Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 693
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, käbir düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy.

Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy, mallary ýokary derejede gyşlatmak boýunça görülýän çäreler, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki işler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl welaýatda pile taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň, aýratyn-da, pile taýýarlamak boýunça öňde durýan meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ilatynyň elektrik energiýasy, suw we gaz bilen üpjünçiligi, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak babatda alnyp barylýan işler bilen aýratyn gyzyklandy.

Iş maslahatynyň barşynda milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, ýaz meýdan işlerine taýýarlyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şu ýyl welaýatda pile öndürmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň görülmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu işlere aýratyn ähmiýet bermegi häkimden berk talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz T.Kuliýewi Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ähli ulgamlary boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipelere laýyklykda, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalar, olarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýratyn bellenildi. Hasabatyň barşynda häkim pile öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňi bilen welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, gaz bilen üpjünçiliginiň, ýyladyş ulgamlarynyň işleýşiniň derejesi, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygy barada birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda ätiýaçlyk ot-iým binýadyny döretmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini, güýzlük bugdaýa agrotehniki kada laýyk derejede ideg edilmelidigi, şeýle hem ýaz ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Şu ýyl welaýatda pile öndürmek boýunça tabşyrygyň geçen ýylky derejesinde galdyrylýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz pile öndürmek meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini, bu babatda hiç hili nogsanlyklara ýol berilmeli däldigini aýratyn tabşyrdy. Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işi hemişe gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda T.Ürgenjowy Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştututanymyzyň welaýaty mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berildi. Mundan başga-da, häkim maldarçylyk hojalyklarynda ätiýaçlyk üçin goşmaça ot-iým üpjünçiligini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň zerur bolan durmuş üpjünçiliginiň, ýyladyş ulgamlarynyň göwnejaý işledilmeginiň, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz gowaça we beýleki ekinleriň ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, gök we bakja ekinleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şu ýyl welaýatda pile öndürmek boýunça tabşyrygyň geçen ýylky ýaly, 470 tonna möçberde ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň görmelidigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler barada aýratyn durup geçdi. Mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça görülýän goşmaça çäreler, sebitiň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, munuň üçin yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjünçiliginiň, ýyladyş ulgamlarynyň işleýiş derejesiniň, mallaryň dok we ýyly gyşladylyşynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýratyn belledi.

Milli Liderimiz ýaz meýdan işlerine taýýarlyk barada aýtmak bilen, oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ekişe talabalaýyk derejede taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda pile öndürmek boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny aýratyn belledi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanylan iş meýilnamasy, ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylyýan işler, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Mundan başga-da, häkim Mary şäheriniň şu ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çäreler, olaryň geçiriljek ýerleri bilen baglanyşykly taslamalary, çyzgylary, şeýle hem welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda-dynç alyş merkeziniň, döwrebap awtomenziliň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýaty ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň baş talabydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, suwarymly ýerlerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine degişli düzümleriň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz häzirki günlerde welaýatyň ähli künjeklerinde elektrik energiýasynyň, gazyň, şeýle hem ýyladyş ulgamlarynyň işiniň bökdençsizligini üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny bellemek bilen, pile taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara, çyzgylara birnäçe bellikleri aýdyp, olara degişli düzedişleri girizdi we bu desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde abadançylygy we arassaçylygy üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabatda abadançylygyň, arassaçylygyň üpjün edilmeginiň, gurulýan desgalaryň öz möhletinde tamamlanmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň baş talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki binalaryň ýyladyş ulgamynyň, ähli etraplaryň ýylylyk, elektrik energiýasy we gaz bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda göni aragatnaşyga bir wagtda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Ereşowy we A.Ýazmyradowy çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda bolan söhbetdeşligiň barşynda welaýatlaryň häkimleriniň şu ýyl pile taýýarlamak boýunça bellenilen meýilnamalara üstünlikli hötde gelmek üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy barada aýdanlaryny nazara alyp hem-de öňde goýlan wezipäniň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirip, “2015-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Soňra wise-premýer B.Ereşow häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komitetine degişli balyk önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygy boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Balkan welaýatynyň çäginde balyk önümçiligi toplumynyň gurluşygy boýunça taslamalary, onuň ýerleşjek ýerlerinňi çyzgylaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Şeýle hem ol bu toplumyň ekologiýa howpsuzlygy babatda degişli düzümler bilen ylalaşandygy barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olary umuman, oňlady hem-de binalar toplumynyň gurluşygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmelidigini, desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmalydygyny tabşyrdy.

