýa goýumlary özleşdirildi we geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 158,9 göterime deň boldy.

Şu ugurda 2014-nji ýylda merkezleşdirilen býujet serişdelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 217,2 göterime, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň möçberi 114,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň hasabyna meýilnama 4702,60 million manat bolup, hakykatda, 4885 million manat özleşdirildi we geçen ýyl bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 148,4 göterime deň boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna meýilnama 134,22 million manat bolup, hakykatda, 199,40 million manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi we geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 183,1 göterimden ybarat boldy.

2014-nji ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde ýaşaýyş-durmuş, önümçilik, medeni-dynç alyş, jemgyýeçilik hem-de il-ýurt bähbitli beýleki desgalaryň 65-si ulanmaga tabşyryldy. Bu bolsa 2013-nji ýyldakydan ep-esli köpdür. Şunda paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaý gaznasy 2000-den gowrak täze öýleriň hasabyna artdy.

Hormatly Prezidentimiziň 4-nji dekabrda gol çeken kararyna laýyklykda, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-sy gurlar. 26-njy dekabrda bolsa paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 14-nji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Onuň çäklerinde 1320 hojalyga niýetlenen 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy taýýarlanylýar. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşyk toplumy bilen birlikde, paýtagtymyzy ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şol Konsepsiýa tarapyndan awtomobil ýol ulgamyny, binagärlik-gurluşyk we abadançylyk işleriniň tapgyrlaryny, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk şäher hojalygynyň tutuş düzümini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlener. Şu babatda paýtagtymyzyň 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny geçirmäge doly derejede taýýar bolmagy ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow geçen 2014-nji ýyldaky işleriň netijeleri, türkmen paýtagtynda möhüm ähmiýetli binalary we desgalary gurmagyň barşy, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş, döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion týadan toplumlaýyn ösüşiň, sazlaşygyň we amatlylygyň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň, türkmenistanlylaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin göwnejaý şertleriň döredilmeginiň döwlet tarapyndan şäher gurulyşygy boýunça ýöredilýän syýasata degişli wezipeleri çözmekde esasy ugurlar bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň keşbini görkezýän paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy barada durup geçip, şäheriň ýolbaşçylygynyň adyna birnäçe bellikleri aýtdy hem-de paýtagtyň häkimliginiň işinde köpsanly kemçilikleriň bardygyny nygtady. Öz borçlaryny göwnejaý berjaý etmändigi hem-de işde kemçiliklere ýol berendigi üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa berk käýinç yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimliginiň garamagyndaky ulgamlarda işleriň ýagdaýyny düzetmek boýunça gyssagly çäreler görülmedik halatynda, R.Nurmämmedowyň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýduryp, degili resminama gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňledi. Ilki bilen geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we sebitiň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çykyş etdi.

Häkim 2014-nji ýylda ýerli býujetiň girdeji böleginiň 2 milliard 363 million 731 müň manada, çykdajy böleginiň bolsa 1 milliard 724 million 84 müň manada deň bolandygyny habar berdi. 8 milliard 830 million 500 müň manatlyk senagat önümi öndürildi. Salgytlar boýunça meýilnama 154,6 göterim berjaý edildi.

Welaýatyň ýolbaşçysy oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, 2015-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin 225 müň gektar meýdana däne ekilendigini we ondan 450 müň tonna hasylyň alynmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwy berilýär hem-de ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Häkim welaýatda amala aşyrylýan gurluşyk işleri barada hasabat bermek bilen, 2014-nji ýylda jemi 1 milliard 775 million 223 müň manat möçberinde maýa goýumy özleşdirilip, ýyllyk meýilnamanyň 226,6 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň 51-siniň gurluşygy tamamlandy. Milli maksatnamalara laýyklykda durmuş-medeni maksatly desgalaryň, suw geçirijileriniň, awtoulag ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ahal welaýatynyň häkimliginiň işleri alyp barşyna Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan seljerme işleriniň geçirilendigini, maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň barşynda köpsanly kemçiliklere ýol berlendiginiň ýüze çykarylandygyny aýtdy. Häzirki wagtda welaýatda doly möçberde gazlaşdyrylmadyk we elektrik energiýasy bilen üpjün edilmedik obalar hem bar. Welaýatda ýaşaýan 55 müň maşgalanyň, ýagny olaryň 43 göteriminiň suw geçirijisinden ulanmaga mümkinçiligi ýokdur. Oba milli maksatnamasynyň Baharly, Kaka, Tejen, Altyn asyr etraplarynda ýerine ýetirilişi kanagatlanarsyzdyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýüz tutan raýatlaryň diňe 76 göteriminiň mellek ýerlerini bölüp bermek baradaky arzalarynyň kanagatlandyrylandygyna ünsi çekdi. Oba ilaty zir-zibilleri ýygnap äkitmek boýunça jemagat hojalygynyň hyzmatlaryndan hem peýdalanyp bilmeýär. 2008-2014-nji ýyllarda gurluşygy tamamlanmagy göz öňünde tutulan inženerçilik desgalarynyň gurluşygy hem pes derejede alnyp baryldy. Suw geçirijilerini gurmak işleri 34 göterim, dik guýulary gazmak 40 göterim, awtoulag ýollaryny gurmak bolsa 32 göterim ýerine ýetirildi. Şu döwürde şeýle hem 6 sany suw arassalaýjy hem-de 7 sany lagym desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi, emma ol işler bellenilen möhletlerde tamamlanylmady.

Milli Liderimiz daýhan birleşikleriniň maliýe ýagdaýynyň pesdigine ünsi çekip, olaryň 54-siniň 2013-2014-nji ýyllarda kärendeçiler bilen hasaplaşyk geçmek üçin ýurdumyzyň bank edaralaryndan 23 million manatdan gowrak karz serişdelerini alandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle ýagdaýlaryň ýol berilmesizdigini nygtamak bilen, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa bu kemçilikleri gysga wagtda düzetmek, oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatynda tabşyryk berdi.

