Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolundan geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolundan geçdi

view-icon 724
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adaty sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen Saglyk ýolundan geçdi. Milli Liderimiziň bu ýörişine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän Saglyk ýoluna geldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak türkmenistanlylar üçin durmuş kadasyna öwrüldi. Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak üçin hemişe wagt tapýar, ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara şony ündeýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler ähli ugurlarda türkmen halkynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çünki adamlar, olaryň abadançylygy baradaky alada täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.

Sport-sagaldyş düzüminiň aýratyn desgalarynyň biri bolan Saglyk ýoly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurlup, ondan geçilen wagty türkmenistanlylaryň müňlerçesine diňe öz saglyklaryny berkitmäge däl-de, eýsem ajaýyp tebigatyň gözelligine syn etmäge mümkinçilik döredýär.

Gyş paslynyň ahyrky günleriniň säher çagy Köpetdagyň gözelligine gözellik goşýar. Bu künjekleriň ajaýyplygy soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen paýtagtymyzyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen utgaşyp, ynsan ruhyny göterýän täsin ýagdaýy emele getirýär. Dag gerişleriniň şu künjeginden ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi has-da gözel görünýär.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ak mermerli şäher hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň döwrebap binalary tyllaýy şuglaly görnüşleri bilen özüniň ajaýyplygyny äleme äşgär edýär. Daň säheriniň alagaraňkysynda Aşgabadyň döwrebap binalarynyň, şaýollarynyň, seýilgäh zolaklarynyň özboluşly yşyklandyryjylaryndan emele gelýän öwüşginler tebigatyň gözelligi bilen sazlaşyp, mähriban Watanyňa, gözel paýtagtyňa bolan buýsanjyňy artdyrýar. Säheriň ajaýyp çagynda dag gerşinden çekilen Saglyk ýolundan geçmegiň lezzeti bir başga bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny geçip barşyna ýanyndakylar bilen ýol ugrunda söhbetdeş bolup, Watan gullugyny alyp barýan esgerleriň, şeýle hem bu ugurda bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň dag ýodasyndan yzygiderli geçip durmaklarynyň olaryň diňe bir jan saglygyna peýda etmän, eýsem-de, harby gullugyny beden taýdan sagdyn bolup, mynasyp alyp barmaklaryna ýardam etmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jana şypaly arassa dag howasy, tebigatyň gözel görnüşi adamyň ruhuny göterýär. Saglyk ýolunyň ugrunda we töwereginde oturdylan köpsanly baglar tebigatyň gözelligini artdyryp, dag eteginiň ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.


Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek hakynda belli bir maksada gönükdirilen aladanyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, hut özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaçlygyny görkezýär. Bu bolsa ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň berkarar bolmagyny alamatlandyrýan esasy ýagdaýdyr.

Şeýle hem sport we ekologiýa özara ysnyşykly bagly bolup, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna oňaýly täsir edýär. Türkmenistanda alnyp barylýan daşky gurşawy goramak boýunça ägirt uly işler köpugurly häsiýete eýe bolup durýar.

Milli Liderimiziň Saglyk ýolundan geçmegi ilatyň, ozaly bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, milletiň saglygyny berkitmek syýasatynyň dabaralanmagyna ýardam edýär, dagt eteginiň tebigatyna oýlanyşykly çemeleşmek baradaky görkezmeleri bolsa halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň rowaçlygyna gönükdirilen ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga hemaýat eder.

Türkmenistanyň Prezidentini Giňdiwaryň belent gerşinde ýerleşen meýdançada serhetçiler garşyladylar. Bu ýerde Giňdiwar serhet galasynyň başlygy milli Liderimize döwlet serhedinde ýagdaýyň asudadygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýerde esgerler bilen gürrüňdeş bolup, halkyň asudalygyny hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini gözüniň göreji deýin goraýan harby gullukçylaryň belent borjy barada durup geçdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň mukaddes çäkleri türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine we parasatly ata-babalarymyzyň mizemez däplerine laýyklykda dostluk serhedine öwrülýär.

Milli Liderimiz bu ýerde nobatçylyk edýän serhetçi esgerleriň gündelik durmuş, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde harby gullukçylar halkymyzyň asuda durmuşynyň goragçylary barada edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz dag ýodasy bilen ýoluny dowam edip, bu künjegiň gözelligini hem-de ähmiýetini artdyrmak babatda degişli çäreleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny aýtdy. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň harby gulluk bilen bir hatarda köpsülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Saglyk ýolundan geçip barşyna bedenterbiýe we sport hereketiniň gündelik durmuşda esasy ýöreldgä öwrülmelidigini belledi.

Saglyk ýolundan geçmegiň barşynda döwlet Baştutanymyz dag gerşiniň gözel künjekleriniň birinde saklanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şonda harby düzümleriň ýolbaşçylary özleriniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimize gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň we beýleki işleriň taslamalaryny görkezdiler.