Wise-premýer A.Ýazmyradow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda häzirki döwürde ýerine ýetirilýän meýdan işleri, ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleri we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hem wise-premýer gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aziada – 2017-niň ýaryşlaryna atçylyk sportunyň (konkuryň) girizilmegi mynasybetli Halkara atçylyk-sport toplumynda bu ýaryşlary geçirmek üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň bardygyny aýtmak bilen, şunuň ýaly düzümiň Aşgabatdaky atçylyk-sport toplumynda hem döretmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda atçylyk sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini, bu babatda halkara çärelerine giň gerim berlendigini nygtap, Türkmenistanyň atçylyk sportunyň dünýä derejesine çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Aziada-2017-niň maksatnamasyna sportuň milli görnüşleriniň girizilmegi türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, olary, umuman, oňlady we olara birnäçe bellikleri aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga wise-premýer B.Artykowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Ilki bilen, wise-premýer B.Artykow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze institut paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň çäginde bina ediler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjekleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, durmuş üpjünçiliginiň göwnejaý ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýeti boljak täze Jemagat hojalygy institutynyň gurluşygyna hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary, çyzgylary, umuman, oňlap, olara brnäçe bellikleri aýtdy we täze bilim ojagynyň gurluşygyna guramaçylykly girişmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, türkmen paýtagtynda şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynda durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň ýokary depginini saklamak üçin degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Gurluşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, hususy kompaniýalar täze gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda soňraTürkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňledi. Ol häzirki döwürde ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol şu ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenip geçilýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününiň 23 ýyllygyny we Watan goragçylarynyň gününi guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranmak ministrini we ministrligiň ähli şahsy düzümlerini her ýylyň ýanwar aýynyň 27-sinde giňden dabaralandyrylýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününiň 23 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady.

Şu ýyl Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilenine 23 ýyl dolýar diýip, milli Liderimiz merdana Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly bolup, harby gullugyny ak ýürekden berjaý edýändiklerini belledi. Belent Serkerdebaşymyz olaryň ata Watanymyzyň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny ygtybarly goraýandyklaryny aýtdy.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar, şeýlelik-de, döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwaty yzygiderli berkidilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kabul edilen Harby doktrina laýyklykda, harby özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady iň kämil tehnikalar bilen yzygiderli berkidilýär. Olardan ussatlyk bilen baş çykarýan, Watana wepaly, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli goşunymyzyň şahsy düzümini merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, mertlik we edermenlik ruhunda, asylly däpleriň esasynda terbiýelemek boýunça zerur işler amala aşyrylýar diýip belledi. Edermen harby gullukçylarymyzyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan Ýaragly Güýçlerimiziň gaýduwsyz harby gullukçylary barada alada etmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň goranmak ministri şahsy düzümiň adyndan Beýik Serkerdebaşymyzy bu şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ministrligiň maddy-enjamdaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary üçin ähli zerur durmuş amatlyklaryny döretmek barada edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar Watanymyzyň harby gullukçylaryny Watan goragçylarynyň güni we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ata Watanymyzyň ygtybarly goragçylaryna berk jan saglyk rowaçlyk, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny we asudalygyny, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny goramak ýaly jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerinde, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini, olaryň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli ýolbaşçylaryň jogapkärçidiginiň ýokarlandyrmalydygyny aýratyn bellemek bilen, bu babatda wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmesine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.