Öz nobatynda, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ýurdumyzyň günbatar welaýatynda 2014-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki wagtda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Welaýatyň senagat toplumynda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň, uglewodorod ýangyjyny gaýtadan işlemegiň möçberleriniň artandygy bellenildi. Oba hojalygynda gök önümleriniň öndürilişini artdyrmak, mallaryň talabalaýyk gyşladylmagyny üpjün etmek maksady bilen anyk çäreler görüldi. Häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler geçirilýär.

Häkim döwlet Baştutanymyzyň gyş döwründe mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, kärhanalary we guramalary ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün etmek, gazyň we elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçiligi ýola goýmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Geçen ýyl welaýatda ulanmaga berlen iri senagat we durmuş maksatly desgalar babatda hem habar berildi. Şol desgalaryň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan – Eýran demir ýoly, Balkan welaýatynyň kitaphanasynyň täze binasy, köpugurly söwda bazary, Balkanabatdaky saglygy dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumy, Jebel şäherçesindäki bejeriş palçygyny we deňiz duzuny gaplaýan hem-de ýod önümlerini öndürýän kärhanalar hem-de Bereket etrabyndaky guşçulyk toplumy bar.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşynda geçen ýylda özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini artdy. Uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň hasabyna bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy işjeň dowam edýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda 95 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp baryýlan işleriň depgininiň pesdigini aýtdy. Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan geçirilen seljerme işleri Maksatnamany ýerine ýetirmekde birnäçe kemçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. 2008-2014-nji ýyllarda welaýatda gurlup, ulanmaga berilmeli köpsanly desgalar bellenen möhletinde gurulmandyr.

Şu döwürde hassahanalaryň gurluşygy 69 göterim, saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurluşy 61 göterim berjaý edilipdir. Çagalar baglarynyň 73 göterime golaýy, orta mekdepleriň 63 göterime golaýy, Medeniýet öýleriniň hem 42 göterime golaýy gurlupdyr. Inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy hem ýaramaz alnyp barylýar. Suw geçirijileriniň 39 göterimini, dik guýularynyň 26 göterime golaýy, awtomobil ýollarynyň bolsa bary-ýogy 11,5 göterimi gurlupdyr. Elektrik geçirijileriň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem örän pes derejede ýola goýlupdyr.

Welaýatda mellek ýerlerini bermek hem ýaramaz guralypdyr. Ýüz tutan raýatlaryň 57 göterimden gowragyna mellek berlipdir. Häzirki döwürde welaýatda orta şorlaşan ýerler 13 müň gektara, güýçli şorlaşan ýerler hem 14 müň gektara ýetipdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa Magtymguly, Bereket, Türkmenbaşy we Serdar etraplarynda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilige almagy, meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew 2014-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki wagtda oba hojalygynda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, gurulmagy göz öňünde tutulýan we ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de bulardaky işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.

Welaýatyň býujeti boýunça girdejiler böleginiň 103,4 göterim ýerine ýetirilendigi aýdyldy.

Häkim welaýatda pagta taýýarlamagyň meýilnamasynyň 101,1 göterim möçberinde ýerine ýetirilip, 232 müň tonnadan gowrak “ak altynyň” ýygnalandygy barada hasabat berdi. 2015-nji ýylyň däne hasyly üçin 180 müň gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda 2015-nji ýylda bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça işler guramaçylykly amala aşyrylýar.

Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy 2014-nji ýylda ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ulanmaga berlendigi barada hasabat berip, bularyň arasynda mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, saglyk merkezleriniň we medeniýet öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň Daşoguz welaýatynda geçiren barlagynyň netijesinde, Oba Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belledi. 2008-2014-nji ýyllarda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan köp sanly binalaryň we desgalaryň gurluşygy tamamlanman galdy.

Hususan-da, hassahanalaryň gurluşygy 53 göterime golaý, Saglyk öýleriniň we merkezleriň gurluşygy 48 göterim berjaý edilipdir, orta mekdepleriň 75 göterimi, medeniýet öýleriniň hem 54 göterimi gurlupdyr. Inženerçilik ulgamalyrynyň gurluşygy hem ýaramaz alnyp barlypdyr. Zeýkeş gazmak işleri-de talaba laýyk berjaý edilmändir. Şoňa görä-de welaýatda ortaça şorlaşan ýerler 123 gektara, güýçli şorlaşan ýerler hem 113 müň gektara golaýlapdyr.

Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz birnäçe etraplarda, hususana-da, Saparmyrat Türkmenbaşy , Ruhubelent, Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky we Köneürgenç etraplarynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde işleriň ýaramaz alnyp barlandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow E.Orazgeldiýewe bar bolan kemçilikleri gysga möhletlerde aradan aýyrmagy hem-de Ob milli maksatnamasynyň çäklerindäki işleriň gijikdirilmän we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew 2014-nji ýylda welaýatyň esasy ykdysady görkezijileri, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda madarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda welaýatda özleşdirlen serişdeleriň mukdary 189 göterime barabar boldy.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada aýtmak bilen, häkim hasabat döwrüne sebitde medeni-durmuş we beýleki maksatly binalaryň 61-siniň ulanmaga berlendigini aýtdy.

Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, sebiiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Esasan-da, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň 175 müň gektatyna dänelik ekinleriň ekilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Ýurdumyzda kabul edilen möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda sebitde alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezilentimiz Oba milli maksatnamasynyň Lebap welaýatynda ýerine ýetirilişine Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan seljerme geçirilende birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny aýtdy. Maksatnama laýyklykda, 2008-2014-nji ýyllarda welaýatda gurlup ulanmaga berilmeli köpsanly desgalar öz wagtynda gurulmandyr. Şu döwürde hassahanalaryň gurluşygy 47 göterim, orta mekdepleriň we medeniýet öýleriniň gurluşygy 52 göterim berjaý edilipdir.

Şonuň bilen bir hatarda inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy hem ýaramaz alnyp barlypdyr, suw geçirijileriň 34 göterimi, suw arassalaýjy desgalaryň 11 göterimi, dik guýularyň 20 göterime golaýy gurlupdyr. Awtomobil ýollarynyň, elektrik geçirijileriň gurluşygy bellenen möhletlerde tamamlanmandyr. Welaýatda mellek ýerlerini bermek hem talabalaýyk alnyp barylmaýar, bu babatda ýüz tutan raýatlaryň 56 göterimden gowragyna mellek berlipdir, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda orta şorlaşan ýerleriň 51 müň gektara, güýçli şorlaşan ýerleriň 29 müň gektara ýetendigini nygtady.