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz nobatlarynda öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmegiň çäklerinde harby düzümlerde işlenip taýýarlanylan maksatnamalar, harby lybaslaryň birnäçe görnüşleri bilen baglanyşykly taslamalary we çyzgylary görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginiň döwrüň talabydygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Harby gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary olaryň harby gulluga bolan ukybynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirer diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz düzümlerde döredilýän sport toparlarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň ýokary netijeler gazanmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, harby bölümlerde, serhet düzümlerinde ekologiýa ýagdaýynyň ürpjün edilmegi, bagy-bossanlygyň artdyrylmagy we bar bolan agaç nahallaryna göwnejaý ideg edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoly boýunça ýoluny dowam edip, bu ýerden açylýan Aşgabadyň ajaýyp keşbini, paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleri synlady. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň baş şäherinde durmuşa geçirilen işlerden Aşgabadyň barha we barha gözelleşip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülendigine göwnüň galkynýar. Bu ýerde 2015-2016-njy ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda amala aşyryljak işlerden bolsa Watanymyzyň esasy şäheriniň häzirkisinde-de gözelleşjekdigini aýdyp bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglyk ýoluna çykmagy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bir az salymdan milli Liderimiz Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ähli ugurlarynyň halkymyzyň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir, çünki adamlaryň abadançylygy, bagtyýarlygy baradaky alada täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işleriň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyňy ýolbaşçylary bilen bilelkide welosipedde gezelenç etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzdaky Saglyk ýoly we onuň ýanaşyk ýerleri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin gelim-gidimli ýere öwrüldi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jana şypaly arassa dag howasy, tebigatyň gözel görnüşi adamyň ruhuny göterýär. Saglyk ýolunyň ugrunda we töwereginde oturdylan köpsanly baglar tebigatyň gözelligini artdyryp, dag eteginiň ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz köpçüliklýein bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek hakynda belli bir maksada gönükdirilen aladanyň zerurdygyny aýdyp, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýermegiň ynsan üçin zerurlyk bolmalydygyny nygtady. Çünki milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanyň beden taýdan taplanmagy bilen bir hatarda, onuň tutuş durkunyň syrdam bolmagyny şertlendirýär.

Häzirki döwürde gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda welosiped ýaryşy we tigirli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Giň gerime eýe bolýan bu işjeň herekete milli Liderimiziň hut özi uly itergi berdi. Şeýlelikde, köp adamlar ekologiýa taýdan arassa bolan welosipedde durmuşyň şatlygyny duýup, saglygyny berkidýärler.

Döwlet Baştutanymyz we ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary sport meýdançasyna geldiler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, obalarda we şäherlerde döwrebap sport toplumlary, stadionlar guruldy hem-de olaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, sport ulgamyna degişli ähli desgalarda köpçüliekleýin ýaryşlary guramak, sporta ýaşlaryň yzygiderli çekilmegini üpjün etmek hem-de döwrebap stadionlarda dürli derejedäki bäsleşikleri guramak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkrar edilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň barşynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli we hemmataraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Munuň özi Aziýa-da – 2017-niň ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän döwürde has-da möhümdir, hut şonuň üçin hem Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň işjeň häsiýete eýe bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary toparlara bölünip, futbol boýunça özara bäsleşdiler. Olaryň sporta bolan gyzyklanmalary, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygy ýaýbaňlandyrylan ýaryşyň has-da çekeleşikli bolmagyny şertlendirdi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dürli derejedäki sport ýaryşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň durmuşynyň ileri tutulýan möhüm ugurlaryna öwrülmelidir. Munuň özi halkymyzyň sagdynlygy we bagtyýarlygy esasynda ynsan saglygy ýaly möhüm gymmatlygy gorap saklamak meseleleriniň ykdysady wezipeler bilen bir hatarda çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Bularyň özeninde bolsa halkyň abadançylygy, adamlaryň saglygy baradaky aladanyň durýandygy aýdyň hakykatdyr. Milli Liderimiziň hut şol aladalary netijesinde bolsa, eziz Watanymyz Türkmenistan bu gün bütin dünýäde ruhubelentliligiň, sagdynlygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Munuň özi türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, Türkmenistanyň abadançylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz meýdançanyň ýodasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen welosipedli gezelenç eden mahalynda hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de sportuň utgaşykly ösdürilmeginiň oňyn netijesiniň boljakdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, milletiň sagdynlygy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň sport bilen meşgullanmaklary möhüm wezipedir diýip bellemek bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Berk bedenli, belent ruhly ýaşlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz munuň gündelik durmuşyň asylly ýörelgesine öwrülmelidigini nygtady.

Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde guralan bu çäräni jemlemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň hökümet agzalaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi bilen baglanyşykly işe örän jrogapkärçilikli we hemmataraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.