Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 1009
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahaty bolup, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşyrylýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglylykda işlenip taýarlanan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň taslamalarynyň birnäçesine degişli meseleler goşuldy.

Milli parlamentiň deputatlaryň öňünde kesgitlän esasy wezipelerine laýyklykda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işlderi geçirýändigi bellenildi. Ähli kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerini we halkara hukugyna degişli kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly işlenip düzülýär. Deputatlar Mejlisiň şu maslahatynda garamak üçin hödürlenen täze kanunçylyk namalarynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, bularyň ählisiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-de beýgeldilmegine ýardam berilmegine gönükdirilendigini bellediler.

Maslahatyň gün tertibine goşulan esasy meseleleriň biri hökmünde “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Parlamentariler şu Kanunyň taslamasynyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna laýyklykda işlenip düzülendigini hem-de demir ýol ulagyna degişli ulgam boýunça işiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny we ösüşini hem-de onuň hereket etmegi bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýändigini bellediler.

Şeýle hem şu Kanunyň taslamasynyň ýurdumyzda ykdysadyýetiň we ilatyň ulag arkaly edilýän hyzmatlar boýunça zerurlyklaryny dolulygyna kanagatlandyrmaga ukyply bolan ulag-kommunikasion toplumyň çalt we batly depgin bilen ösdürilmegine gönükdirilip amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalarda ileri tutulýan ugurlara we esasy wezipelere laýyk gelýändigi bellenildi. Galyberse-de, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, esasy ýollaryň, baglanyşdyryjy gatnawlaryň we uzelleriň ugry boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmek ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna ggşulýar.

Şeýle hem maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny döretmegiň hukuk we ykdysady esaslaryny, onuň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini bellemek we döwlet tarapyndan berilýän kömegi kesgitlemek üçin niýetlenen “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakyndaky” Kanunyň taslamasyna garaldy.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda ýurdumyzda hususy eýeçiligi ösdürmek, hususy haryt öndürijilere we hyzmatlary berjaý edýän ulgama goldaw bermek, zerur bolan halatynda olara maliýe taýdan kömek etmek, ýer böleklerini uzak möhletleýin ulanmak üçin bölüp bermek bilen bagly işlere döwlet tarapyndan içgin üns berilýändigi barada aýdylandygy bellenildi. Geljekde ýurdumyzda eksporty ugur edinýän önümçilikleri ösdürmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri halkara bazarlarynda eksport etmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, bu Kanunyň tasmasynyň işlenip taýýarlanylmagy eýeçilik boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirýän hem-de haryt öndürijilere we hyzmatlary berjaý edýän ulgama goldaw berilmegine gönükdirilen kanunçylygy yzygiderli seljermek we kämilleşdirmek baradaky işleri dowam etdirmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Kanunyň taslamasy goşuldy. Ony ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda deputatlar halkymyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, baý milli mirasyň artdyrylmagyny kanunçylyk arkaly üpjün etmegiň möhümdigini bellediler.

Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň häzirki döwürde jemgyýetiň talaplaryna laýyk gelmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagy üçin halkymyzyň örän uly we özboluşly ruhy mümkinçiliklerini özünde jemlemelidigi bellenildi. Hut şoňa görä-de, milli Liderimiz tarapyndan şu ulgam boýunça kesgitlenen belent maksatlar türkmen jemgyýetiniň ruhubelentligine ýardam berýän gündelik medeni-köpçülikleýin işlerden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işleriň metodologiýasynyň döredilmegine, milletiň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna, çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine, türkmen ýaşlarynyň döredijilik babatdaky işjeňliginiň höweslendirilmegine, milli mirasyň öwrenilmegine çenli wajyp wezipeleriň giň toplumyny özünde jemleýär.

Maslahatyň barşynda, “Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakyndaky”, “Ekstremizme garşy hereket etmek hakyndaky” Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem parlamentariler “Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen adynyň Düzgünnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda” , “Türkmenistanyň “Ruhubelent” ordeniniň Statutyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda”, “Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Tokaý kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda, şeýle hem Geňeşleriň ýedinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garamak maslahatyň gün tertibiniň möhüm ähmiýetli meseleleriniň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň edinji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan oňlanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm ähmiýetli hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýola bilen ata Watanymyzy batly depgin bilen gadam urmagy boýunça öňde goýan uly giň gerimli wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.