Welaýatyň Döwletli, Farap, Halaç, Sakar we Garaşsyzlyk etraplarynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Joraýewe bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi we Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi, ol welaýatda 2014-nji ýylda alnywp barylan işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe sebitiň senagat kärhanalary tarapyndan 11 milliard 447 million manatlyk önüm öndürilip, ösüş depgininiň 16,8 göterime deň bolandygy bellenildi. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak hyzmatlary 3,8 göterim ýokarlandy, welaýatyň aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan ilata 42 million manatlykdan gowrak hyzmat edildi.

Häkim 2014-nji ýylda durmuş-ýaşaýyş we medeni maksatly desgalaryň 72-siniň we on sany iri desganyň ulanmaga berlendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol, Altyn sähra etrabynda täze häzirki zaman obasynyň we Mary etrabynyň “Jemgyýet” geňeşliginde täze häzirki zaman şäherçesiniň desgalarynyň, uzakmöhletleýin karyzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy oba hojalyk pudagynyň görkezijileri barada hasabat bermek bilen, häzirki wagtda 2015-nji ýylyň däne hasyly üçin 200 müň gektar meýdanda ekişiň tamamlanandygyny we şol ýerlerden 380 müň tonna bugdaý hasylyny almagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda ähli agrotehniki kadalara laýyklykda, 2015-nji ýyl üçin ak ekine ideg etmek işleri alnyp barylýar, hasyly saklamak we gaýtadan işlemek boýunça berk gözegçilik amala aşyrylýar, geljek ýylyň pagta hasylynyň binýadyny tutmak boýunça işler tamamlandy, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary taýýar edildi. Mallaryň baş sanyny saklap galmak hem-de olary dok we ýyly gyşlatmak üçin işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we halkyň bagtyýar durmuşynyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtamak bilen, bu ugurda amala aşyrylýan işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda hem Oba milli maksatnamasynyň pes depginlerde ýerine ýetirilýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ýokary gözegçilik edarasynyň maglumatlaryna görä, 2008-2014-nji ýyllarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň köpüsiniň gurluşygy tamamlanmandyr. Degişli döwürde hassahanalaryň gurluşygy 65 göterim, saglyk öýleriniň we lukmançylyk merkezleriniň gurluşygy 52 göterim, medeniýet öýleriniň gurluşygy 50 göterim ýerine ýetirildi. Inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy hem haýal alnyp baryldy. Suw geçirijileriniň gurluşygy 36 göterim, dik guýularyň gurluşygy 69 göterim berjaý edildi. Awtoulag ýollarynyň we elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygy hem ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulan möhletlerinden gijä galdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem, mellek ýerleriniň bölünip berilmegi boýunça işleriň ýagdaýynyň ýaramazdygyny, ýüz tutun raýatlaryň diňe 34 göteriminiň arzalarynyň kanagatlandyrylandygyna welaýat häkiminiň ünsüni çekdi. Welaýatda orta şorlaşan ýerleriň meýdany 56 müň gektara golaýlaýar, 30 müň gektardan gowrak ýer bolsa güýçli şorlaşan meýdanlardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek işleriniň Wekilbazar, Ýolöten, Garagum, Baýramaly, we Sakarçäge etraplarynda ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekip, welaýatyň häkimi B.Annagurbanowa Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilige almak we kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada tabşyryk berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda hasabat berdi.

Tutuş obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini 104,2 göterime ýetdi. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça degişli görkeziji 103,1 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça -- 101,3 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça -- 104,2 göterime, “Türkmenagllaönümleri” döwlet birleşigi boýunça -- 110,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça -- 102 göterime, Azyk senagaty döwlet bileşigi boýunça --106,2 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça -- 107,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça --102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça -- 112,1 göterime deň boldy.

Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan maýa goýumyny özleşdirmek boýunça ýyllyk meýilnama 105 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gije-gündizde 50 müň kub metr deňiz suwuny süýjediji desganyň, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Lebap welaýatynyň Garabekewül, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 30 müň tonna tüwi öndürýän döwrebap şaly arassalaýjy kärhanasynyň, Köneürgenç etrabynda bolsa taýýar önümleri saklaýan we ýörite gaplara gaplaýan bölümleri bolan 10 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň gurluşyk işleri dowam edýär.

Hasabatyň çäklerinde mallaryň baş sanyny köpeltmek, önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük galla ideg etmek we gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinleri üçin meýdanlary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm işleriniň utgaşykly dowam edýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer obasenagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanandygy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrliginiň işi boýunça geçirilen barlagyň netijeleri barada durup geçdi, şol barlagyň barşynda melioratiw işleri, pudakda kabul edilen maksatnamalary we meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe kemçilikler ýüze çykaryldy.

Döwlet Baştutanymyz ölçege laýyklykda, suw serişdeleri ulanylan mahalyndaky ýitgiler 12 göterime golaý bolmalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu görkeziji 46 göterime barabardyr, ýagny ýol berilýän ölçegden 34 göterim köpdür. Ýöne Suw hojalyk ministrligi suwuň ýitgileriniň möçberlerini azaltmak üçin hiç hili çäreleri görmeýär. Suwarymly ýerleriň diňe 1 müň gektardan sähel gowragy emeli ýagyş ýagdyrýan desgalaryň kömegi arkaly suwarylýar hem-de 0,2 müň gektar ýerde damjalaýyn suwarmak usuly ulanylýar. Umuman alanyňda munuň özi ähli sürümli ýerleriň meýdanynyň 1 göterimine golaýdyr.

Oba hojalygynda ulanylýan suw serişdeleri takyk möçberleri göz öňünde tutman goýberilýär. Suw ölçeýji nokatlaryň diňe 15 göterimi ölçeýji abzallar bilen üpjün edildi, bularyň agramly bölegi bolsa abat däl. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, geçirilen barlaglardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda 518 müň gektardan gowrak orta we güýçli şorlaşan ýerleriň bardygyny aýtdy. Muňa garamazdan, şor suw akabalyryny arassalamak işleri ýaramaz alnyp barylýar. Ýagdaý şeýle bolandan soň, akabalar talaba laýyk işlemeýär. Galyberse-de, Suw hojalyk ministrligine degişli 1172 sany suw göteriji desga häzire çenli dizel ýangyjynda işledilýär. Minisitrligiň garamagyndaky 490 sany dik guýynyň 289-sy, ýagny 59 göterimi abat däl.

Döwlet Bştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça işleriň kanagatlanarsyz ýagdaýdadygy babatda nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we şunuň bilen bagly meseleleri çözmek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Ýurdumyzda maldarçylyk we weterinariýa instituty, degişli ministrlikler we pudak edaralary bar, maliýe serişdeleri ýeterlik möçberlerde goýberilýär. Döwlet Baştutanymyz muňa garamazdan, maldarçylyk pudagynda henize çenli gowy netijeleriň gazanylmaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi, oba hojalyk toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa käýinç yglan etdi hem-de gysga möhletlerde degişli çäreleriň görülmegini talap etdi.

Türkmenistanyň suw hojalyk ministri S.Taganowa we Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy A.Myradowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýüze çykarylan kemçilikler düzedilmese, olaryň eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol 2014-nji ýylda Içeri işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygy saklamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň käbir düzümlerinde geçirilen baralaglar barada hasabat berildi, olarda alnyp barylýan işlerinde seljerme geçirilendigi we onuň barşynda bu pudakda birnäçe kemçilikleriň, düzgün bozmalaryň ýüze çykarylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça ulgamlaýyn işleriň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň ähli hukuk goraýjy düzümleriniň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda geçirilen seljermeleriň netijesinde düzgün bozulmalaryň we birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan ýolbaşçylaryň ählisine ýüzlenip, biz ýurdumyzda korrupsiýa we parahorluga, beýleki ýaramaz ýagdaýlara garşy ýüz görmezden, adamyň haýsy wezipede işleýändigine garamazdan, geljekde hem berk göreş alyp bararys diýip belledi. Bu ugurda günäkär adamlaryň hiç biri temmisiz galaryn, jogapkärçilikden syparyn öýdüp pikir etmesin diýip, milli Liderimiz nygtady.

Islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi köp babatda jemgyýetiň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär, onda kanunlar berk berjaý edilmelidir diýip hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady we prokuratura edaralarynyň bu kadalaryň berk berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmelidigini belledi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz soňky iki ýylyň dowamynda Oba Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň ep-esli gowulanandygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, şäherlerimizi we obalarymyzy abadanlaşdyrmak üçin welaýatlara hem-de etraplara bölünip berlen serişdeleriň doly möçberde özleşdirilmän galýandygyny belläsim gelýär diýip, milli Liderimiz belledi. Netijede bolsa, aýry-aýry desgalar göz öňünde tutulan möçberlerde gurulmaýar.

Bu meseleleri çözmek maksady bilen, etraplarda häkimiň gurluşyk boýunça orunbasarynyň wezipesi girizildi diýip, sözüni dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň özi tejribäniň görkezişi ýaly, özüni ödeýändigini we gowy netijäni berýändigini, nirede häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary bar bolsa, şol ýerde gurluşyk işleri göwnejaý alnyp barylýandygyny, bu ugurda tabşyryklar ýerine ýetirilýändigini we gurluşygyň hiliniň ýokary bolýandygyny belledi.

Etrap häkimleriniň gurluşyk boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada geçen ýylyň maý aýynda çözgüt kabul edildi. Emma, muňa garamazdan, Ahal welaýatynyň etraplarynyň ikisinde, ýagny Baharly we Kaka etraplarynda, Balkan welaýatynyň şäherdir etraplarynyň bäşisinde, ýagny Türkmenbaşy şäherinde, Awaza, Bereket, Etrek we Esenguly etraplarynda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, Lebap welaýatynyň şäherdir etraplarynyň ýedisinde, ýagny Magdanly şäherinde, Döwletli, Galkynyş, Garaşsyzlyk, Serdarabat, Sakar we Atamyrat etraplarynda, Mary welaýatynyň etraplarynyň altysynda, ýagny Altyn sähra, Mary, Ýolöten, Türkmengala, Tagtabazar we Serhetabat etraplarynda bu wezipe häzire çenli hem boş dur diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz

Aýry-aýry etraplaryň häkimleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek, ýaşlara döwrebap terbiýe bermek, medeniýetiň we bilimiň derejesini ýokarlandyrmak meseleleri bilen az meşgullanýarlar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerler A.Goçyýewe, M.Artykowa, A.Ýazmyradowa, şeýle hem Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa we milli parlamentiň komitetleriniň başlyklaryna her welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny jikme-jik seljerip, bu ugurda geçirilýän işleri gowulandyrmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Aýratyn-da, etraplarda awtomobil ýollaryny gurmak we düýpli abatlamak, suw geçirijileri hem-de suw arassalaýjy desgalary gurmak işleri ýylyň-ýylyna ýerine ýetirilmeýändigi bilen baglanyşykly meselelere üns bermelidigini nygtady. Milli Liderimiz bu babatda hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek ýa-da bu ugurda Hökümetiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütlerini taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň mümkinçi ligine seretmegi tabşyrdy we şu meseleleri içgin öwrenip, geçirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Her bir etrabyň häkimine işine görä baha bermek, Prezidentiň kabul eden Permanlaryny we kararlaryny, Hökümetiň çykaran çözgütlerini haýsy ýolbaşçy talaba laýyk ýerine ýetirmeýän bolsa, kanuna laýyklykda oňa çäre görmek babatda ýurdumyzyň Baş prokuroryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşik yglan etdik, ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi diýip belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz 2014-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa söz berdi.

Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa söz berildi. Ol 2014-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen iň gowy etrap diýen ady almak ugrunda bäsleşigiň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, ol sebitleriň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär diýlip bellenildi. Bäsleşigiň jemleri jemlenende Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýörite topar "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" üstünlikli durmuşa geçirilişi, bugdaý we pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş we medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga tabşyrmak, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülişi, ekologiýa howpsuzlygy, boş wagtyňy medeniýetli geçirmek hem-de ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna çekilmegi ýaly görkezijileri nazarda tutdy. Şeýle hem lukmançylyk we hukuk goraýjy edaralaryň maglumatlary, hususan-da, jenaýatçylygyň ýagdaýy hem-de etraplarda onuň görkezijileriniň peselmegi, sagdyn jemgyýeti guramak baradaky maglumatlar hasaba alyndy.

Ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan hödürlenen bu görkezijileriň, maglumatlaryň seljermelerini, şonuň ýaly-da bilermenleriň beren bahalaryny göz öňünde tutup, ilki bilen her welaýatda iň gowy netije gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi. Soňra bolsa welaýat tapgyrynda ýeňiji bolanlaryň arasynda 2014-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyldy. Şonda Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby bu ada eýe boldy.

Habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerine gutlag sözlerini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ornubasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol ministrlik boýunça düzümlerinde 2014-nji ýylda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri we halkara derejesinde milli bähbitlerimizi, şol sanda ykdysady diplomatiýa ulgamynda üpjün etmek, milli Liderimiziň energetika howpsuzlygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça we şuňa meňzeş başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanda biziň ýurdumyza döwlet we hökümet baştutanlarynyň, daşary ýurt wekiliýetleriniň köp sanlysynyň saparlary guraldy, wekilçilikli duşuşyklaryň we iri möçberli maslahatlaryň onlarçasy geçirildi. Diňe dekabr aýynda geçirilen uly ähmiýetli wakalaryň hatarynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň ýolbaşçylar geňeşiniň dokuzynjy mejlisini görkezmek bolar, ol BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň guramaçylyk we ekspert goldawy hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlary üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň goldaw bermeginde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly rezolýusiýa bagyşlanyp geçirilen maslahaty hem olaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu wekilçilikli forumyň gün tertibine üstaşyr – ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi, bu ulgam bolsa dünýä ykdysadyýetiniň strategiki ugurlarynyň biri we ählumumy durnukly ösüşiň hökmany şerti hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatnyň gazanan uly üstünilkleriniň möhüm şertleri biziň ýurdumyzyň giň hyzmatdaşlygyna, oňyn dünýä tejribesini kabul etmäge taýýarlygy we işjeň parahatçylyk döredijilik orny bilen düşündirilýär. Bularyň ählisi milli bähbitleri goramagyň we Türkmenistanyň umumyadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeginiň netijeli guralyna öwrülen türkmen bitaraplygynyň esasy ýörelgeleridir.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi hem-de ony döwlet baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu maksatnamada möhüm we ählumumy ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreler göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özara ynam esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi Türkmenstanyň we hyzmatdaş ýurtlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl geçiriljek çäreleriň, dürli derejelerde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň mazmunyny jikme-jik işläp taýýarlamagy we tutuşlygyna olaryň ýokary guramaçylyk derejesini köptaraply hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda olaryň iş ýüzünde netije bermegini üpjün etmek boýunça tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasyny makullap hem-de tassyklap, onda göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we olaryň parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, beýik maksatlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeliriniň dabaralanmagynyň beýanyna öwrülmelidigini nygtady.

Mejlisi dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, maksatlaýyn çykyş etdi hem-de 2014-nji ýylyň netijeleri häsiýetlendirip, 2015-nji ýylda ýurdumyzda öňde durýan we ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz ýurdumyz üçin 2014-nji ýylyň ýeňil bolmandygyny açyk aýdyp, milli ykdysadyýetiň dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýeti bilen berk baglanyşyklydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dünýäde bolup geçýän ýaramaz hadysalar, aýry-aýry döwletleriň çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýy ýurdumyza hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär, ykdysady görkezijilerimize ýaramaz täsir edýär, bu bolsa, bizi ähli çäreleri görmäge, kähalatlarda bolsa, ýüze çykan meseleleri çözmek üçin adaty bolmadyk, gyssagly çäreleri görmäge mejbur edýär diýip aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle ýagdaý ýurdumyzyň durmuş üpjünçiligi, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda, gurluşykda, medeniýet, kanun çykaryş we maliýe ulgamlarynda, umuman, ähli ugurlarda çözülmeli anyk wezipeleri öňümizde goýýar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli pudaklarda işi üýtgedip guramak, her bir pudakda ýokary netijeleri gazanmak, täze sepgitlere ýetmek boýunça anyk wezipeleriň kesgitlenendigini, bu wezipeleriň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Alnyp barylýan tutanýerli işleriiň netijesinde, 2014-nji ýylda göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ählisi diýen ýaly durmuşa geçirildi. Zerur bolan kanunlary işläp taýýarlamak we öz wagtynda güýje girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirildi. Bu kanunlar halkymyzyň mizemez däplerini, Garaşsyzlyga we Bitaraplyga, parahatçylyga, raýat agzybirligine we demokratiýa esaslanýan garaýyşlaryny öz içine alýar.

Milli Liderimiz giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýdyp, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 10,3 göterime barabar bolandygyny belledi. Senagatda 11,1 göterim, gurluşykda 12,8 göterim ösüş gazanyldy. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 6,7 göterim artyp, 49 milliard manatdan gowrak boldy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 33 milliard amerikan dollaryna golaý boldy.

Döwlet Baştutanymyz puluň hümmetini hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamagyň başardandygyny aýdyp, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini hem göz öňünde tutulan çäklerde ýene-de köpeldilendigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti mähriban halkymyz öňküsi ýaly elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanyp biler ýaly döwlet tarapyndan ýardam bermegi dowam etdik diýip aýtdy. Ýurdumyzda jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň möçberleri hem ujypsyz bolmagynda galýar.

Milli Liderimiz kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp baryldygyny nygtap, häzirki döwürde diňe gurluşyga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň 51 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup durýandygyny aýtdy. Döwdet Baştutanymyz sözüni dowam edip, diňe bir geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 456 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň gurlup, ulanmaga berlendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulanmaga berlen iri desgalar barada aýdyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan önümçilik maksatly binalaryň birnäçesi hakynda durup geçdi. Şeýle hem «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň, Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň ulanmaga berlendigi bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň her bir welaýatynda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze, döwrebap şäherçeleriň gurluşygynyň dowam edýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz geçen ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek we ösdürmek wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylandygyny, häzirki döwürde ýurduň telekeçileriniň döwletiň berýän uly goldawyndan peýdalanyp, dürli ugurlarda giň gerimli işleri alyp barýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň giň gerimli işleriniň guwanmaga mynasypdygyny aýtdy hem-de Aşgabat şäherinde gurlan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezini muňa mysal edip görkezdi we onuň meşhur daşary ýurt firmalarynyň guran desgalaryndan hiç bir babatda pes däldigini, hatda, hili boýunça şol desgalardan has ýokarydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalara we türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň anyk maksada gönükdirip, yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksatlaryna doly eýermek esasynda amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygyna sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde garalýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhüm guraly, özara düşünişmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berilýär diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi Türkmenistanyň jogapkärli, ygtybarly we açyklyga eýerýän hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornunyň has-da berkemegine, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artmagyna ýardam etdi diýip belledi.

Milli Liderimiz gazanylan üstünlikleriň we ýetilen belent sepgitleriň mähriban halkymyzyň alnyp barylýan syýasaty giňden goldamagynyň netijesinde mümkin bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda anlyp barylýan işleriň merdana halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, zähmetsöýer halkymyza, umuman, öz halal zähmeti bilen döwletimiziň uly üstünlikleri gazanmagyna ýardam eden, öz mynasyp goşandyny goşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz şu ýyl amala aşyrylmaly wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekip, bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine itergi berjekdigini, göz öňünde tutulan ösüş depginleriniň üpjün edilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigini aýtdy. Şoňa görä-de, biziň alyp barjak işlerimiziň ählisi göz öňünde tutan beýik maksatlarymyza ýetmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, gülläp ösmegine gönükdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmelidigini belledi. Mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamaly.

Sentýabr aýyna çenli ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny taýýarlamaly we ony ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemeli. Milli Liderimiz oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň, telekeçiligi mundan beýläk-de goldamagyň, maliýe ulgamyny ösdürmegiň, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň hukuk binýadyny berkitmeli diýip, tebigy baýlyklary gazyp alýan senagaty ösdürmegiň, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny berkidýän kanunlaryň hem gerekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipeler barada her ýyl Mejlisiň deputatlary bilen geçirilýän duşuşykda jikme-jik garaljakdygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň geçen ýylyň dekabr aýynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň ählisiniň «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda tutanýerli iş alyp barmalydygyny, döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli goramalydygyny, diplomatik işgärlerimiz dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýurdumyzyň ähli mümkinçiliklerini –geosyýasy taýdan amatly ýerleşişini we oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasy ugrumyzy öňküsi ýaly Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek esasynda netijeli ulanmalydyrys. Dünýäde dawalaryň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine gönükdirmelidiris diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag geçelgelerini döretmek, täze dünýä medeniýetini emele getirmek boýunça bu abraýly halkara Guramasy bilen bilelikde ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz daşary syýasat edarasynyň ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza guraljak saparlarynyň, halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamalydygyny belläp, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmelidigi aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň öňünde durýan meselelere geçip, wise-premýer A.Goçyýewiň we ulgamdaky ähli ýolbaşçylaryň wezipesiniň uzak möhlete niýetlenen strategik, pudaklaýyn, anyk maksatlara gönükdirilen we sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdygyny aýtdy. Ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlarda ýokary ykdysady ösüş depginlerini saklamak boýunça işleri amala aşyrmak zerur bolup durýar. Pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady görkezijileri deňagramly saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmeli.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz milli pulumyzyň durnuklylygyny we satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmaly, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň we erkin ýörgünli puldaky ätiýaçlyk gorlarynyň möçberleriniň artmagyny gazanmak boýunça zerur çäreleri görmeli diýip, aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sazlaşykly we durnukly salgyt-býujet syýasatynyň amala aşyrylmagynyň dowam etdirilmegini ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň gazanylmalydygyny we munuň, býujete gelip gowuşýan serişdeleriň möçberleriniň artmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz bank ulgamynyň esasy wezipesiniň öňküsi ýaly, puluň hümmetiniň pese düşmeginiň öňüni almakdan, bu görkezijini göz öňünde tutulan ortaça 6 göterimden geçirmän saklamakdan ybaratdygyny, bank ulgamynyň pul dolanyşygyny düzgünleşdirmelidigini we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleri bilen zerur möçberde üpjün etmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan pul syýasaty öňküsi ýaly esasy wezipäni çözmäge – manadyň daşary ýurt puluna bolan hümmetini saklamaga we onuň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdiriler diýip aýtdy. Ýurdumyzyň ykdysady ösüş depgininiň durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin banklaryň karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini 20 göterim, hususy pudaga we ilata berilýän karz serişdeleriniň möçberini bolsa, 30 göterim artdyrmaly diýip belledi.

Şu ýyl alnyp baryljak durmuş syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybarat bolmalydyr. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu wezipäni amala aşyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlar ulgamynyň işiniň we beýleki ugurlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip aýtdy hem-de şu maksatlardan ugur alnyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» we beýleki milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamuhammedowa we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini, şol sanda gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmak we çykarmak, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça göz öňünde tutulan taslamalaryň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem türkmen energiýa serişdeleriniň täze geçirijiler boýunça daşary ýurtlara iberilmeginiň diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etdirilmelidigi, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, netijeli işleriň alnyp barylmalydygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gazgeçirijisini gurmak boýunça örän möhüm ähmiýeti bolan strategik taslamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginininiň has-da güýçlendirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýandygyny, Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän kärhananyň gurulýandygyny belledi. «Gündogar–Günbatar» gazgeçirijisini we nebitgaz toplumyna degişli beýleki desgalary gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny berkitmäge we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga oňyn şertleri döreder.

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň 83,8 milliard kub metrden az bolmadyk möçberde çykarylmagyny gazanmaly, şol mukdardaky tebigy gazyň 48 milliard kub metrini daşary ýurtlara ibermegi göz öňünde tutmaly diýip belledi.

Şu ýyl nebitiň çykarylyşyny 11 million 110 müň tonna ýetirmeli. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu ugurda gazanylan ösüş depgini 102,9 göterimden ýokary bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek arkaly nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegi dowam etmeli, netijede, nebit çig malyny düýpli gaýtadan işläp, taýýar önüm almak, önüm öndürmäge täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu pudagy yzygiderli ösdürmeli diýip belläp, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowyň we maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni şu toplumyň öňünde durýan uly wezipelere çekdi. Milli Liderimiz 2015-nji ýylda ýurdumyzyň gurluşyk maksatnamasynyň geriminiň örän giňdigini belläp, şu ýyl 362 sany iri desganyň gurlup, ulanmaga berilmelidigini, şeýle hem 10 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň önümçilik-tehniki maksatly pudaklary, öňküsi ýaly, maýa goýumlaryny goýmak üçin ileri tutulýan pudaklar bolmagynda galýar diýip, bu pudaklaryň ösüşiniň köp sanly täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýändigini we şoňa görä-de, maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň esasy böleginiň bu pudaklara gönükdirilmelidigini aýtdy.

Biziň gurluşykçylarymyzyň öňünde diňe bir oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin 5 milliard manada golaý serişdeleri özleşdirmek wezipesi durýar. Bu serişdeler saglygy goraýşa, bilime we medeniýete degişli binalaryň we desgalaryň gurulmagyna gönükdirilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu serişdeler düzüme degişli desgalaryň gurluşygyna we olaryň durkunyň täzelenmegine gönükdiriljekdigini aýtdy

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak we elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hem netijeli dowam etdiriljekdigini hem-de. şu maksat bilen, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynda Watan we Zerger gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna girişilmeginiň, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwaty 504,4 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanylmagynyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika ulgamyny Gündogar ugry boýunça bir bitewi halka doly birleşdirmäge mümkinçilik berer diýip nygtady.

Siziň esasy wezipäňiz beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde göz öňünde tutulan desgalaryň ählisini ýokary hilli we bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga bermekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Oba hojalygyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmeli, bu wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, agrosenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, pudaga bütinleý täze, has döwrebap usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şu maksat bilen, biz tebigaty goramaga, ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmäge, seçgi-tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça möhüm ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirýäris. Ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça yzygiderli iş alyp barýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýygnap almak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyz boýunça şu ýyl 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmeli we ýygnap almaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi we şu wezipeden ugur alyp, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny gurmagyň wajypdygyny nygtady. Etiň, süýdüň, ýumurtganyň, ýüňüň öndürilişini artdyrmak we 2014-nji ýyldakydan has ýokary görkezijileri gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Biz şu ýyl beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň we miweleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini hem artdyrmalydyrys diýip, hormatly milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň işini talaba laýyk guramagyň möhümdigini belledi. Suw desgalaryny, akabalary, suw göteriji desgalary abatlamaly we täzelerini gurmaly. Netijede, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, şeýle hem, oba hojalygyny suw bilen doly üpjün etmeli diýip, milli Li derimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Satlykowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek üçin 5 milliard manada golaý serişdäniň gönükdirilýändigini belledi. Pudagy ösdürmek maksady bilen, Ýewropany we Aziýany birleşdiren halkara demir ýolunyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly. «Ekerem–Madaw» demir ýolunyň gurluşygyna başlamaly. «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» täze demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyny tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ulag we aragatnaşyk pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, awtomobil we demir ýol ulaglaryny, suw we howa gämilerini täzelemek, täze demir ýol we howa menzillerini gurmak hem-de bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ähli ministrlikler, pudak edaralary we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudaklary boýunça daşalýan ýükleriň möçberi nazara alnanda, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň umumy möçberini 542,6 million tonna ýetirmeli. Ýolagçylary gatnatmagyň umumy möçberini bolsa, bir milliard adama ýetirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Welaýat merkezleriniň ählisinde häzirki zaman ýolagçy awtoulag menzillerini gurmaly. Howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýerli ugurlar boýunça howa gatnawlaryny açmaly. Ýurdumyzyň söwda deňiz flotuny ösdürmeli. Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň gurluşygyny dowam etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ulag pudagy bilen bir hatarda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Telewideniýäni, täze sanly telefon beketleriniň we kompýuter torlarynyň ulgamlaryny, Internet we öýjükli aragatnaşygy, şeýle hem beýleki aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen bu ugurlarda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Bu bolsa, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň, şol sanda Internet, telefon we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň geriminiň has-da giňeldilmegine mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleri alyp barmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu ýyl öz milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykarmaly. Milli emeli hemranyň mümkinçiliklerini ulanyp, ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny we Internet ulgamyny ornaşdyrmagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolan ýokary bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Täze okuw mekdeplerini gurup, ulanmaga bermäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem täze ýokary okuw mekdepleri, orta mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýene-de bir örän möhüm meselä, ýagny türkmen dilini kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we S.Toýlyýewe dilçi alymlardan ýörite topar döredip, düşündirişli we orfografik sözlükleri taýýarlamagy tabşyrdy. Sözlükler taýýarlanandan soňra, olary tassyklap, köp möçberde neşir etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ylmyň iň soňky gazananlarynyň giňden ulanylýan, senagat-innowasion usullara geçilýän häzirki döwürde ylym ulgamyny ösdürmek uly wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylmy-tehniki binýadyny täzelemegiň we döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ugurda göz öňünde tutulan işler «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokary derejeli ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmeli. Ylym ulgamyny ösdürmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmäge, öňküsi ýaly döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmegiň öňde durýan örän uly we möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Ähli pudaklar we ulgamlar üçin ýokary derejeli ökde hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň beýleki bir ileri tutulýan ugryny-- saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselelerei barada durup geçip, bu ulgam boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmek «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şu ýyl «Saglyk» döwlet maksatnamasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan ähli işler doly tamamlanýar. Şoňa görä-de, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze «Saglyk» döwlet maksatnamasyny taýýarlamaly we kabul etmeli. Saglygy goraýyş ulgamynda geçirýän özgertmelerimizi giň gerim bilen dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň möhümdigini nygtap, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze stadionlary we sport desgalaryny gurmagy dowam etmeli diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly mesele barada durup geçip, bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyny dowam etmegiň möhümdigini belledi. Türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli, ýurdumyzyň ýaşlaryny sport we olimpiýa hereketine has işjeň çekmeli, Olimpiýa şäherjiginiň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny tamamlamaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek wajypdyr. Bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmek, öňküsi ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň döredijilik hem-de hünär taýdan ösmegi we kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda köp sanly teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işleýändigini, oba ýerlerinde ýene-de Medeniýet öýlerini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, dürli halkara medeni çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli, şol sanda, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzda neşirýat işini kämilleşdirmäge, neşir önümleri senagatynyň kuwwatyny artdyrmaga aýratyn üns bermeli, şu maksat bilen, şu ýyl Aşgabat şäherinde iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň gurluşygyny tamamlamaly we bu toplumy açyp, ulanmaga bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermelidigini, teleradioýaýlymlaryň jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri giňden beýan etmelidigini, olaryň ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini wagyz edip, dünýä ýaýmalydygyny belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň Milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň işläp başlamagy bilen, uly mümkinçilikleriň döreýändigini, şol mümkinçilikleri ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynyň gerimini giňeltmek üçin doly we netijeli ulanmalydygyny milli Liderimiz aýtdy.

Medeniýet ulgamynyň maddy binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen, welaýat merkezleriniň her birinde medeni desgalaryň birnäçesini, dynç alyş zolaklary toplumlaryny we söwda merkezlerini açyp, ulanmaga bermelidigini belledi. .

Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak we geçirmek barada aýdyldy.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer P.Taganowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda pudagynyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek, şeýle hem Aşgabat şäherinde we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we supermarketleriň gurluşygyny yzygiderli alyp barmak barada birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Şu ýyl hem döwletimiz tarapyndan telekeçilere goldaw bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis diýip bellemek bilen, milli Liderimiz telekeçiligi goldamak boýunça ähli çäreleri görmelidigini, bu ugurda täze usullaryň giň toplumyny durmuşa ornaşdyrmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberinde ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, telekeçilik pudagynyň paýyny 65 göterime ýetirmek wezipesi öňümizde durýar. Biz ýurdumyzyň telekeçilerine giň goldaw bermek maksady bilen, olara 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollaryna golaý möçberde maksatlaýyn karz serişdelerini bölüp berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz bölünip berilýän serişdeleri mähriban halkymyzy et-süýt önümleri bilen arzan bahalardan üpjün etmäge, maldarçylyk hojalyklarynyň we fermalaryň işini talaba laýyk guramaga, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge gönükdirmelidigini tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer B.Ereşowa we senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň senagat pudagynda alyp barýan syýasatyny senagaty innowasiýa esasynda durnukly ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga gönükdirmelidigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dünýä bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegi, şeýle hem, ykdysady we tehnologik ulgamlarda ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Bu syýasaty alyp barmagyň çäklerinde bäsleşige ukyply we eksporta niýetlenen harytlary öndürmegi guramaly diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda netijeli işleri alyp barmagy we hyzmatlary ýola goýmagy tabşyrdy.

Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagatda, hyzmatlar ulgamynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli diýip, millii Liderimiz sözüni dowam etdi. Şonuň esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň çig mala bagly bolmagyny yzygiderli azaltmaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmegiň hasabyna özümizde öndürilýän harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek meselesini çözmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün edýän pudaklaryň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýyl iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän kärhananyň gurluşygyny dowam etmelidigini tabşyrdy.

Ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyk işlerini zerur bolan materiallar bilen üpjün etmek üçin, gurluşyk materiallary pudagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberlerini has-da artdyrmaly diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu wezipäni hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze kärhanalary gurup, ulanmaga bermek arkaly çözmelidigini nygtady.

2015-nji ýylda balykçylyk pudagynyň ösüşini täze derejä çykarmak, ýurdumyzda bar bolan suw howdanlarynyň mümkinçiliklerini rejeli ulanyp we üznüksiz önümçiligi ýola goýmak arkaly bu wezipäni üstünlikli çözüp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Balykçylyk pudagynyň kärhanalaryny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler hem bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir, geçiriljek bu çäreler balyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga, gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny täzelemäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleriniň öz ýolbaşçylyk edýän etraplarynda 2017-nji ýyla çenli binalary we desgalary gurmagyň meýilnamasyny gysga wagtyň içinde taýýarlap, seretmek üçin tabşyrmalydyklaryny belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa, paýtagtymyzda binalary we desgalary gurmagyň umumy meýilnamasynyň üstünde işläp, taýýarlanan meýilnamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy.

Häzirki döwürde ak mermere beslenen paýtagtymyz öz gözelligi bilen ýurdumyza gelýän myhmanlary haýran galdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de bolsa, entek paýtagtymyzy ösdürmek boýunça biziň köp işleri etmelidiginy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, Döwlet býujetinde paýtagtymyzy ösdürmek üçin zerur bolan serişdeleri her ýyl göz öňünde tutmalydygyny tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa ýüzlenip, paýtagtymyzda gurluşyk işlerini alyp barmak üçin zerur bolan goşmaça serişdeleri çekmek arkaly gurulmagy göz öňünde tutulan binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna girişmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemlemek bilen, şu ýyl giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Bu maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmekde döwlet dolandyryş edaralaryna, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçiligiň düşýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli derejedäki ýolbaşçylaryň geçen ýyldaky ýaly agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işläp, öz öňlerinde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidigini tabşyrdy.

Bar bolan kynçylyklara garamazdan, berkarar Watanymyzyň öz saýlap alan ýoly bilen, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy ugur edinýän beýik maksatlara ýetmek ugrunda ynamly öňe barýandygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik, türkmen halkynyň bolsa bagtyýarlyk we rowaçylyk arzuw etdi.